HARMANLAR BARHA BEÝGELÝÄR

Ýurdumyzyň Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň pagtaçy babadaýhanlarynyň tagallasy bilen, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda pagtanyň bereketli hasyly ýetişdirildi. Etrabyň toprak-howa şertlerine laýyklykda, şu ýyl gowaçanyň «Ýolöten-7», «Jeýhun» görnüşleriniň ekilmegi hasylyň bol bolmagyna getirdi.

Etrabymyzda ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnamak işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp beren kuwwatly kombaýnlaryna ezberlik bilen erk edýän etrabyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatorlary tarapyndan «ak altynyň» her günde ýüzlerçe tonnasy ýygylýar. Bereketli hasyly ýygnamakda «Günhan», «Daghan», «Garaşsyzlyk» daýhan birleşikleri has-da öňe saýlanýar. Ýygylan pagta hasyly Oguzhan pagta arassalaýjy kärhanasynyň awtoulaglarydyr traktorlary bilen harmanhanalara bökdençsiz daşalýar.

Etrabyň medeniýet işgärleri we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri tarapyndan ýygymçylardyr sürüjileriň armasy ýetirilip, höweslendiriji baýraklar gowşurylýar.

Nurmyrat Akmyradow, TDP-niň Oguzhan etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.

“Watan” gazeti

06.11.2021 ý

 

 

tags: