Halkyň bagtyýarlygy ugrunda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň beýleki sebitleri bilen bir hatarda Ahal welaýaty hem ösýär, özgerýär. Döwlet we milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde welaýatyň obalary, şäherleri döwrebap keşbe girýär, nusgalyk obalar we şäherçeler peýda bolýar. Häzirki zaman iri önümçilik kärhanalary ulanylmaga berilýär. Halk hojalygynyň ähli ugurlarynda guwandyryjy üstünliklere ýetilýär.

Soňky ýyllaryň içinde ýurdumyzyň bu sebitinde gurlan täze, döwrebap ilatly nokatlarynyň arasynda Gökdepe etrabynyň Aba Annaýew obasyny, şol etrabyň Täze eýýam obasyny, Ak bugdaý etrabynyň Bereketli zaman we Berkarar şäherçelerini buýsanç bilen agzamak bolar. Agzalan obalardyr şäherçelerde bu gün bagtyýar ildeşlerimiz eşretli döwrüň hözirini görüp ýaşaýarlar, zähmet çekýärler, bilim alýarlar. Raýatlaryň ýokary amatly şertlerde ýaşamagyna itergi berjek, durmuş ugra gönükdirilen özgertmeleriň netijesinde häzirki wagtda welaýatyň çäginde döwrebap obalaryň dördüsiniň gurluşygy alnyp barylýar. Gökdepe etrabynyň Owadandepe, Köpetdag geňeşlikleriniň, Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşlikleriniň çäginde gurulýan täze obalar bir gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýüzlerçesini, bilim-terbiýeçilik ojaklarynyň binalaryny, saglyk merkezlerini we beýleki desgalary öz içine alýar.

Gökdepe etrabynyň çäginde bolsa, welaýatyň taryhyndaky iň iri taslamalaryň biri bolan täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygy depginli alnyp barylýar. Belent ýaşaýyş jaýlarynyň, edara, durmuş-medeni maksatly binalaryň ýüzlerçesini öz içine alýan bu taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, bagtyýar ildeşlerimiziň müňlerçesi döwrebap ýaşaýyş jaýlarynda ýaşamaga mümkinçilik alar.

Häzirki wagtda welaýatyň çägindäki häzirki zaman iri önümçilik kärhanalarynda alnyp barylýan önümçilik işleri milli ykdysadyýetimiziň depginli ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň çägindäki «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň, tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän zawodlar toplumynyň, «Türkmendemirönümleri», Gazbeton öndürýän kärhanalarynyň, mermer we granit daşlary işlenilýän kärhanasynyň, «Ahal» ösümlik ýag zawodynyň we beýleki senagat kärhanalarynyň işi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Welaýatda ýeňil senagata degişli döwrebap kärhanalaryň birnäçesi hereket edip, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply eksport ugurly dokma önümleriniň dürli görnüşlerini öndürýär. Şol kärhanalaryň üsti Kaka we Babadaýhan dokma toplumlary bilen ýetirilmegi ýurdumyzyň dokma önümçiligi babatdaky eksport mümkinçiligi artdy. Bu ýerli çig maldan taýýarlanýan şol dokma önümleri içerki we daşarky bazarlarda uly islege, meşhurlyga eýedir.

Hormatly Prezidentimiziň goldaw-hemaýatlaryndan, kömekdir ýardamlaryndan ruhlanan welaýatyň pagtaçydyr gallaçy daýhanlary, gök ekerançylary, maldarlary, ýüpekçileri hem päk zähmetiň nusgasyny görkezmek bilen, berkarar Watanymyzyň ösüşlerine saldamly goşant goşýarlar. Kärendeçi daýhanlar häzirki günlerde meýdan işlerine, şol sanda güýzlük däne ekilen meýdanlarda orum işlerine girişdiler. Gowaça ekişi geçirilen gektarlarda hatarara bejergi, iýmitlendirmek işlerine, gök we bakja ekinleriniň ýetişdirilişine jogapkärli çemeleşýärler. Ýeri gelende, şu ýyl welaýatyň oba zähmetkeşleri 135 müň gektarda gowaça ekişini geçirip, şol ýerden 280 müň tonna «ak altyny» ýetişdirmegi, gallaçy daýhanlar 195 müň gektar ýerden 400 müň tonna guşgursak ak bugdaýy almagy maksat edinýändiklerini bellemek gerek. Bu sahawatly topragyň ekerançylary bolsa, häzirki günlerde 17500 gektarda ýazlyk ekinleriň, şol sanda ýeralmanyň, soganyň, käşiriň, kelemiň, pomidoryň, hyýaryň we bakja önümleriniň bol hasylyny ýetişdirdiler.

Ýerleri 99 ýyl möhlet bilen ulanmaga alan we daýhan hojalygyny döreden tejribeli daýhanlar şol ýerleriň 70 göteriminde döwlet tabşyrygyna degişli gowaçadyr bugdaýy, galan 30 göteriminde bolsa, beýleki oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler.

Gazanylýan üstünlikleriň, ýetilýän sepgitleriň gözbaşynda hormatly Prezidentimiziň tagallalary durandyr. Bu hakykata oňat düşünýän welaýatyň agzybir, zähmetsöýer ilaty döwlet Baştutanymyzyň daşyna mäkäm jebisleşmek bilen, iş gadamlaryny barha batlandyrýarlar.

Resul Işangulyýew, TDP-niň Ahal welaýat komitetiniň başlygy

“Watan” gazeti

07.06.2022 ý

 

tags: