HALKA DAÝANYP, HALKYŇ HATYRASYNA

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň iýun aýynyň aýagynda Gökdepe metjidinde akgoýun toý sadakasyny berende: «Men Prezidentlik wezipesine girişen pursadymdan başlap, «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary yglan etdim, bu ýörelge meniň alyp barýan syýasatymda öz beýanyny tapdy» diýip aýtdy. Ol hakykatdan hem şeýle. Bu ýörelge adamy mertebelemäge, beýgeltmäge gönükdirilen. Turuwbaşdan onuň esasynda türkmen jemgyýetinde adamyň we raýatyň hukuklary yzygiderli kämilleşdirilýär we giňeldilýär. Ony biz 2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň «Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary we borçlary» diýlip atlandyrylan II bölümine on bir sany täze maddanyň girizilenliginde we Esasy Kanunymyzyň 4-nji maddasynda: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipesidir» diýip kesgitlenen kadanyň täsirliliginde görýäris. «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelge jemgyýetiň ähli gurşawlarynyň, ýagny ykdysadyýetiňem, syýasatyňam, medeniýetiňem adam ölçegine esaslanmalydygyny ündeýär.

Hormatly Prezidentimiziň öňe süren ýene bir ýörelgesi halka daýanyp, halkyň hatyrasyna iş alyp barmak bilen bagly. Milli Liderimiz bu ýörelgäniň düýp manysyny: «Men döwrüň nähili wezipeleri öňe çykarýanlygyna garamazdan, olary milleti birleşdirýän ideýasyz, halkyň tagallalaryny, gujur-gaýratyny herekete getirmän, oňa mahsus bolan döredijilik mümkinçiliklerini, döretmek ukyplaryny dikeltmän çözüp bolmajakdygyna oňat düşündim» diýip, açyp görkezýär. Şu maksat bilen, ylym-bilimi ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler bilen bir hatarda, ýurdumyzda täze iş ýerlerini döretmek, halkyň telekeçilik ukybyny giňden açmak bilen baglanyşykly işler işjeňleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 3-nji iýulynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bu meselelere ünsi çekip, ykdysadyýetiň hususy pudagyny döwlet tarapyndan goldamak, kiçi we orta telekeçilige maliýe hem-de maddy-tehniki kömegi bermek boýunça anyk çäreleri geçirmegiň wajypdygyny belledi.

Türkmenistanyň ykdysadyýetinde bazar gatnaşyklaryna geçmek ilata berk sosial goragy üpjün etmek şertinde alnyp barylýar. Bu ýerde esasy wezipeleriň biri ýurdumyzda ýaşaýyş-durmuş maksatly, garyşyk görnüşli ösen bazar ykdysadyýetini döretmekden ybaratdyr. Ýurduň durmuş ykdysady ösüşini kesgitleýän bu iş dünýäniň ösen ýurtlarynyň tejribesini öwrenmek esasynda amal edilýär. Durmuşa gönükdirilen bazar ykdysadyýetiniň manysy döwletiň raýatlarynyň mynasyp we howpsuz ýaşaýşynyň kepili bolup, durnuklylygy we ähli ýagdaýlaryň hukuga laýyklygyny üpjün etmek maksatlarynda jemlenýär.

Hakykatdan hem, dünýä ykdysadyýetiniň örän durnuksyz ýagdaýynda biziň ýurdumyzda şu ýylyň alty aýynyň jemleri boýunça jemi içerki önümiň möçberi 5,9 göterim artdy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim ýokarlandy. Adamlaryň amatly hyzmatlara eýe bolup ýaşamagy üçin niýetlenen täze şäherler we şäher görnüşli obalar gurulýar. Hormatly Prezidentimiz mejlisde bu işleri geljekde has işjeň dowam etmelidigini belläp, ýokarda görkezilen çäreler bilen bir hatarda, ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynda her etrapda we şäherde mätäçlik çekýän adamlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga serişdeleri hökman göz öňünde tutmaly diýip tabşyrdy. Bu bolsa döwlet Baştutanynyň sosial goraglylyk syýasatynyň ýokary ynsanperwerlik ölçegi bilen amal edilýändigini görkezýär. Şu hili aladalaryň netijesinde halk özüni adamzadyň aýrylmaz bölegi hökmünde duýýar.

Türkmen Lideriniň dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmak bilen bagly örän uly täsirlilige eýe ýörelgeleriniň içinde milli we umumadamzat bähbitlerini sazlamak ýörelgesi biziň döwrümiziň aýratynlygyny täzeçe açmak bilen baglanyşykly. Hormatly Prezidentimiz adamzada howp salyp biläýjek zatlary aradan aýyrmak üçin kähalatlarda ýüzlenilýän «milli bähbitler ähli zatdan ileri» diýen ýörelgä ünsi çekip, ol «...adamzat ösüşiniň häzirki tapgyrynda ynsanperwerlik ýörelgeleri we kadalary bilen bir ýere sygmaýar» diýip belleýär. Bu pikiri dowam edip, milli Liderimiz: «Elbetde, islendik döwlet işgäri, ilki bilen, öz halkynyň abadan durmuşda ýaşamagy barada alada etmelidir. Ýöne şunuň bilen bilelikde, ol öz halkynyň bütin adamzat bilen bitewüligine düşünmelidir. Şoňa görä-de, milli bähbitler bütin dünýäde, şol meseleleriň çözülişi bilen utgaşykda, dünýä bileleşiginiň isleglerine laýyklykda we barabarlykda garalmalydyr» diýen netije çykarýar. Bu netije türkmen döwletiniň adamzadyň öňünde duran gaýragoýulmasyz meseleleri çözmekde görkezýän işjeňliginiň paýhas esasyny düzýär.

Türkmen Lideriniň bu ýörelgesi halkymyzyň durmuş tejribesinden gözbaş alyp, adamzadyň öňünde duran gaýragoýulmasyz meseleleri çözmäge gönükdirilen. Ony ýokarky ýörelgäniň özboluşly ýüze çykmasy bolan, hormatly Prezidentimiziň «Ösüş arkaly parahatçylyk» syýasaty arkaly Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak ugrunda edýän ýadawsyz tagallalarynyň mysalynda görýäris. Bu gün bu ugur boýunça Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisi bilen bir hatarda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ýokary woltly elektrik geçirijisiniň gurluşygy hem alnyp barylýar we adamzadyň geljekki parahatçylykly ýaşaýşyna gönükdirilýär.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy sebitde we dünýäde syýasatyň häzirki zaman ýörelgelerini we usullaryny ulanmaga we oňa giňden eýermäge uly mümkinçilikleri döredýändigini aýdyň görkezýär. Dünýä we sebit derejesindäki meseleleri türkmen döwleti Birleşen Milletler Guramasy, onuň edaralary, şol sanda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi, beýleki halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk esasynda amala aşyrýar. Sebitdäki ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de ýüze çykan ähli meseleleri parahatçylykly we ylalaşykly çözmek boýunça örän ähmiýetli tejribe toplandy. Şol tejribäniň esasynda gazanylan üstünlikler türkmen Lideriniň öňdengörüjilikli we oýlanyşykly daşary syýasatynyň netijesidir.

Geçen ýyllarda öňüni alyş diplomatiýasynyň türkmen nusgasy kemala geldi. Hormatly Prezidentimiz bu nusganyň aýratynlygyny: «Taryhy tejribäniň düýpli medeni we aň-düşünje gorlarynyň we häzirki zaman garaýyşlarynyň öňüni alyş diplomatiýasynyň türkmen nusgasynda jemlenmegi Türkmenistanyň içerki ösüşinde-de, dünýä giňişliginde -de üstünlik gazanmagyna ýardam berýär» diýip häsiýetlendirýär. Bu bolsa halkymyzyň asyl häsiýetlerini we parahatçylygy hyzmatdaşlyk esasynda saklap bolýandygyna ynamynyň täzeden dikelýändigini görkezýär.

2020-nji ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň başlygynyň orunbasarlygyna biragyzdan saýlandy. Munuň özi milli Liderimiziň bu abraýly guramanyň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlarynyň doly goldawa eýe bolýandygynyň ýene bir subutnamasydyr. Bu hem milli Liderimiziň milli we umumadamzat bähbitlerini sazlaşdyrmak ýörelgesiniň adamzadyň özüni bitewülik hökmünde duýmagyna paýhas esasy bolýandygyny görkezýär. Halkara parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmaga gönükdirilen ýörelgeleriň häzirki çylşyrymly dünýäde halklaryň we bütin adamzadyň ynanjyna öwrüljekdigine ynam döredýär. 2019-njy ýylyň sentýabr aýynyň başynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek barada Kararnama kabul etmegi hem bu ynamy has berkidýär. Bu ynam Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň dünýäde parahatçylygy we durnukly ösüşi ykrarlamak mümkinçiliklerine ynam bilen bagly. Şunuň bilen baglanyşykly şu ýylyň ahyrynda, ýagny 12-nji dekabrda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly ýokary derejeli maslahat hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýädäki at-abraýyny has hem ýokarlandyrar, halkymyzyň we adamzadyň geljekki ösüşine we parahatçylykly ýaşaýşyna etjek täsiriniň artmagyna täze esaslary kemala getirer.

Nurýagdy SUWHANOW,

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory.

TDP-niň işjeň agzasy.

"Türkmenistan" gazeti.

 

 

tags: