HALK BÄHBITLI ÖZGERTMELER

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Medeniýet merkezinde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bolup geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy kararlarynyň ähmiýetine we ýurdumyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň mazmunyna bagyşlanan wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Saparmyrat Türkmenbaşy etrap häkimliginiň, etrap kazyýetiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ilkinji partiýa guramalarynyň başlyklary, bilim işgärleri, dürli edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar.

Duşuşykda çykyş edenler «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda dowam edýän 2020-nji ýylyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan möhüm syýasy waka bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň çuň mazmunly çykyşy, ýurdumyzyň täze taryhy eýýamda gazanan üstünlikleri, ýeten sepgitleri, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak üçin amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli işler, jemgyýetimizi gurşap alan demokratik özgertmeler we olaryň ähmiýeti barada belläp geçdiler.

Allambergen BERDIŞUKUROW

TDP-niň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap komitetiniň bölüm müdiri

“Galkynyş” gazeti

04.11.2020

tags: