IKI PALATALY ULGAM HALKYŇ BÄHBIDINE HYZMAT EDER

Türkmen halky köpasyrlyk taryhynda ençeme döwlet gurdy. Bu ýöne ýerden däl. Döwletlilige tarap ymtylmak milletiň aýratyn häsiýetleriniň biridir. Döwletimiziň ösüşiniň her tapgyry öz aýratynlyklary bilen tapawutlanýar Olar ykdysadyýetde, ylym-bilim, medeniýet ýaly ugurlarda bolup geçýän özgertmeler, şeýle-de jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň, halkyň aňyýetiniň hukuk taýdan ösmegi hem-de döwletiň içeridir daşary syýasat ugurlarynyň, döwlet dolandyryşynyň görnüşleriniň we usullarynyň üýtgemegi bilen häsiýetlendirilýär. Bu özgerişlikieriň her biri Konstitusiýany döwrebaplaşdyrdy, onuň düzgünlerini kämilleşdirdi we geljekki ösüşlere getirdi. 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda bolup geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde döwlet Baştutanymyz Esasy Kanuna käbir üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek pikirini öňe sürdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak möhüm waka bolup geçdi. Hormatly Prezidentimiz çuň manyly çykyşynda Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýyny kämilleşdirip, ony Türkmenistanyň Mejlisi bilen wekilçilikli kanun çykaryjy häkimiýetiň wezipelerini amala aşyrýan iki palataly ulgama öwürmek barada başlangyjy öňe sürdi. Şeýlelikde, jemgyýetçilik durmuşynda halk häkimiýetiniň wekilçilikli edarasy hökmünde çykyş edýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýyny kämilleşdirmek boýunça konstitusion özgertmeleriň täze tapgyry başlandy.

Her bir halk we ýurt milli döwlet gurluşynda öz ýoluny saýlap-seçip alýar. Dürli tejribeleriň bolmagy her bir döwletiň özüniň häkimiýet gurluşynyň gelip çykyşynyň taryhy çeşmelerine, milli däp-dessurlaryna we adatlaryna hem-de häzirki zaman konstitusion ylmynda hereket edýän taglymatlara, nazaryýetlere we tejribä esaslanýar. Şoňa görä-de, döwletleriň parlament ulgamy, bir tarapdan milli çeşmelerini, ikinji tarapdan bolsa, umumy konstitusion ylmyň we tejribäniň gazananlaryny öz içinde birleşdirýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda geçirilýän konstitusion özgertmeler diňe bir öňdebaryjy demokratik döwletleriň ösüş tejribesini däl, eýsem täze eýýamda türkmen halkynyň taryhynda we milli döwletliliginde toplanan tejribeleri hem nazara alýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýakynda geçirilen taryhy mejlisinde «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny makullanyp, biragyzdan kabul edildi. Konstitusion kanunyň 77-nji maddasyna laýyklykda, Milli Geňeş (Parlament) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr. Şeýlelik bilen, Milli Geňeş (bitewi bir edara hökmünde) kanun çykaryjylyk we wekilçilik häsiýetlerine eýedir. Munuň özi milli parlamentimizi daşary ýurt döwletleriniňkiden has-da tapawutlandyrýar. Daşary ýurtlaryň parlament gurluşlarynyň tejribesinde «ýokarky» we «aşakky» ýa-da «wekilçilikli» we «kanun çykaryjy» palatalar diýlen düşünjeler bar. Milli Geňeşiň iki palatasy hem deňhukukly bolup, olar şol bir wagtda wekilçiligi we kanun çykaryjylyk işini amala aşyrýar. Mundan başga-da, Konstitusion kanunda Milli Geňeşiň palatalarynyň hukuklary bellenilendir. Käbir daşary ýurt döwletleriniň parlamentlerine garanyňda, biziň parlamentimiziň gurluşynyň ýene-de aýratynlygyny belläp geçsek, Konstitusion kanunyň 80-nji maddasynda palatalar Türkmenistanyň Prezidentiniň ýüzlenmesini, daşary ýurt döwletleriniň ýolbaşçylarynyň çykyşlaryny diňlemek we beýleki meselelere garamak üçin bilelikdäki maslahatlary hem geçirmek mümkinçiligine eýe. Bu tejribe hemmeler tarapyndan ykrar edilen parlamentarizmiň umumy ýörelgesidir. Emma şol maddada Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna degişli wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda palatalaryň bilelikdäki maslahatynyň geçirilip bilinýändigi baradaky düzgünleriň bolmagy biziň tejribämizi has-da tapawutlandyrýar. Munuň özi döwletimizde jemgyýetçiligiň işjeňleşýändigini, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň döwlet syýasatynda tutýan ornunyň ýokarlanýandygyny görkezmek bilen, bu ýagdaýyň raýat jemgyýetiniň kemala gelmegine ýardam berjekdigine şaýatlyk edýär.

Milli parlamentiň iki palata geçmegi bilen baglylykda Konstitusiýa täze maddalaryň girizilmegi Türkmenistanyň döwlet häkimiýet edaralarynyň ulgamyny kesgitleýän maddalaryň hem many-mazmunyny kämilleşdirýär. Olaryň özara sazlaşykly işlemegini üpjün edýär. Kanun çykaryjy häkimiýetiň işjeňligini artdyrýar. Konstitusiýada döwlet häkimiýetiniň bölünişine, onuň institutlaryna, ygtyýarlyklaryna täze mazmun berýär. Döwlet häkimiýetiniň şahalarynyň özara gatnaşygyny, olaryň her biriniň hakyky tutýan ornuny beýan edýär. Mundan başga-da, Konstitusion kanunyň 83-nji maddasynda Halk Maslahaty tarapyndan Mejlisiň kabul eden kanunynyň ret edilen halatynda, palatalar tarapyndan ylalaşdyryjy toparyň döredilmegi göz öňünde tutulýar. Munuň özi, bir tarapdan, kanunyň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berse, beýleki tarapdan, Halk Maslahatynyň agzalarynyň hem-de Mejlisiň deputatlarynyň jogapkärçiligini artdyrýar. Şeýle-de Milli Geňeşiň döredilmegi döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralar bilen arabaglanyşygyny täze derejä çykarýar. Welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň mejlislerinde milli parlamentiň Halk Maslahatynyň 48 agzasynyň saýlanmagynyň özi döwlet häkimiýetiniň wekilçilikli edaralarynyň ulgamyny sazlaşdyrýar. Wekilçiligiň çäklerini we möçberini giňeldýär. Şol bir wagtda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Halk Maslahatynyň beýleki 8 agzasy bellenilýär. Şeýlelikde, Halk Maslahaty gös-göni esasda däl-de, eýsem göni däl saýlawlaryň netijesinde döredilýär. Galyberse-de, Halk Maslahatynyň bellenilýän agzalarynyň ygtyýarlyklary Türkmenistanyň Prezidentiniň çözgüdi bilen möhletinden öň bes edilip bilner. Munuň özi Halk Maslahatynyň bellenilýän agzalarynyň jogapkärçiligini artdyrýar.

Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilmegi bilen, täze iki palataly parlament milli döwletliligiň täze taryhynda özüniň ilkinji sahypasyny açyp, türkmen jemgyýetiniň we döwletiniň ösmegine hem-de kämilleşmegine ýardam berer. Türkmenistanyň Milli Geňeşi kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara bolup, özüniň işini hemde raýat jemgyýetiniň institutlaryny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrar, parlament medeniýetiniň ösmegine-de berk binýat bolar diýen umyt döredýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisindäki taryhy çykyşynda: «Milli Parlamentimiziň hil taýdan täze, iki palataly gurluşynyň döredilmegi bolsa Garaşsyz ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň hukuk binýadyny berkitmek we döwlet häkimiýet edarasynyň işiniň netijeli bolmagyny ýokarlandyrmak üçin oňaýly şertleri döreder» diýip nygtap geçdi.

Esasy Kanunymyz döwrüň talabyna laýyk kämilleşýär. Iki palataly parlament ulgamyna geçilmegi döwletimizde syýasy asudalygy, halk bitewüligini mundan beýläk-de berkitmäge, netijede, raýatlaryň bagtyýar ýaşamagyna mümkinçilik berer. Hil taýdan täze, iki palataly ulgam türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň bähbitlerine wekilçilik etmäge, Halk Maslahatynyň agzalarynyň we Mejlisiň deputatlarynyň ýerlerde saýlawçylar we döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary bilen has ýakyn gatnaşygy ýola goýmagyna esas döreder, kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirmäge itergi berer.

 

Myrat HAITOW,

Türkmenislanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bölüm müdiri, hukuk ylymlarynyň doklory, professor.

“Türkmenistan” gazeti.

tags: