Şöhratly menziller

Bu gün Türkmenistan Diýary Gahryman Arkadagymyzyň “Öňe, diňe öňe, jan Watanym, Türkmenistan!” diýen ganatly setirlerini özüne baýdak edinip, ak ýollardan röwşen geljege bedew bady bilen ynamly barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz arzuwlaryň hasyl bolýan ajaýyp jenneti mekanyna öwrüldi.

Milli Liderimiziň başlangyçlary bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýyly belent üstünliklere, şanly wakalardyr senelere beslenýär. Ynha, üstümizdäki ýylymyz hem mähriban Prezidentimiziň başlangyjy bilen “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edildi. Şanly ýylymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýy uludan tutuldy.

Mukaddes Garaşsyzlygymyz bilen ýaşdaş bolan partiýamyz bagtyýarlyk döwründe ýurt Garaşsyzlygyny, Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzy pugtalandyrmagy, demokratik, hukuk, dünýewi döwleti ösdürmegi maksat edinýän syýasy partiýadyr.

Biz, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzybir işgärleri bolup, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan parasatly syýasatyny, her bir taryhy çykyşlaryny, Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny gorap saklamak, berkitmek, ykdysadyýetde, ylymda-bilimde, medeniýetde halkymyzyň taryhy gazananlaryny wagyz etmek işlerini uly buýsanç bilen alyp barýarys.

TDP-niň etrap komiteti hem beýleki jemgyýetçilik guramalary we syýasy partiýalaryň wekilleri bilen bilelikde meýilnamalar esasynda ilat arasynda dabaraly maslahatlary, wagyz-nesihat duşuşyklaryny yzygiderli guraýar. Halkymyzyň baý medeni mirasyny öwrenmek, milli gymmatlyklary, däp-dessurlary, maşgala edebini, sagdyn durmuş ýörelgesini giňden wagyz etmek arkaly watansöýüji, sagdyn, ýokary ahlakly ýaşlary ýetişdirmekde partiýamyzyň işjeň agzalary özleriniň ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmaýarlar. Mundan bu ýana-da köpçülikleýin medeni çäreleriň içinde bolmak bilen ilat arasynda geçirilýän terbiýeçilik, syýasy-düşündiriş, wagyz-nesihat işlerini işjeň dowam etdireris.

Goý, halkymyzyň bolelin, eşretli durmuşda asuda, parahat ýaşamagy üçin aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, beýik başlangyçlary elmydama rowaç alsyn!

Tawus Gylyjowa, TDP-niň Wekilbazar etrap komitetiniň başlygy

“MARU – ŞAHU JAHAN” gazeti

25.11.2021 ý

 

tags: