HOŞNIÝETLI GOŇŞUÇYLYGYŇ MIZEMEZ DÄPLERI

Türkmen döwleti üçünji müňýyllygyň bosagasynda dünýäde emele gelen üýtgeşik taryhy şertlerde adamzadyň öňünde duran global meseleleriň döwrebap çözgüdini tapmak ugrunda halkara jemgyýetçiligiň alyp barýan işlerine mynasyp goşant goşýar. Bu babatda milli Liderimiziň halkara meseleleri diňe syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmegiň maksadalaýykdygy baradaky başlangyjy turuwbaşdan öňe sürüp gelýändigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şonuň bilen birlikde-de, hormatly Prezidentimiz «Dünýä derejesinde oýlanmaly we ýerlerde iş etmeli» diýen pähimden ugur almak bilen, täze taryhy döwrüň özboluşly aýratynlyklaryny nazarda tutýan iňňän oýlanyşykly syýasaty durmuşa geçirmäge çalyşýar. Munuň özi goňşy Owganystan Yslam Respublikasy bilen ýola goýlan hoşniýetli gatnaşyklarda has aýdyň ýüze çykýar.

Döwlet Baştutany wezipesine girişen ilkinji günlerinden başlap, hormatly Prezidentimiz bütin adamzady biynjalyk edýän owgan meselesini çözmegiň döwrüň talap edýän täzeçe çözgüdini tapmaga aýratyn ähmiýet berip gelýär. Ynsanperwerlige eýlenen döwlet syýasatynda bu derwaýys meseläni syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmäge, Owganystanyň ykdysadyýetini dikeltmäge, halkynyň ýaşaýyş-durmuşyny kadaly ýagdaýa getirmäge gönükdirilen tutumly işlere badalga berildi. Hormatly Prezidentimiziň döwlet Baştutany wezipesine girişen badyna Owganystana ugradylýan energiýa serişdeleri bilen baglanyşykly bu ýurduň 4 million amerikan dollaryna golaý bergisini geçmegi, 2007-nji ýylyň tomsunda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň biziň ýurdumyza amala aşyran resmi saparynyň barşynda gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, 300 müň amerikan dollary möçberindäki serişdäni sowgat bermegi, 2007-2008-nji ýylyň gazaply gyşynda uly möçberde ýangyç serişdelerini, iýmit önümlerini, geýimleri, okuwçylar üçin okuw esbaplaryny ynsanperwer kömek hökmünde bermegi, soňra şunuň ýaly kömegi ençeme gezek gaýtalamagy, Serhetabat etrabynyň golaýynda Owganystanyň ýerlerinde ýerleşýän 7 kilometrlik demir ýoluň biziň döwletimiziň hasabyna durkunyň täzelenmeginiň gysga wagtda üpjün edilmegi munuň anyk subutnamasydyr.

Owganystan bilen bu ynsanperwerlik gatnaşyklary yzygiderli dowam etdirilýär. Owganystanyň demirgazyk welaýatlarynyň birinde 400 orunlyk häzirki zaman mekdebiň, saglyk öýüniň, 2016-njy ýylyň iýun aýynda Turgundy şäherinde 20 orunlyk bäbekhananyň gurlup, ulanmaga berilmegi, bu ýurda elektrik energiýasynyň, suwuklandyrylan gazyň arzan bahadan iberilmeginiň ýola goýulmagy, elektrik energiýasynyň Owganystana berilýän möçberleriniň yzygiderli artdyrylyp gelinmegi we beýleki işler biziň döwletimiziň ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda ýöredip gelen hoşniýetli goňşuçylyk däpleriniň XXI asyryň üýtgeşik taryhy şertlerinde dowam etdirilýändiginiň aýdyň şöhlelenmesidir. Pederlerimiziň kemala getiren milli mirasyna belent sarpa goýmak hormatly Prezidentimiziň uzaklary nazarlaýan syýasatynyň iň esasy ýörelgeleriniň biridir. Şonuň üçin-de, 2019-njy ýylyň 28-nji iýunynda Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan sintetik benzin we ýangyç serişdeleriniň beýleki birnäçe görnüşlerini öndürýän toplumyň açylan gününde onuň ilkinji önüminden toý-paý hökmünde Owganystan Yslam Respublikasyna ugradylmagy biziň berkarar döwletimizde goňşy bilen ysnyşykly gatnaşyklary pugta berjaý etmäge aýratyn uly ähmiýet berilýändigini ýene-de bir gezek tassyklady.

Şol bir wagtda, Owganystandaky ýagdaýlary kadalaşdyrmak babatda alnyp barylýan tutumly işlerde oňa ýardam etjek iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi aýratyn orun eýelär. Şol iri taslamalaryň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, şonuň bilen ugurdaşlykda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň taslamalaryny durmuşa geçirmek babatda alnyp barylýan işler, 2016-njy ýylyň 28-nji noýabrynda iki ýurduň Prezidentleriniň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda ulanmaga berlen Aziýa halkara ulag geçelgesiniň ilkinji halkasy bolan 88 kilometrlik Kerki — Ymamnazar — Akina demir ýolunyň, 2017-nji ýylyň noýabrynda ýurdumyzyň paýtagtynda gol çekilen bäştaraplaýyn Ylalaşyga laýyklykda döredilen «Lapis Lazuli» geçelgesi diýlip atlandyrylýan Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe

ulag geçelgesiniň möhüm halkasy bolan Serhetabat — Turgundy demir ýolunyň 2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda ulanmaga berilmeginiň, geçen ýylyň dekabrynda şol ulag geçelgesiniň işläp başlamagynyň, şeýle-de gazanylan ylalaşyga laýyklykda, Owganystana biziň ýurdumyzyň amatly bahadan berýän elektrik energiýasynyň möçberlerini 2028-nji ýyla çenli ençeme esse artdyrmak maksady bilen, bu ýurduň içinden birnäçe elektrik geçirijileriniň çekilmeginiň ägirt uly ähmiýeti bar. Bu tutumly işleri durmuşa geçirmek ugrunda irginsiz alada edilýändigini geçen ýylyň 25-nji iýulynda Owganystanyň Farýap welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina menzilinde ýurdumyzyň wekiliýetiniň gatnaşmagynda bolan dabara ýene-de bir gezek dünýä jar etdi.

Ýokarda belleýşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda 2016-njy ýylyň 28-nji noýabrynda ulanmaga berlen Aziýanyň halkara ulag geçelgesiniň birinji halkasy bolup durýan Kerki — Ymamnazar — Akina demir ýoly açylmazdan ozal, Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň arasynda daşalýan ýükleriň ählisi Serhetabat — Turgundy we Kelif — Termez — Mazari — Şarif demir ýol geçelgeleri arkaly amala aşyrylýardy. Kerki — Ymamnazar — Akina demir ýolunyň ulanmaga berilmegi iki ýurduň arasynda ýük gatnatmak mümkinçiligini has giňeltdi. Şol demir ýoluň açylan güni Ymamnazarda ýyllyk kuwwaty 540 müň tonna nebit we beýleki ýangyç serişdelerini saklamaga, guýmaga we ugratmaga mümkinçiligi bolan, häzirki zaman innowasion enjamlary bilen enjamlaşdyrylan gümrük terminalynyň ulanmaga berilmegi Ymamnazar gümrük geçelgesiniň üsti bilen geçýän ýükleriň möçberiniň iki essä golaý artmagyna mümkinçilik berdi. Bu babatda şu ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň arasynda geçirilen wideomaslahat görnüşinde üçtaraplaýyn duşuşykda hormatly Prezidentimiziň türkmen-owgan serhedindäki «Ymamnazar» gözegçilik-geçiriş ýerinde benzini we dizel ýangyjyny saklamak üçin täze toplum gurlandygyny, bu toplumyň Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan gatnaw ugry boýunça türkmen ulag üpjünçilik ulgamlarynyň ýene-de bir möhüm düzüm bölegi bolup durýandygyny, bu toplumdaky terminallarda bir gije-gündizde 44 müň tonna möçberde nebit önümlerini saklamak mümkinçiliginiň bardygyny, şeýlelikde, toplumyň üstünden nebit önümlerini geçirmegiň ýyllyk kuwwatynyň 540 müň tonna barabardygyny, şonuň bilen birlikde, biziň döwletimiziň Owganystan bilen döwlet serhedindäki «Serhetabat» geçiriş ýerinde hem harytlary we önümleri üstaşyr geçirmek üçin oňat mümkinçilikleriň bardygyny nygtamagy Türkmenistanyň täzeden dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda möhüm logistik merkez hökmünde öz mümkinçiliklerini goňşy döwletler bilen ysnyşykly gatnaşyklary ösdürmegiň hyzmatynda goýmaga taýýardygynyň aňladylmasydyr.

Häzirki döwürde iki döwlet Owganystanyň üstünden geçýän demir ýollaryň gurluşygyny dowam etmek boýunça işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Türkmenistanyň ynsanperwerlik we parahatçylyk söýüjilik syýasaty netijesinde, Owganystanyň çägindäki demir ýoluň gurluşygy türkmen tarapynyň öz serişdeleriniň hasabyna alnyp barylýar. Şunda biziň işgärlerimiziň, maddy serişdelerimiziň, şol sanda ulaglarymyzyň, gurluşyk serişdelerimiziň we beýlekileriň netijeli ulanylýandygy uly ähmiýete eýedir.

Döwrebap tehnikalardyr enjamlar arkaly işiň sowatly hem-de sazlaşykly ýola goýulmagy gurluşygyň depginini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Umuman, türkmen hünärmenleri diňe bir polat ýollary gurmak bilen çäklenmän, eýsem, ugurdaş düzümiň desgalaryny hem abadanlaşdyrýar. Geljekde bu demir ýol şahasyny Täjigistan bilen araçäge çenli uzaltmak, soňra Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletlerine çykmak meýilleşdirilýär. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, netijeli türkmen-owgan hyzmatdaşlygy netijesinde, goňşy ýurduň Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlar boýunça Merkezi Aziýanyň çäginden geçýän halkara ulag geçelgeleriniň möhüm bölegine öwrülmegi üçin ajaýyp mümkinçilik emele gelýär.

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen döredilýän şu we beýleki ýollar hem-de gaýtadan dikeldilýän Beýik Ýüpek ýoly Türkmenistanyň hem-de tutuş sebitiň ulag-üstaşyr kuwwatyny has-da artdyryp, netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam eder.

Akinada bolan dabaralar wagtynda Lebap welaýatynyň Ymamnazar menzilinden goňşy ýurda tarap Akina — Andhoý demir ýol şahasyny gurmak üçin zerur bolan döwrebap tehnikalar we gurluşyk serişdeleri ýüklenen wagonlar ugrady. Şunuň bilen birlikde, 2019-njy ýylyň 24-nji iýulynda halkymyzyň gadymdan gelýän goňşuçylyk gatnaşyklaryndan we ynsanperwer däp-dessurlaryndan ugur alnyp, Owganystan Yslam Respublikasyna kömek bermek maksady bilen, Aşgabatdan goňşy ýurda nobatdaky ynsanperwer ýüküň uly tapgyry ýüklenen ýörite awtoulag kerweniniň ugradylmagynyň, onuň owgan gardaşlarymyz tarapyndan uly şatlyk bilen kabul edilmeginiň ähmiýeti uly boldy.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, Owganystana şunuň ýaly ynsanperwer kömekleriň yzygiderli ugradylmagynyň iki halkyň arasyndaky irki döwürlerden bäri dowam edip gelýän dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan buýana-da pugtalandyrmakda ähmiýetiniň uludygy aýratyn bellärliklidir. Bu babatda häzirki wagtda dünýäde giňden ýaýran koronawirus ýokanjyna garşy alnyp barylýan çäreleriň çäklerinde bu ýurda ýardam bermek maksady bilen, şu ýylyň ýazynda lukmançylyk enjamlaryndan, serişdelerinden ybarat ynsanperwer ýükli awtoulag kerweniniň ugradylandygy ýadymyzdadyr. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň ýakynda, 4-nji awgustda gol çeken Buýrugyna laýyklykda, halkymyzyň hoşniýetli goňşuçylyk däp-dessurlaryny berjaý etmek, döwletimiziň Owganystana ykdysady, durmuş we ynsanperwer goldawyny bermek baradaky halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Owganystan Yslam Respublikasyna ynsanperwer kömek hökmünde polimeraz zynjyrynyň reaksiýasy (Real-time PCR) üçin lukmançylyk enjamlarynyň toplumlaryny muzdsuz bermegiň, Daşary işler ministrligine bolsa şol lukmançylyk enjamlarynyň bu ýurda gowşurylmagyny ýokary derejede ýola goýmagyň tabşyrylmagy hem bu ugurda edilýän ähli işlere iňňän jogapkärli çemeleşilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Çünki durmuşyň ähli derejelerinde, ýagny maşgaladan başlap, döwlet derejesine çenli hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary biziň ata-baba ýol-ýörelgämiz bolup gelýär. Şol gatnaşyklary berk berjaý etmek biziň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň esasy ýörelgeleriniň biridir. Ine, şol ýörelgäni üstünlikli berjaý etmek bilenem hormatly Prezidentimiz biziň berkarar döwletimiziň, mähriban halkymyzyň sebitdäki, dünýädäki abraý-mertebesini barha belent derejelere çykarýar.

Atajan BURUNOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň kafedra müdiri, professor. TDP-niň işjeň agzasy.

«Türkmenistan» gazeti.

 

tags: