HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞTUTANLYGYNDA

At-abraýy dünýä dolan Arkadag Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kalbymyzda hemişelik orun alan berkarar Watanymyzyň täze eýýamda mundan beýläk-de gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatyny berkitmäge, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen düýpli özgertmeleri, parahatçylyk we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasaty, döretmek we gurmak başlangyçlary rowaçlyklara we üstünliklere beslenip, ähli watandaşlarymyzy çäksiz buýsandyrýar.

Merdana halkymyz «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylyny uly zähmet üstünlikleri bilen jemläp, Täze ýyla — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyna ýokary ruhubelentlik bilen gadam basdy. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzalary hem Täze ýyl toýuny uly ruhubelentlik, çäksiz şatlyk dabara, egsilmez ýürek joşguny bilen garşyladylar. Şol dabaralar halkymyzyň Arkadag Prezidentine bolan çäksiz hormatynyň, synmaz ynamynyň, Prezidentimiz bilen halkymyzyň mizemez bitewüliginiň, agzybirliginiň, döwletimiziň berkararlygynyň aýdyň ýüze çykmasy bolup, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, partiýanyň ýerli welaýat, şäher, etrap komitetleriniň we ilkinji partiýa guramalarynyň agzybir işgärlerini hem-de işjeň agzalaryny döredijilikli zähmete we täzeden-täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy.

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň ilkinji aýlarynda, has dogrusy, fewral aýynyň 14-ine hormatly Arkadag Prezidentimiziň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezine gelip, ýurdumyzyň jemgyýetçilik syýasy guramalarynyň we medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen duşuşmagy we ol ýerde eden taryhy çykyşynda beren öwütnesihatlary, gymmatly maslahatlary, öňde goýan wezipeleri ähli partiýadaşlarymyza bütin ýylyň dowamynda döredijilikli işlemäge we işlerini täzeçe guramaga itergi berdi.

Ýeňişlerden ýeňişlere, üstünliklerden üstünliklere tarap ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzyň obalarynda, şäherçelerinde, etraplardaky şäherlerde we etrap merkezlerinde ýokary hilli ýaşaýyş jaý toplumlary bina edilýär, öňde baryjy tehnologiýaly iri senagat toplumlary döredilýär. Medeniýet, bilim, saglygy goraýyş, ylym ulgamlarynda düýpli özgertmeler üstünlikli dowam edýär, oba hojalygynda, nebitgaz pudagynda ýokary ösüş depginleri gazanylýar. Bularyň ählisi eziz Watanymyzy tanalmaz derejede özgerdýän, dünýäde syýasy taýdan durnukly, ykdysady taýdan kuwwatly ýurtlaryň birine öwürýän beýik üstünliklerimizdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde, welaýat merkezlerinde, etraplarymyzda, şäherdir obalarymyzda medeni-durmuş maksatly desgalaryň — ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň, çagalar baglarynyň, sport mekdepleriniň, seýilgähleriň, senagat kärhanalarynyň, zawod-fabrikleriň yzygiderli gurlup, ulanmaga berilmegi, mähriban Arkadagymyzyň atalyk aladasyndan, «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesinden hem-de «Bilimli nesil — kuwwatly Watan», «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen gymmatly taglymatlaryndan gelip çykýan, döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösme gine uly itergi berýän giň gerimli milli we döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň netijesidir.

Bagtyýar durmuşda ýaşaýan, döredýän, gurýan agzybir halkymyz, işjeň partiýa agzalarymyz milli Liderimiziň ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrýan, demokratik, hukuk, dünýewi döwletimizi ösüşiň täze belent derejelerine çykarýan, eziz Diýarymyzyň Ýer ýüzündäki at-abraýyny, şan-şöhratyny we ornuny has-da ýokarlandyrýan beýik başlangyçlary na, öňdengörüjilikli we oýlanyşykly syýasy paýhasyna, ynsanperwerlik ýörelgelerine guwanýarlar. Gahryman Arkadagyna ýüregi bilen buýsanýan halkymyz dünýäde iň bagtly adamlaryň ýaşaýan ýurduna öwrülen Türkmenistanda parahatçylykda we asudalykda ýaşamak, gurmak we döretmek bagtynyň miýesser edendigi üçin milli Liderimizden çäksiz hoşaldyr.

Ýene bir aýratyn bellemeli zat, ýurdumyzda raýatlaryň zähmete bolan hukuklaryny amala aşyrmak üçin, ilatyň iş bilen üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmak hem-de ýurdumyzyň önümçilik güýçlerini ösdürmek üçin giň mümkinçilikler we şertler döredildi. Häzirki döwürde partiýa agzalarymyz Watanymyzyň sebitlerini, hatda çetdäki künjeklerini öz içine alýan iri möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginiň şaýady bolmak bilen çäklenmän, eýsem, oňa işjeň gatnaşýarlar we beýik işlere öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn milli we pudaklaýyn maksatnamalar, senagat, medeni-durmuş, ulag-aragatnaşyk we beýleki maksatly köp sanly desgalaryň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi asylly başlangyçlaryň rowaç alýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen bir hatarda, milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagyny, halkymyzyň ýaşaýyş we durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny ugur edinýän birnäçe täze möhüm taslamalar durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzyň durmuş ulgamy ykdysadyýeti döwlet tarapyndan kadalaşdyrmagyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ulgamdaky ýagdaý köp babatda işçi güýçleriniň artmagyny, olaryň mukdaryny we hilini, öndüriji güýçleriň ylmy-tehniki ösüş derejesini, jemgyýetiň medeni we ruhy ösüşini kesgitleýär. Saglygy goraýyş, bilim, medeni ýet, durmuş üpjünçiligi we ilaty durmuş taýdan goramak ulgamlary, ýaşaýyş-jemagat hojalygy onuň binýatlaýyn düzümleridir. Ylaýta-da, ykdysadyýetimiziň döwlete degişli bolmadyk kärhanalarynyň iş netijeleriniň ýokarlandyrylmagy girdejileriň artmagyna oňyn täsir edýär. Şeýle hem, ilat üçin ençeme durmuş ýeňillikleriniň saklanyp galandygy guwandyryjy ýagdaýdyr. Aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň her ýylda ýokarlandyrylmagy hem, türkmen halkynyň abadançylygynyň barha gowulanýandygynyň esasy görkezijileriniň biridir.

Sarpasy belent Prezidentimiziň uzak geljegi nazarlaýan oýlanyşykly syýasaty berkarar Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösmeginiň, halkara giňişliginde barha belende galýan abraýynyň ygtybarly girewi bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda deňi taýy bolmadyk üstünlikleri we zähmet ýeňişlerini gazanýan Türkmenistany dünýäniň iň öňde barýan ýurtlarynyň hataryna goşýan giň möçberli demokratik özgertmeler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Çünki bu ösüşler häzirki döwürde berkarar döwletimiziň bilim ulgamynda da şeýle häsiýete eýedir. Diýarymyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda okuwlary häzirki zaman usullarynda geçmäge mümkinçilik berýän kompýuter, multimediýa enjamlarynyň ornaşdyrylmagy, olaryň internet ulgamyna birikdirilmegi ýaşlara bilim bermek, hünärmenleri taýýarlamak işini dünýä ölçegleriniň talaplaryna laýyk ýola goýmaga we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge giň ýol açýar. Okuw işine innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen, bilimiň hili has-da ýokarlanýar. Şonuň netijesinde bu gün ýurdumyzyň bilim ulgamy dünýäniň ösüşine işjeň goşulyşýar. Ýurdumyzda halkara ylym-bilim sergileri, ylmy maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Mekdep okuwçylary we talyp ýaşlar dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän halkara ders bäsleşiklerinde ýokary netijeleri gazanýarlar.

Milli Liderimiziň Halk Maslahatynyň mejlisinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýyny kämilleşdirmek we şunuň bilen baglylykda Esasy Kanunymyza üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek başlangyjyny öňe sürmegi ýurdumyzyň syýasy, demokratik institutlarynyň işini ösdürmek bilen birlikde, döwlet bilen jemgyýetçiligiň jebisligini pugtalandyrmakda uly ähmiýetli, taryhy ädimdir. Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Gahryman Arkadagymyz iki palataly Parlament ulgamyna geçmek we bu işi alyp barmak bilen bagly Konstitusion topary döretmek baradaky Permana gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiziň bu taryhy başlangyjynyň ähmiýetini, many mazmunyny halk köpçüligine giňişleýin düşündirmek boýunça işleri ýurdumyzyň syýasy partiýalary we jemgyýetçilik guramalary giňden ýaýbaňlandyrdylar. Geçirilýän duşuşyklar hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde öňe süren başlangyçlarynyň we Konstitusion toparynyň mejlislerinde öňde goýan wezipeleriniň halkymyzyň arasynda giň goldawa eýe bolýandygyny görkezýär.

Ýakynda hormatly Prezidentimize Ahal welaýatynda işe girizilen döwrebap senagat toplumynyň — tebigy gazdan benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawoddaky önümçiligiň innowasion häsiýetini tassyklaýan halkara güwänamalarynyň gowşurylmagy buýsandyryjy wakalaryň biri boldy. Beýleki hoş habar bolsa, türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegidir. Bularyň ählisi ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha artýandygynyň, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we umumy bähbitlere laýyk gelýän giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň netijeli amala aşyrylýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Sebit hyzmatdaşlygy meselelerinde işjeň orny eýeleýän Türkmenistan soňky ýyllarda hyzmat daş ýurtlar bilen bilelikde ýangyç energetika we ulag aragatnaşyk ulgamlarynda halkara ähmiýetli giň möçberli taslamalaryň ençemesini üstünlikli durmuşa geçirýär. Olaryň hatarynda türkmen tebigy gazynyň täze geljegi uly bazarlara uzak möhletli iberilmegini üpjün etjek Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygyny görkezmek bolar. Bu beýik gurluşyk halkymyz üçin hem uly zähmet mümkin çiliklerini açdy. Hawa, bu günki günde hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli baştutanlygynda goňşy döwletler, halklar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, nesilleri baglanyşdyrýan we jebisleşdirýän gymmatlyklarymyzy dikeltmek, belent ruhy-ahlak ýörelgelerimizi, milli däplerimizi has-da baýlaşdyrmak hemde dünýä ýaýmak boýunça alnyp barylýan ägirt uly işler halkymyzy çäksiz buýsandyrýar we egsilmejek güýç kuwwat berýär.

Goý, Täze ýylymyz — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylymyz hem halkymyz üçin rysgal-döwletli, düşümli ýyl bolsun!

Goý, Arkadag we Gahryman Prezidentimiziň jany sag, başy dik, ömri uzak, mertebesi has-da belent bolsun! Biz milli Liderimize Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döw ründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak ugrunda alyp barýan beýik işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýäris!

Ahmet NEPESOW,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygynyň orunbasary.