Hil nyşanly önümler

Bilşimiz ýaly, innowasiýalar, ylym we tehnologiýalar babatda alymlaryň, oýlap tapyjylaryň täze açyşlary sosial we önümçilik, medeniýet ulgamlarynda sazlaşykly ösüşe ymtylýan her bir döwlet üçin ilkinji derejeli wajyp ugur bolmagynda galýar. Ylmy-tehniki üstünlikler jemgyýetçilik ösüşiniň derwaýys gumanitar wezipelerini çözmegiň hem, sarp edijilik bazaryny ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyply harytlary bilen doldurmagyň hem ýokary netijeli guraly hökmünde öňe çykýar. Mukaddes topragymyzyň esasy ýerasty baýlyklarynyň biri bolan «gara altyny» gaýtadan işleýjileriň bu gazanan üstünliklerinde şu toplumda halal zähmet çekýän Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işjeň agzalarynyň hem mynasyp goşantlarynyň bardygy bolsa, biziň üçin has-da buýsançlydyr.

Döwletimiziň bu gün häzirki zaman dünýäsiniň iri energetik ýurtlarynyň hatarynda durýandygy jedelsiz hakykatdyr. Nebit-gaz pudagy milli ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy ulgamlarynyň biri bolmak bilen, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini üpjün etmekde kesgitleýji orny eýeleýär. Bu binýatlyk toplumyň düzümine girýän Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy Türkmenistanyň senagatynyň kerwenbaşysy hökmünde tanalýar. Ägirt uly mümkinçiliklere we baý önümçilik däplerine eýe bolan bu häzirki zaman kärhanasynyň paýyna tutuş ýurtda öndürilýän önümiň dörtden birine barabar möçberi degişlidir. Toplumda mukaddes ýurt Garaşsyzlygy ýyllarynda gurlup, işe girizilen dürli maksatly önümçilik desgalarynyň tutuş merkezi Aziýada deňi-taýy ýokdur. Häzirki wagtda zawodlar toplumy etillendirilmedik awtomobil ýangyçlaryny, awiasiýa we tehniki kerosinleri, reaktiw we dizel ýangyjyny, mazudy, çalgy ýaglaryny, polipropileni, peç ýangyjyny, nebit koksuny, suwuklandyrylan gazy, dürli maksatly bitumlary... dünýä hil ülňüleriniň talaplaryna laýyk öndürmegiň abraý bilen hötdesinden gelýär. Bu nebit-himiýa önümleri ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerinde esasy orny eýeleýär. Kärhanada öndürilýän önümler Garaşsyzlyk ýyllarynda «Altyn globus» halkara baýragyna, «Astekleriň ýyldyzyna», «Hil üçin halkara altyn ýyldyzyna», «Täze müňýyllygyň baýragy» atly iň oňat söwda markasy baýraga, Söwda liderleriniň halkara klubynyň «Tehnologiýa we hil üçin täze müňýyllygyň baýragy» atly hormatly diploma, «Hil üçin halkara baýragyna», «Hil üçin altyn ýyldyza», «Hil üçin täze müňýyllygyň baýragyna» ýaly ençeme abraýly derejelere we ykrarnamalara eýe boldy.

Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda daşary ýurtlardan getirilýän ýokary hilli önümleriň ornuny tutýan, ekologiýa babatdan arassa, sarp ediş bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygy bilen uly isleg bildirilýän önümleri öndürmek boýunça döwlet derejesinde öňde goýlan belent wezipelerden ugur alnyp, zawodlar toplumynda bitirilýän işler ýylsaýyn nusgalyk derejelere göterilýär.

Muňa «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda «Euro-6» standartlaryň talaplaryny kanagatlandyrýan, dünýäniň ösen ýurtlarynda öndürilip, döwrebap ulaglarda ulanylýan, ekologiýa taýdan has arassalygy we tygşytlylygy bilen tapawutlanýan täze «A-98» kysymly awtoulag benziniň önümçiliginiň üstünlikli ýola goýulmagy-da doly güwä geçýär.

Benziniň bu täze görnüşini öndürmekde zawodlar toplumynyň inžener-tehniki işgärleri Ýewropanyň EN 228 «Içinden ot alýan hereketlendiriji üçin ýangyç. Etillendirilmedik benzin. Tehniki talaplar we synag usullary» standartynyň «Euro-6», hem-de «Motor ýangyjy. Etillendirilmedik benzin. Tehniki şertler» ГОСТ 32513-2013 döwletara standartynyň K5 ekologiki klaslarynyň we «Euro-6»-nyň talaplaryny esas edindiler. Netijede, täze etillendirilmedik awtoulag benzini üçin 1 müň 400 tonnadan hem gowrak aýratynlykda ýörite taýýarlanylan çig maldan 14 tonna 360 kilogram «A-98» kysymly benziniň senagat tapgyry taýýarlanyldy. Ol ýokarda görkezilen döwletara standartynyň talaplaryna laýyklykda pasportlaşdyryldy we sertifikatlaşdyryldy. Awtoulag benzininiň bu täze kysymyny öndürmek kärhanada ýörite meýilleşdirilen çäreleriň takyk amala aşyrylmagy netijesinde mümkin bolupdyr. Täze önümiň hil görkezijilerini Ýewropa standartlarynyň degişli ekologiki talaplaryna getirmek üçin Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň awtoulag benzinleriň komponentlerini öndürýän desgalarynyň iş düzgünleri üýtgedilip, olar berk gözegçilikde saklanýar. Täze «A-98» kysymly awtoulag benzininiň senagat tapgyryny taýýarlamaga toplumyň inžener-tehniki işgärleri işjeň gatnaşýarlar. Olaryň arasynda zawodlar toplumynyň baş tehnology Ýazgylyç Nazarow, tehniki gözegçilik gullugynyň inženeri Akmyrat Goçakbaýew, analitik işleriniň laboratoriýasynyň başlygy Gyzylgül Mämmedowa, önümçilik bölüminiň başlygy Gapurjan Abduseýidow, merkezi laboratoriýasynyň başlygy Akja Amanowa, gözegçilik laboratoriýasynyň başlygy Şemşat Nazarowa dagynyň TDP-niň Balkan welaýat komitetiniň bu kärhanadaky ilkinji guramasynyň işjeň agzalarydygy bolsa biziň üçin has-da buýsançlydyr. Ýeri gelende aýtsak, tutuş toplumda dürli kärde zähmet çekýän üç müňdenem gowrak nebiti gaýtadan işleýjileriň 560-sy Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzalarydyr.

Täze öndürilen önümiň kabul edilen degişli talaplara laýyklygyny kesgitlemek üçin toplumda bar bolan enjamlarda degişli barlaglar amala aşyrylyp, onuň esasy görkezijileriniň kabul edilen döwletara standartynyň talaplaryna gabat gelýändigi hem doly anyklanypdyr.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda gazanylan bu ajaýyp üstünlik nebiti gaýtadan işleýjileriň buýsançly başlaryny arşa ýetirdi. Iň esasy zat bolsa, bu üstünligiň toplumda öňden bar bolan desgalarda türkmen hünärmenleri tarapyndan gazanylandygydyr. Ýokarda-da aýdyşymyz ýaly, bu öňdebaryjy toplumda awtoulag benzininiň täze kysymyny işläp taýýarlamakda TDP-niň Balkan welaýat komitetiniň bu kärhanadaky ilkinji guramasynyň işjeň agzalarynyň tutanýerlilik görkezendikleri bizi has-da guwandyrýar. Olar diňe bir hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasatyny ilat arasynda wagyz etmek bilen çäklenmän, eýsem, halal zähmet çekmegiňem asylly nusgasyny görkezmegi başarýar. Olaryň her biri halal zähmet çekip, dünýä bazarlarynda ählitaraplaýyn bäsdeşlige ukyply önümleri taýýarlamaga ähli mümkinçilikleri döredýän döwlet Baştutanymyza alkyş aýdýar. Eziz Diýarymyz Türkmenistany «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen senaly şygar bilen täze belentliklere ynamly alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman, beýik işleri baky rowaç bolsun!

Bibiaýşa Saparowa, TDP-niň Balkan welaýat komitetiniň başlygy

“Watan” gazeti

26.07.2022 ý

 

 

tags: