HEMIŞELIK BITARAPLYGYŇ ÜSTÜNLIKLERI

Bilşimiz ýaly, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde wise-başlyklyga saýlandy. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde ileri tutýan çagyryşlarynda hem: «Syýasy-hukuk derejesi hökmünde Bitaraplygyň mümkinçilikleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin halkara hukuk esaslaryny giňeltmek maksady bilen, Türkmenistan tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde hem de berkitmekde Bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy. BMG-ä agza ýurtlaryň ählisini Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň barşynda hödürlenilýän Kararnamanyň taslamasyny işjeň we netijeli ara alyp maslahatlaşmaga çagyrýarys» diýlip bellenilýär.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan goldamagynda ilkinji gezek kabul edilen Kararnamasy bilen ykrar edilenine şu ýyl ýigrimi bäş ýyl dolýar. Şol döwürden bäri geçen wagt ýurdumyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmekde gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler, döwletimiziň eýe bolan halkara abraýy saýlanyp alnan ýoluň dogrudygyny aýdyň görkezdi.

2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde agza döwletleriň 193-siniň goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Rezolýusiýasynyň ikinji gezek kabul edilmegi döwletimi ziň durmuşynda täze döwri alamatlandyrdy. Biz bu Rezolýusiýanyň kabul edilmegini hormatly Prezidentimiziň soňky ýyllarda halkara derejesinde öňe süren möhüm başlangyçlary hem de ýurdumyzyň dünýäde abraý mertebesiniň ýokarlanmagy bilen baglanyşdyrýarys. Şeýle hem Türkmenistanyň Merkezi Aziýada we Hazar deňziniň sebitinde ykdysady, durmuş, medeni we ekologik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy, halkara giňişliginde ýurdumyzyň milli döwlet bähbitlerini goramagy, halkara derejesinde energiýa serişdeleriniň üstaşyr geçirilmegini deňhukuklylyk, adalatlylyk ýörelgelerinden ugur alyp amala aşyrmagy, sebit we yklym derejesinde halkara ulag geçirijileriniň döredilmegini goldamagy, Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň ulgamyny döretmekde halkara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegi, ekologiýa baradaky ählumumy meseleleriň çözülmegine gönükdirilen başlangyçlar bilen çykyş etmegi bilen şertlendirilendigi bellärliklidir.

Bitaraplyk taglymaty ýurtda amatly maýa goýum syýasatyny amala aşyrmaga, dünýäniň ähli ýurtlary bilen açyk, ikitaraplaýyn bähbitli we hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmäge şert döredýär. Şeýlelikde, häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň ençeme döwletleri bilen söwda ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Türkmenistan bitaraplyk syýasatyny yglan edende, bu hukuk derejesinden gelip çykýan borçlaryna elmydama wepaly boljakdygyny, BMG-niň XXI asyrda dünýäni abadanlaşdyrmak boýunça hoşniýetli wezipeleriň çözülmegine we ýerine ýetirilmegine gatnaşmaga taýýardygyny beýan edipdi. Bu gün biz döwletimiziň syýasy, ykdysady, ynsanperwerlik babatlarda öz üstüne alan şol halkara borçlaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirip gelýändigini ynamly aýdyp bileris.

Döwletimiz parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny, parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerini häzirki zamanyň wajyp meselelerini milletler bileleşigi bilen bilelikde çözmäge ugrukdyrýan ýurt hökmünde tanalýar. Häzir Türkmenistan öz göreldesi hem de hemişelik Bitaraplyk syýasaty bilen bütin Ýer ýüzüniň adamlarynyň ylalaşykly we parahatçylykly ýaşaşmagyna hem de hyzmatdaşlyk etmegine saldamly goşant goşýan ýurda öwrüldi. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy bilen parahatçylygy diňe bir öz ýurdunda däl, eýsem, tutuş zeminde pugtalandyrmaga çalyşýar.

XX asyryň ahyrynda we XXI asyryň başynda Türkmenistanyň sebitde we dünýäde parahatçylygy gorap saklamak, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak, jedelli meseleleri gepleşikler arkaly çözmekde dünýäniň syýasy giňişliginde esasy orny eýeländigini dünýä giňden ykrar edýär. Türkmenistanyň amatly geosyýasy zolakda ýerleşmegi, onuň hemişelik Bitaraplyk syýasaty halklary ýakynlaşdyrýan, sebit dawalaryny we gapma-garşylyklaryny kadalaşdyrmaga kömek edýän özboluşly köpri boldy.

Türkmen döwletiniň daşary syýasat işiniň baş ýörelgesi Esasy Kanunymyzyň 9-njy maddasynda-da Türkmenistan dünýä bileleşiginiň doly hukukly subýekti bolup, daşary syýasatda hemişelik Bitaraplyk, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, güýç ulanmakdan we harby bileleşiklere hem birleşmelere gatnaşmakdan ýüz döndermek, sebitiň ýurtlary we dünýäniň ähli döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine ýardam etmek ýörelgelerine eýerýär diýlip takyk beýan edilendir.

Şu günki günde harby bileleşiklere goşulmazlyk baradaky meseläniň konstitusion derejede kepillendirilmegi döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy maksatlarynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Hemişelik Bitaraplygyň ýörelgeleriniň yzygiderli durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny amala aşyrmak we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny hem-de ýörelgelerini berjaý etmek babatynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen kanunçylyk namalarynda aýdyň beýanyny tapýar.

Hormatly Prezidentimiz BMG-niň işini özgertmegiň, halkara parahatçylygynyň we howpsuzlygynyň kepili hökmünde onuň ornuny ýokarlandyrmagyň zerurlygy barada ençeme gymmatly başlangyçlary öňe sürdi. Dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylan şol başlangyçlaryň birnäçesiniň hormatly Prezidentimiz tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden beýan edilendigini belläp geçmek has da ýakymlydyr.

Häzir ykdysady özgertmeleri başdan geçirýän Türkmenistan özara peýdalylyk esasynda ähli gyzyklanýan taraplar bilen halkara hyzmatdaşlygyny barha giňeltmäge çalyşýar. Muňa daşary ýurtly köp sanly ýangyç energetika kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge bildirýän uly gyzyklanmalary şaýatlyk edýär.

Hemişelik Bitarap döwletimiziň hukuk ýagdaýy bize halkara giňişliginde syýasy babatda-da, ykdysady babatdada hyzmatdaşlygy barha giňeltmäge mümkinçilik berýär. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen ýörelgelere eýermek bilen, ýurdumyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Açyk gapylar» syýasatyny giňden alyp barýar. Bu syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmek üçin zerur hukuk binýady döredilendir. Ol daşary ýurt maýadarlaryna hemde kompaniýalaryna birnäçe ýeňillikleri göz öňünde tutýan daşary ýurt maýa goýumlary hakyndaky, erkin telekeçiligiň ykdysady zolaklary hakyndaky, bähbitleriň goragyny kepillendirýän kanunlary, şeýle hem Türkmenistanyň raýatlary bilen bir hatarda daşary ýurtlaryň raýatlaryna giň hukuklary we azatlyklary berýän, ähli halkara hukuk ölçeglerine laýyk gelýän, Türkmenistanda daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýy hakyndaky kanuny we beýleki kanunlary öz içine alýar. Häzirki wagtda hereket edýän döwrebaplaşdyrylan kanunçylyk namalar daşary ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk de ösdürmäge, türkmen döwletiniň dünýä üçin has açyk bolmagyna, bitaraplyk syýasatynyň öňküden-de has dabaralanmagyna hyzmat edýär.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk toýy uly dabara bilen bellenilip geçil ýär. Muňa şu ýylyň 14-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahaty we ol ýerde milli Liderimiziň halkara durmuşyň işjeň agzasy hökmünde Türkmenistanyň dünýä derejesinde durnukly ösüşiň we abadançylygyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşmakda alyp barýan we geljekde hem bu ugurda alnyp baryljak işler boýunça eden taryhy çykyşy, onuň halkara guramalary tarapyndan uly goldaw tapmagy ýene bir ýola Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlarynyň halkara derejesinde dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen görkezdi.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy hem beýleki syýasy partiýalar, iri jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde amala aşyrylýan sebit we dünýä ähmiýetli beýik işleri, döwletimizde bolup geçýän ösüşleri we özgerişleri halk köpçüliginiň arasynda wagyz etmekde netijeli işleri alyp barýarlar.

Pena AŞYROW,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň guramaçylyk we syýasy işleri bölüminiň müdiri.