IL SAGLYGY — ÝURT BAÝLYGY

TDP-niň Tejen etrap komitetiniň guramagynda etrapdaky 5-nji orta mekdepde «Sagdyn durmuş — bagtyýarlygyň özeni» ady bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Oňa etrap häkimliginiň, etrap hassahanasynyň, etrabyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna göreşmek gullugynyň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, mekdep mugallymlary, işjeň partiýa agzalary gatnaşdy.

Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady pudaklarynyň ähli ugurlarynda uly ösüşleriň gazanylýandygy barada buýsanç bilen gürrüň etdiler. Onuň barşynda türkmen halkynyň asylly ýol-ýörelgeleri, milli däp-dessurlary, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ilatyň saglygyny goramakda alnyp barylýan işleriň ähmiýeti, halk arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, sagdyn iýmitlenmek, arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek, melhemlik çaýlary içmek, otaglarda üzärligi tütetmek, agyz-burun örtügini ulanmak barada giňişleýin aýdylyp, etrap hassahanasynyň lukmanlary tarapyndan maslahatlar berildi. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilen dermanlyk ösümliklerinden melhemlik çaýlaryň, demlemeleriň taýýarlanyş usullary barada gürrüň edildi.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda uludan toýlanylýan baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýy bilen gutlap, dünýä nusgalyk işleri bitirýän, Türkmenistan Watanymyzy dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň derejesine ýetiren hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Şeker Baýmuhammedowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Tejen etrap komitetiniň işgäri

“Ahal durmuşy” gazeti

02.12.2020 ý  

 

tags: