Hyýaly söhbetdeşlik

(Oýlanma)

Göwnüme bolmasa, soňky döwürde özümde seniň bilen meňzeşliklere gabat gelýän ýaly, altyn güýzüm! Beýle diýsem, menem saralyp-solup ýörendir öýtmegiň mümkin. Ýok, seniň bilen meňzeşligimi altynsow sary reňkiňde däl-de, agraslygyňda, asudalygyňda görýän. Çünki ýaşymyň ortadan agmagy ýaşlygyň badyhowalygyny, nirädir bir ýerlere gyssanmaç halda ylgaşlap ýörmegimi, pikirlenmän, howul-hara netije çykaryp, soňam ökünmek ýaly endiklerimi menden daşlaşdyrdy. Indi menem adamlar näçe howluksalar-da, miwäni öz wagtynda bişirişiň, hasyly öz möwsüminde ýetişdirişiň ýaly, etmeli işlerimi harsallyk bilen däl-de, parasatlylyk bilen, howlukmazdan, öz möhletinde ýerine ýetirmäge çalyşýan.

Seniň salkyn howaň birden maýlap, ýazy ýatladýanlygy-da meniň mahal-mahal hyýalymda ýaşlyk ýyllaryma, has dogrusy, çagalyk ýyllaryma dolanyp, gaýdyp gaýtalanmajak ajap döwrüň yssy mährine çoýunyşyma meňzeş. Çagalyk ýyllarymyň agramly bölegini geçiren ýerim — ýaşynyň näçedigini hiç kimiň anyk aýdyp bilmejek goja tudumyň saýasyna mahal-mahal hyýalymda dolanýan. Kämahal hatda düýşümde-de görýän. Başyny al-asmana dikip, kölegesini esli ýere ýaýradyp oturan goja tuduň saýasy diňe meniň däl, eýsem, şol töwerekde ýaşaýan ähli çagalaryň iň eý görýän mesgenidi. Aýratynam, şahalaryny terk edip, gaýyp düşýän ýapraklary ýere ýetmänkä gapmak biziň söýgüli pişämizdi. Çala gurap, aýagymyzyň astynda şygyrdaşýan ýapraklaryň täsinje sesine göwnümiz göterilip, ýadanymyzy duýmazdyk. Tut bolsa, göýä diýersiň, agtyk-çowluklaryny daşyna üýşürip, olara guwanyp oturan garry ene mysaly, agras başyny asmana tutup, adaja öwüsýän güýz şemalynyň täsirine ýapraklaryny sahylyk bilen şo-ol seçeläp oturandyr...

Süýji ýatlamalara berlip oturyşyma, durmuşymda seniň bilen bagly bolup geçen «ilkinji gezekler» hakynda oýlanýaryn: güýzüň ilkinji gününde ak mekdebiň bosagasyndan ilkinji gezek ätläpdim, birnäçe ýyldan soň, edil şol gün talyplyk durmuşynyň çetinden giripdim, zähmet ýoluma-da güýzüň ilkinji aýynda başlapdym. Şu başlangyçlaryň her biri meniň durmuşymda täze bir döwre badalga bolupdy. Olaryň hersinde ömür ýolumyň biri-birine meňzemeýän ajaýyp pursatlarynyň beýany bar.

Ine, şu wagtam özümdäki seniň bilen meňzeşlikler hakynda oýlanyp oturyşyma, mahal-mahal açyk penjireden daşaryk seredip, seniň ussatlyk bilen döreden tylla reňkli gözelligiňi synlaýan. Daş-töwerekdäki agaçlaryň ählisine göýä altyn çaýylan ýaly. Zerbap donly agaçlar tylla şelpelerini şygyrdadyp, adaja öwüsýän güýz şemalyna başlaryny yraşyp otyrlar. Saralyp, şahasyndan tänip düşýän ýapraklardan ýaňa baglaryň aşagyna sary ýüplükden dokalan haly ýazylan ýaly. Gör, nähili owadan görnüş!

Adamlar, köplenç, güýzi gussa bilen baglanyşdyrýarlar. Men bolsa seniň agras keşbiňde paýhaslylygy, danalygy we salyhatlylygy görýän, altyn güýzüm! Sen bize şu wagta çenli amal eden işlerimiziň ýagşysyny-ýamanyny seljerip, geljek hakynda çynlakaý pikirlenmek üçin döredilýän pursat mysaly.

Adamyň ýaşy ulaldygyça, geljek hakynda has köp pikirlenýär. Geçene syn berip, geljek hakynda oýlanmaga, paýhaslarymyzy durlamaga pursat döredýäniň üçin sag bol, altyn güýzüm!

Kümüş Mätniýazowa, TDP-niň Ahal welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy

 “Watan” gazeti

25.11.2021 ý

 

tags: