HALK WEKILÇILIGINIŇ DÖWREBAP ULGAMY

Konstitusiýa halkyň aýdyň maksatlaryny, olara ýetmegiň ýollaryny we hukuk serişdelerini kesgitleýän, ynsanperwer hereketleri hukuk taýdan esaslandyrýan esasy kanundyr. Şu nukdaýnazardan, konstitusiýanyň kämilleşdirilmegi milli Liderimiziň öňdengörüjiliginiň, parasatly döwlet syýasatynyň miwesidir, ýurdumyzda geçirilýän özgertmeleriň hukuk binýadynyň pugtalanmagydyr. Bu möhüm iş milli mirasymyza esaslanýan döwlet we hukuk ulgamyny ösdürmekde, raýat jemgyýetini berkarar etmekde, türkmenistanyň hukuk döwleti hökmünde halkara ýörelgelerine, umumy ykrar edilen halkara kadalara yzygiderli eýerýändigini tassyklaýar

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça Konstitusion toparyň öňňin, 19-njy awgustda geçirilen mejlisinde eden çykyşynda: «Ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň işini döwrebap ýagdaýa getirmek Milli Parlamente türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklaryna wekilçilik etmäge, döwrüň möhüm meselelerini çözmäge, kanunlary işläp taýýarlamakda we durmuşa geçirmekde işleriň ýagdaýyny düýpli gowulandyrmaga ýardam eder. Saýlawçylaryň deputatlar bilen has ysnyşykly gatnaşyklaryny, şeýle hem kanunlaryň we milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine netijeli gözegçiligi ýola goýmak üçin gowy şertleri döreder, Parlamentiň kanun çykaryjylyk işini hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berer» diýip nygtady.

Milli Liderimiziň Esasy Kanunymyzy kämilleşdirmek boýunça öňe süren başlangyjy halk köpçüliginde giň goldaw we seslenme tapdy. Alym Arkadagymyzyň tabşyryklaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda hem Konstitusiýadaky döwlet gurluşynyň kanun çykaryjy häkimiýeti baradaky kadalary kämilleşdirmek nukdaýnazaryndan, dünýäniň dürli döwletleriniň konstitusiýalarynyň düzgünlerini ylmy taýdan öwrenmek we seljermek işleri geçirildi.

Agzybir halkymyzyň işjeň gatnaşmagynda ara alnyp maslahatlaşylyp, taýýarlanan «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanunyň taslamasynyň makullanyp, Halk Maslahatynyň garamagyna hödürlenmegi örän uly taryhy waka boldy. Esasy Kanunymyza giriziljek üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň örän döwrebapdygyny, demokratik ýörelgelere ýugrulandygyny hukukçy bilermenler hem doly tassyklaýar. Ony halkymyz hem goldaýar. Ähli halkyň ara alyp maslahatlaşmagynyň barşynda girizilen teklipler nazara alnyp, Esasy Kanuna 3 maddany goşmak, 27 maddanyň mazmunyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hem-de 1 maddany aýyrmak taslamada meýilleşdirilýär. Ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda Konstitusion kanunyň taslamasynyň mazmunyny has-da kämilleşdirmek hakynda teklipler we bellikler gelip gowuşdy. Olar taslamany gowulandyrmaga ýardam etdi. Şeýlelikde, döwletliligi we hukugy kämilleşdirmek boýunça milli Liderimiziň öňe süren başlangyçlaryny durmuşa geçirmek işleri oňyn netijeleri berýär. Konstitusiýanyň kadalarynyň umumy ykrar edilen halkara kadalar bilen sazlaşýandygyny deňeşdirme-hukuk seljermeleri hem doly tassyklaýar.

Esasy Kanunyň gönezliginde ynsanperwerligiň, adama hormatyň we söýginiň bardygyny buýsanç bilen bellemek bolar. Garaşsyzlygyň we Konstitusiýanyň arabaglanyşygyndan ugur alsaň, türkmen halkynyň öz milli gymmatlyklaryna, döwlet Baştutanymyza bolan hormat-sarpasynyň esaslaryna göz ýetirmek bolýar. Çünki milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, Türkmenistanyň we onuň halkynyň mertebesi dünýä derejesine göterildi. «Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» diýip, halkyny ösüşlere alyp barýan alym Arkadagymyz ähli babatda kanunyň ileri tutulmagynyň, düzgün-tertipliligiň döwleti berkarar etmegiň esasynda durýandygyny aýratyn belleýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň 19-njy awgustda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Esasy Kanunymyza girizilmegi teklip edilýän üýtgetmelere we goşmaçalara laýyklykda, ýurdumyzyň Parlamenti giň borçlary we ygtyýarlyklary bolan umumymilli wekilçilikli edara öwrüler. Bu bolsa döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşyny demokratiýalaşdyrmakda möhüm ähmiýetli işler hökmünde taryha girer. Munuň özi Türkmenistanda demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň esaslaryny kämilleşdirmegiň ýolunda has uly üstünlikleri gazanmaga saldamly goşant bolup durýar.

Iki palataly parlament ulgamyna geçilmegi türkmen jemgyýetiniň ähli düzüm birlikleriniň bähbitlerine wekilçilik etmäge, ýagny demokratiýanyň döwrebap kämilleşmegine gönükdirilen. Munuň özi kanun çykaryjylyk işinde täzeçil, döwrebap çemeleşmeleri ornaşdyrmaga mümkinçilik döreder.

Şonuň bilen birlikde, bu özgertmeler kanun çykaryjylyk ulgamynyň ösüşini alamatlandyrar, Milli Geňeşiň palatalarynyň kanun çykaryjylyk işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga döwrebap şertleri döreder. Hukuk ulanyş tejribesinde bolsa, Parlamentiň kanunlaryň durmuşa geçirilişine gözegçilik wezipelerini amala aşyrmagyny has-da pugtalandyrar.

Täze syýasy-hukuk instituty hökmünde Konstitusiýanyň 3-nji babynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň (Parlament) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradygy, onuň iki palatadan — Halk Maslahatyndan we Mejlisden ybaratdygy hakyndaky kadalaryň beýan edilmeginiň döwlet bilen şahsyýetiň hyzmatdaşlygyny üpjün etmegiň mümkinçiliklerini ýokarlandyrýandygyny hem bellemek bolar.

Hormatly Prezidentimiziň kanun çykaryjylyk ulgamyny kämilleşdirmek baradaky başlangyçlarynyň örän döwrebaplygyna we demokratik ýörelgelere ýugrulandygyna dünýä döwletleriniň parlamentleriniň işiniň guralyşynyň deňeşdirme-hukuk nukdaýnazaryndan seljerilmegi, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaşaýan, dürli kärlerde zähmet çekýän raýatlardan gelip gowuşýan teklipleriň umumylaşdyrylmagy, deputatlar bilen bilelikde ilat arasynda geçirilýän pikir alyşmalar, söhbetdeşlikler doly şaýatlyk edýär.

Konstitusion kanunyň taslamasynda Milli Geňeşiň iki palatasynyň, ýagny Halk Maslahatynyň we Mejlisiň düzümi, esasy hukuklary, borçlary, ygtyýarlyklary, Halk Maslahatynyň agzalaryny we deputatlary saýlamagyň tertibi, olaryň ygtyýarlyk möhletleri bilen birlikde, kanun çykaryjylyk işiniň ýörelgeleýin düzgünleri öz beýanyny tapýar. Şonuň bilen birlikde, taslamada Halk Maslahatynyň, Mejlisiň, olaryň Prezidiumlarynyň, komitetleriniň we toparlarynyň, agzalarynyň we deputatlarynyň iş tertibiniň, olaryň wezipeleriniň we ygtyýarlyklarynyň ýörite kanunlar bilen kesgitlenýändigi hem bellenen.

Görnüşi ýaly, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň işiniň esasy ugry belent maksatlary nazarlaýar. Halkymyzyň döwlet Baştutanymyza ynamy, hormaty barha pugtalanýar. Döwletiň, jemgyýetiň we şahsyýetiň arasyndaky özara sazlaşyk we ynam bolsa, döwletliligiň aýdyň şöhlelenmesidir. Konstitusiýanyň kämilleşdirilmegi pederlerimiziň arzuwlan döwrebap zamanasyny, ata Watanymyzyň bagtyýarlyk döwrüni dabaralandyrmak bilen, döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adama, onuň bähbitlerine hyzmat etjek häkimiýetiň wekilçilikli edaralarynyň döwrebap ulgamynyň halkyň gullugynda goýulmagydyr.

Ýagmyr NURYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory, hukuk ylymlarynyň doktory.

“Türkmenistan” gazeti.

 

 

tags: