IŞJEŇ DUŞUŞYK

TDP-niň Kaka etrap komiteti beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde etrabyň bilim işgärleriniň we mekdep okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi.

Işjeň ýagdaýda geçen duşuşyga ýaşuly nesliň wekilleri hem gatnaşyp, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylymyzda gazanylýan üstünlikler, toplumlaýyn amala aşyrylýan dünýä nusgalyk beýik işler barada buýsanç bilen gürrüň edildi. Şeýle hem ýaş nesli sagdyn durmuş ýörelgesine laýyklykda we watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, il-ýurt bähbitli oňyn özgertmeleriň mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrylmagynda öňde durýan möhüm wezipeler barada täsirli söhbet edildi.

Suraý Hanowa, TDP-niň Kaka etrap komitetiniň işgäri

“Galkynyş” gazeti

18.11.2020 ý

tags: