Halkyň islegi — döwletiň islegi

Ýurdumyzda bilim ulgamyny döwrebap ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Döwletimiziň ösüşlerine mynasyp goşant goşjak ýaş nesliň kemala gelmegi üçin hormatly Prezidentimiz yzygiderli tagallalary edýär. Döwlet Baştutanymyz geçirýän her bir Hökümet mejlisinde ylmyň we bilimiň öňe gitmegimiziň we üstünliklerimiziň esasy sütünidigi barada aýdyp, degişli ýolbaşçylara tabşyryklar berýär. Gahryman Arkadagymyz şol tabşyryklardan ugur alyp, ýaşlar syýasaty boýunça milli kanunçylygy kämilleşdirmek ugrunda uly işleri durmuşa geçirýär. Ýaşlaryň kämil ylym-bilim almagy we giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmyň we tehnikanyň täze gazananlary we sanly ulgam döwlet durmuşynyň ähli ugurlaryna ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň ýurdumyzyň welaýatlaryna iş saparlaryny amala aşyrmagy netijesinde mugallymlaryň, talyplaryň hem-de dürli pudaklardaky ýaş hünärmenleriň teklipleri öwrenilýär.

Şu ýylyň 14-nji iýunynda Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzdaky Maslahatlar merkezinde ýaşlaryň gatnaşmagynda döwlet ýaşlar syýasatynyň milli kanunçylygynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine bagyşlanan maslahaty geçirdi. Gahryman Arkadagymyz maslahatda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny kämilleşdirmek hakyndaky taryhy başlangyjyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň iň möhüm wakalarynyň biri boljagyny aýtdy. Duşuşykda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýaşlaryň daşary ýurt dillerini kämil öwrenmekleriniň zerurdygy barada aýratyn bellenilip geçildi. Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesilleriň durmuş goraglylygyny üpjün etmek we olary hünäre ugrukdyrmak işlerini has-da kämilleşdirmek bilen baglanyşykly edilen teklipler ähli türkmen halkynyň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza bolan buýsanç duýgusyny goşalandyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 7-nji maddasynyň 6-njy bendinden soň, 7-nji bendi döredip, oňa ýaşlaryň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, ösen tehnologiýalardan baş çykarmaklaryny, olara halkara ölçeglere laýyk gelýän goldaw bermegiň döwlet guralyny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ýaşlar syýasaty babatdaky ygtyýarlyklaryny Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ygtyýarlyklaryna geçirmek teklip edildi. Mundan başga-da, bu Kanunyň 5-nji maddasynyň 16-njy bendinden soň 17-nji bendi goşmak, ýagny ata Watanymyza beýik söýgini terbiýeleýän bilim berijilik häsiýetli wagyz-nesihat işleriniň gerimini giňeltmek, 23-nji maddasynyň 2-nji böleginden soň 3-nji bölegi goşmak, ýagny ekologik taslamalary durmuşa geçirmäge we taryhy ýadygärlikleriň durkuny täzelemäge ýaşlaryň gatnaşmagyny goldamak, içerki syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek arkaly ýaşlarda taryhy we medeni mirasa, daşky gurşawy goramaga bolan gyzyklanmany höweslendirmek, 7-nji tesiminiň 3-nji bendinden soň 4-nji bendi goşmagy, onda ýaşlaryň arasynda telekeçiligi ösdürmegiň guralyny işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly başlangyçlar teklip edildi. Şunda telekeçiler tarapyndan döredilen kärhanalarda işleýän işgärleriň 75 göterimi ýaşlar bolsa, olary «ýaşlar kärhanasy» diýip atlandyrmak we kärhanany döwlet tarapyndan goldamak boýunça ýeňillikleriň girizilmegi barada hem teklip beýan edildi.

«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek baradaky çözgütleri wagyz-nesihat etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň we Mejlisiniň deputatlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň, ýaşlaryň, şol sanda ýaşuly nesliň hem-de zähmetkeş ilatyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň dürli ýerlerinde maslahatlar geçirildi. Şol maslahatlarda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty boýunça wezipeleri durmuşa geçirmek babatda alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmek boýunça ýaşlaryň pikirleri, arzuw-islegleri we teklipleri diňlenildi. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň «Halkyň islegi — döwletiň islegi» diýen parasatly setirleriniň iş ýüzünde amala aşyrylýandygyny ýene bir gezek tassyklaýar.

Diýarymyzda durmuşa geçirilýän beýik işler geljekde ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösjekdigine, halkara derejesindäki at-abraýynyň has-da belende galjakdygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Bize şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys!

Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Merdan Dosmedow, TDP-niň Lebap welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty

“Watan” gazeti

12.07.2022 ý

 

tags: