HALK BÄHBITLI TÄZE DESGALAR

Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda eziz Diýarymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 185 döwletiň goldamagynda baky Bitarap ýurt diýlip yglan edilmegi bilen bilelikde «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilenine hem 25 ýyl doldy. Taryh üçin o diýen uly möhlet bolmasa-da, 25 ýylyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, halkymyzyň saglygyny goramak we berkitmek, adamyň saglygyna ýaramaz täsirini ýetirýän zyýanly endiklerden saplanmak ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde raýatlarymyzyň saglygyny berkitmäge, kesellerini anyklamaga we bejermäge niýetlenen döwrebap hassahanalar, anyklaýyş merkezleri hem-de şypahanalar yzygiderli gurlup, halkymyzyň hyzmatyna hödürlenilýär. Halkyň saglygyny ähli zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan beýik işleri üçin bagtyýar raýatlarymyz milli Liderimize tüýs ýürekden alkyş aýdýar.

Ýaňy-ýakynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylyp ulanylmaga berlen «Bagabat» şypahanasy ýurdumyzyň raýatlary üçin ajaýyp sowgat boldy. «Bagabat» şypahanasy Aşgabadyň eteginde, Änew şäherinden 16 kilometr uzaklykda ýerleşýän ajaýyp Bagabat jülgesinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan guruldy. Ýokary halkara ölçeglerine kybap gelýän döwrebap toplum birbada 200 adamy kabul etmäge ukyplydyr. Şypahananyň düzümine balnoterapiýa, palçyk bilen bejeriş, anyklaýyş-maslahat beriş, fizioterapiýa bölümleri, şeýle hem SPA bölümi girýär. Şypahananyň esasy ugry dem alyş ýollarynyň, nerw, endokrin, iýmit siňdiriş, deri keselleriniň öňüni almak bolup durýar.

Bu ýerde berhizli tagamlary taýýarlaýan restoran, kitaphana, internet-zal, maslahatlar zaly we fitobar, gezelenç etmäge niýetlenen ýodalar, futbol, basketbol, tennis, bilýard bilen meşgullanmak üçin sport meýdançalary, çagalar sport meýdançasy we çaýhana bar. Milli Liderimiz täze şypahana sowgat hökmünde awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Täze bejeriş-öňüni alyş merkezi bilen bir hatarda şypahana alyp barýan ýoluň hem-de onuň ugrunda gurlan «Saglyk» binasynyň açylmagy halkymyzyň saglygyny goramak we berkitmek üçin şertleriň döredilmegini üpjün edýän döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Magtymguly» daýhan birleşiginde bina edilen, saglygy goraýyş işgärleri üçin niýetlenen döwrebap 4 gatly ýaşaýyş jaýynyň açylmagy täze gurlan binalaryň üstüni ýetirip, ol etrabyň häkimliginiň buýurmasy boýunça «Beýik bina» (potratçy) hem-de «Joşgun bina» (kömekçi potratçy) hususy kärhanalary tarapyndan guruldy.

Şypahanada raýatlarymyzyň medeniýetli dynç almaklary üçin hem ähli amatlyklar döredilen. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserinde ýerleşdirilen öz sähralarymyzda bitýän derde derman otlardan taýýarlanylýan melhemlik içgiler hem bu ýere dynç almaga gelýänlere hödürlener. Bulardan başga-da birnäçe dynç alyş we bejeriş otaglary bolan bu şypahana halkymyzyň iň köp gelýän künjegine öwrüler diýsek öte geçdigimiz bolmaz. Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işlerine guwanmak, gurduryp berýän halk bähbitli, döwlet ähmiýetli binalarynda özümiz üçin döredilen ajaýyp şertlerden we mümkinçiliklerden peýdalanyp zähmet çekmek, dynç almak biziň her birimiz üçin bahasyna ýetip bolmajak bagtdyr.

Halkyň saglygyny döwletiň baş baýlygyna deňeýän, biziň bagtyýar durmuşymyzy üpjün etmek ugrunda uly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Serdar Annaýew TDP-niň Tejen şäher komitetiniň başlygy

“Galkynyş” gazeti

11.11.2020 ý

 

tags: