ŞÖHRATLY GEÇMIŞDEN ŞANLY GELJEGE TARAP

Hormatly Arkadag Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda toýlar toýa ulaşýar. Türkmen halkynyň häli-şindi gaýtalaýan iň ýagşy arzuwlary «Toýda duşuşalyň!», «Toýa ýarasyn!», «Toýdan bolsun!» ýaly hoşniýetli sözlerdir. Toý-baýramyň söhbedi adamlaryň göwnüni göterýär. Hemmelere şatlyk paýlaýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe uludan tutulýan toýlarymyzyň dabarasy dünýä ýaýraýar.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly toýuna barýan Diýarymyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň dabaralary-da giňden tutulýar. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda bellenýän bu baýramyň aýratyn çuň manysy bar. Dünýäde ululy-kiçili 200-den gowrak döwlet bolup, şolaryň 190-dan gowragy Birleşen Milletler Guramasynyň agzasydyr. Bu halkara guramasynyň Nýu-Ýorkdaky edara jaýynyň öňünde indi 27 ýyldan gowrak wagt bäri Garaşsyz Türkmenistanyň Ýaşyl Tugunyň belentde pasyrdap durmagy pederlerimiziň, şol hatarda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň hasyl bolan arzuwynyň alamatydyr.

XX asyryň ahyrynda dünýäniň geosyýasy ýagdaýynda bolup geçen taryhy özgerişden soň, garaşsyz döwletleriň döremegi bilen, döwlet gurluşynyň milli ýoly baradaky mesele has aýdyň many-mazmuna eýe boldy. Bu barada aýdylanda, Türkmenistanyň tejribesiniň döwletiň syýasy-jemgyýetçilik gurluşyny kemala getirmekde millilige esaslanmagyň oňyn taraplaryny açyp görkezendigi bellidir. Diňe jemgyýetçilik gatnaşyklarynda ýa-da durmuş ýörelgelerinde däl-de, döwletiň syýasy, hukuk binýadynda, medeni ösüşlerinde hem halkyň döwletlilik, jemgyýeti dolandyrmak baradaky tejribesiniň döwlet syýasatynyň ruhy-ahlak esasy bolup çykyş edýändigi äşgärdir.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Kanunlary, ähli syýasy-hukuk resminamalary, şeýle hem, medeniýeti we sungaty türkmen halkynyň asyrlarda kemala getiren milli ýolunyň ruhuna ýugrulandyr. Esasy üns bermeli ýagdaý bolsa, türkmen halkynyň dünýä garaýşynyň, durmuş talaplarynyň, syýasy-jemgyýetçilik düşünjeleriniň umumy ykrar edilen halkara hukugynyň kesgitlemelerine we ýörelgelerine, esasan, gabat gelýänligi bolup durýar.

Mähriban Arkadagymyzyň Türkmen döwletiniň binýatlaryny berkitmäge döredijilikli çemeleşýänligi mälimdir. Tutuş ýurdumyz döredijilikli ösdürilýär. Döwlet jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna dünýäniň ylmy-tehnologik gazananlarynyň iň täze nusgalary ornaşdyrylýar. Şäherleriň, obalaryň medeni, estetiki keşbine, adamlaryň ýaşaýşynyň ösen şertlerini üpjün etmäge gündelik üns berilýär. Arassaçylygy üpjün etmek, daş-töweregi bagy-bossanlyga öwürmek, täze obalary, şäherleri gurmak, ýaşlaryň ylmy, edebi, medeni döredijiligine ýol açmak, muzeýleriň, kitaphanalaryň, teatrlaryň halka hyzmat etmeginiň işjeňleşdirilmegi we beýleki durmuş şertleriniň adamlara elýeterliligi döwlet syýasatynyň esasynda durýan ägirt uly tagallalardyr.

Hormatly Arkadag Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli ösüş maksatnamalary bilen demokratik, konstitusion özgertmeleriň arasyndaky baglanyşyk hem döredijilikli ýol bilen öňe gitmegiň aýdyň mysalydyr. Adamlar döwlet syýasatynyň netijelerine ilki bilen öz gündelik durmuşlary, daş töwerekdäki özgerişler arkaly göz ýetirýärler. Bu bolsa jemgyýetçilik pikiriniň döremegine getirýär. Halkyň durmuşdan, ýaşaýyş şertlerinden göwnühoşlugy döwletiň alyp barýan syýasatyndan, tutýan ýolundan razylygynyň alamatydyr, Arkadag Prezidentimizi tüýs ýürekden goldaýandygynyň subutnamasydyr. Dünýäde demokratik ýörelgeleriň, syýasy hereketleriň esasy maksady hem jemgyýetde sosial adalatlylygyň dabaralanmagyny gazanmak bolup durýar.

Mähriban Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesi diňe ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady ösüşleriniň çelgisi bolman, eýsem, ruhy-aňyýet ösüşiniň maksatlaryny aňladýan esasy şygar boldy. Türkmen halky durmuşyň diňe maddy taraplaryna däl-de, medeni, ruhy, ahlak taraplaryna-da aýratyn üns beren gadymy ösen halklaryň biridir. Öz sungaty, halk döredijiligi, medeni, maddy gymmatlyklary bilen şöhratlanan hem-de milli ruhuň gaýtalanmajak özboluşly ýoluny kemala getiren milletdir. Başgalaryňka meňzemeýän milli gymmatlyklarynyň bolşy ýaly, ynsanperwer häsiýetleri bilen hem taryhda ykrar edilen milletleriň biri hökmünde beýik mertebä eýe bolan türkmen halky şanly geljegiň mizemez binýatlaryny döretmekde öz ýoly bilen öňe barýar.

Mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde hemişelik Bitarap Türkmenistan hoşniýetli goňşy, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ýakyn, alys ýurtlaryň, halkara guramalarynyň, dünýä jemgyýetçiliginiň ynamyna, ykraryna eýe boldy. Ygtybarlylyk, jogapkärçilik, hemmeleriň bähbitlerini ykrar etmek hemişelik Bitarap Türkmenistanyň hyzmatdaşlyk ýolunyň mizemezliginiň güwäsi bolup orta çykdy.

Hormatly Arkadag Prezidentimiziň halkyň medeniýetini, sungatyny ösdürmekde, beýik taryhy şahsyýetleriniň mertebesini beýgeldip, häzirki döwrüň ýaş nesillerine, halkara jemgyýetçiligine tanatmakda alyp barýan il bähbitli işleri hem döwrümiziň, ata-babalarymyzyň ruhunyň öňünde bitirilen uly hyzmatdyr. Bu babatda mähriban Arkadagymyzyň ýiti paýhasyndan, çäksiz yhlasyndan dörän ajaýyp kitaplary gymmatly hazyna bolup durýar. Ol kitaplar taryhymyzy, milli mirasymyzy öwrenmekde-de, ylmy ösdürmekde-de, edebiýatymyzy, sungatymyzy, medeniýetimizi baýlaşdyrmakda-da gymmatly gollanmadyr. Mähriban Arkadagymyz öz kitaplarynda türkmeniň ruhy hazynasyny, maddy, medeni gymmatlyklaryny öwrenmäge, umumylaşdyrmaga, täze-täze maglumatlary gözläp tapmaga aýratyn üns berýär we häzirki döwrüň nukdaýnazaryndan ol gymmatlyklaryň halkyň, jemgyýetiň ösüşindäki möhüm ornuny giňişleýin seljerýär. Halkyň döreden milli gymmatlyklarynyň ynsan ruhuna, ömür ýoluna edýän çuňňur täsirini açyp görkezýär. Türkmen halkynyň durmuşda ulanýan her bir zadyny çeperçilik hem mazmun taýdan ýokary derejä ýetirip, öçmejek sungata öwrendiginiň özide, milletimiziň düýpsüz umman ýaly çuň zehininden habar berýär.

Mähriban Arkadagymyzyň ylmy garaýyşlary esasynda halkymyz ata babalarymyzdan miras galan ruhy, taryhy, maddy gymmatlyklarymyzyň umumadamzat derejeli ähmiýetine barha çuňňur göz ýetirýär. Dogrusy, munuň özi häzirkizaman dünýä ösüşinde halk hökmünde öz ornuňy eýelemegiň esasy ýoly bolmak bilen, täze döwrüň özboluşly medeniýetini, döredijilik dünýäsini kemala getirmekde-de möhüm ähmiýete eýedir.

Hormatly Arkadag Prezidentimiziň bilim syýasaty, medeni özgertmeleri, ylmy ösdürmekdäki tagallalary jemgyýetimizde döwrebap, täzeçil garaýyşlar bilen milli mirasyň jebis utgaşygyny döretmäge mümkinçilik berdi. Ýaş nahalyň yzgarly topraga kök urşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze medeniýeti milli mirasymyzdan ruh almak bilen pajarlap ösýär. Döredijilik dünýäsiniň täze nesilleriniň aň düşünjesinde milli mirasymyzyň ägirt uly ruhy täsiri ylham çeşmesi bolup, olaryň kalbynda erkanalygyň, ruhubelentligiň, gözelligiň, päkize ahlagyň we Watana söýginiň duýgularyny joşdurýar.

Mähriban Arkadagymyzyň ylym-bilim syýasaty ösen tehnologiýalar eýýamynyň öňdebaryjy gazananlaryny ýurdumyza, durmuşymyza ornaşdyrmaga mümkinçilik berdi. Häzirki nesiller döwrebap maglumat tehnologiýalarynyň üsti bilen, dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna aralaşmagy başarýarlar. Dünýä dillerini ýokary derejede öwrenmäge mümkinçilik alan ýaşlarymyz üçin medeniýetiň taryhy-da, şu döwürdäki ösüşleri-de nätanyş däl. Emma hormatly Arkadag Prezidentimiziň medeni syýasatynyň, milli aňyýetimizi ösdürmekde durmuşa geçirýän özgertmeleriniň häzirki döwrüň ýaş nesillerinde öz sungatymyza, öz gymmatlyklarymyza söýgini has berkidendigini görýäris. Milli mirasymyzyň ýaşlaryň kalbyna, ruhuna ornaşmagy häzirki döwrüň dünýä ösüşine ynamly aralaşmagyň pugta kepili bolup durýar. Köp öwüşginli, dürli-dürli äheňli medeni ösüşleriň arasynda öz milliligiň bilen ýol tapmak, halkara jemgyýetçiligine özüňi tanatmak aňsat däldir. Şunda mähriban Arkadagymyzyň goldawy, döreden şertleri milli medeniýetimiz üçin dünýä çykmagyň giň ýoluny açyp berdi. Häzirki döwürde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna bütin dünýä el çarpýar. Bagşy-sazandalarymyz, folklor toparymyz haýsy ýurtda çykyş etseler-de, türkmen sungatynyň, medeniýetiniň ussatlyk derejesiniň ýokarydygyny görkezmegi başarýarlar.

Ýaşlaryň milli medeniýetimizi ösdürmekdäki orny mähriban Arkadagymyzyň paýhasly syýasatynyň netijesinde ýyl-ýyldan giňeýär, pugtalanýar. Sungata höwesli körpejelere çenli milliligiň ruhy, medeniýetimiziň millilige ýugrulan däp-dessurlary bilen ösüp ýetişýärler.

Milli mirasymyzyň gözbaşy Magtymguly Pyragydan, zehini bilen halkyň ruhuna müdimi giren nusgawy şahyrlarymyzdan, «Görogludan», «Oguznamadan», dessanlardan, Amangeldi Gönübek, Kel bagşy, Garadäli gökleň, Şükür bagşy, Magtymguly Garly, Mylly aga ýaly sungatyň ägirtlerinden gaýdýar. Mähriban Arkadagymyzyň sungata sarpasy, ata-babadan gelýän milli ýolumyzy ösdürmekdäki taýsyz tagallasy bilen türkmeniň beýik ruhy ýoly, medeni ösüşi dowam edýär. Bu ýol geljekde-de pajarlap öser. Çünki bu ösüşiň aňyrsynda hormatly Prezidentimiziň yhlasy, halkymyzyň höwesi, ata-babalarymyzyň synmaz ruhy bar. Goý, bu röwşen ýolumyz asyrlardan asyrlara uzap gitsin!

Mähriban hem Gahryman Arkadagymyzyň nurana ömri uzak, belent başy aman, ähli belent maksatlary hasyl bolsun!

Ata SERDAROW,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy.