HALKYŇ SAGLYGY — ÝURDUŇ BAÝLYGY

Häzirki döwürde howanyň düzüminde tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy, şeýle-de howanyň sowamagy bilen baglanyşykly döräp biläýjek keselleriň öňüni almak maksady bilen, welaýatymyzyň çägindäki edara-kärhanalaryň zähmet toparlarynyň, obadyr şäherçe geňeşlikleriniň ýaşaýjylarynyň arasynda wagyz-nesihat işleri giň gerimde geçirilýär. Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň we saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilýän bu işleriň netijeliligi gazanylýar.

AK BUGDAÝ. «Akbugdaýagyzsuw» önümçilik dolanyşygynda «Il saglygy — ýurt baýlygy» ady bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirilip, oňa ady agzalan önümçilik dolanyşygynyň işçi-hünärmenleri gatnaşdy. Etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen maslahatda çykyşlara giň orun berildi.

Maslahatda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň başlygy Röwşen Gulowyň, welaýat Polisiýa müdirliginiň wekili Maksat Çaryýewiň çykyşlary has-da täsirli boldy. Olar çykyşlarynda ýurdumyzda raýatlaryň saglygy we bagtyýarlygy ugrunda durmuşa geçirilýän işler hakda söz açyp, howanyň düzüminde tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy, şeýle-de howanyň sowamagy bilen baglanyşykly döräp biläýjek keselleriň öňüni almak maksady bilen, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň berýän maslahatlaryna eýermegiň ähmiýetine ünsi çekdiler. Şonuň bilen baglanyşykly, çykyş edenler agyz-burun örtüklerini ulanmagyň, 2 metr howpsuz araçägi saklamagyň, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmegiň möhümdigini bellediler.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň hem-de etrap hassahanasynyň bilelikde guramagynda etrabyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminde, etrabyň elektrik ulgamynda, etrabyň ykdysadyýet we maliýe bölüminde geçirilen wagyz-nesihat maslahatlary işjeňlige eýe boldy. Maslahatlarda edilen çykyşlarda jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berk ornaşdyrmagyň, arassaçylygyň talaplaryny berjaý etmegiň, arassa howada gezim etmegiň, öýlerde we iş ýerlerinde üzärlik ösümligini tütetmegiň peýdasy barada aýratyn durlup geçildi.

Çemen Könäýewa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň partiýa guramaçysy

“Ahal durmuşy” gazeti

18.12.2020 ý

 

tags: