HALK BÄHBITLI ÖZGERIŞLER

 «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň dabaralary halkymyzyň taryhynda ebedilik orun aljak şanly wakalar bilen utgaşýar. Ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegi hem-de kanun çykaryjy häkimiýet edarasynyň iki palatasynyň birinji bilelikdäki mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň başlyklygyna biragyzdan saýlanmagy bütin halkymyzyň ruhuny belende göterip, täze üstünliklere besledi.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça giň gerimli özgertmeler amala aşyrylyp, uly üstünlikler gazanylýar. Bu gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan dünýäde çalt depginler bilen ösýän döwletleriň hatarynda orun aldy. Eziz Watanymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny arşa göterýän hem-de jemgyýetimizi beýik maksatlaryň ýolunda birleşdirýän giň gerimli işleriň sanasaň sogaby kän.

Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasada ýugrulan başlangyçlary esasynda döwletimizi dolandyrmagy kämilleşdirmek ugrunda hem beýik işler amal edilýär. Pederlerimiziň asylly däp-dessurlaryna, jemgyýetimiziň milli demokratik ýörelgelerine we gadymy halk häkimiýetlilik däplerine esaslanyp, ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň jemgyýeti dolandyrmaga has işjeň gatnaşmaklary üçin ähli şertler döredilýär. 14-nji aprelde gözel paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlarynyň hem-de halkymyzyň gyzgyn goldawynyň netijesinde döredilip, halk häkimiýetliliginiň dabaralanmasyna öwrülen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň bilelikdäki birinji mejlisiniň geçirilmegi ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda möhüm waka boldy. Bu mejlisde Halk Maslahatynyň komitetleri döredilip, olaryň öňünde durýan anyk wezipeler kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiziň iki palataly kanun çykaryjy edaranyň Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmäge, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga hyzmat etjekdigine belent ynam bildirmegi ýurdumyzyň kanun çykaryjy häkimiýet edarasynyň ähli wekilleriniň we bütin halkymyzyň kalbyna buýsanç çaýdy.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary we Mejlisiň deputatlary hormatly Prezidentimiziň taryhy mejlisde eden çykyşynyň, öňde goýan wezipeleriniň many-mazmunyny giň halk köpçüligine düşündirmek hem-de olary durmuşa geçirmek boýunça zerur işleri alyp barýarlar.

Ýakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň welaýatymyzdaky deputatlarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň welaýat guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda «Iki palataly parlament ulgamy — döwlet esaslaryny pugtalandyrmagyň güwäsi» diýen at bilen maslahat geçirildi. Şeýle maslahatlar welaýatyň ähli şäherlerinde we etraplarynda ýaýbaňlandyrylýar. Maslahatlara gatnaşanlar ýurdumyzda milli demokratiýany ösdürmekde, bagtyýar raýatlarymyzyň jemgyýetçilik işjeňligini ýokarlandyrmakda alyp barýan bimöçber işleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýdýarlar.

Biz, Mejlisiň deputatlary Halk Maslahatynyň agzalary bilen agzybirlikde işläp, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimizi sazlaşykly ösdürmek, halkymyzyň eşretli durmuşyny üpjün etmek ugrunda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelere mynasyp goşant goşmak üçin gujur-gaýratymyzy we ukybymyzy, tejribämizi gaýgyrmajakdygymyza ynandyrýarys.

Kakageldi Gurbanow, TDP-niň Mary welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty

“Watan” gazeti

22.04.2021 ý

 

tags: