JAÝ TOÝLARY TUTULÝAR

Döwlet Baştutanymyzyň şähergurluşyk syýasatynda adamlar baradaky alada, türkmenistanlylaryň ýaşamaklary, işlemekleri hem-de dynç almaklary üçin amatly we zerur şertleri döretmek möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Arhitektura toplumy ýylyň-ýylyna täze, ajaýyp binalar bilen baýlaşýan, onlarça binalary Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen Aşgabat şäherinde, şeýle hem welaýatlarymyzyň ähli etraplarynda gurulýan desgalaryň ählisine oýlanyşykly, hemmetaraplaýyn çemeleşmeler netijesinde bu günki gün ýurdumyzyň paýtagty «Merkezi Aziýanyň merjen şäheri» diýen belent ada mynasyp boldy. Bularyň ählisiniň gözbaşynda bolsa, «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary durýar.

Milli Liderimiz tarapyndan alnyp barylýan şeýle beýik işleriniň beýanyny täze açylan Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Ahal ýaşaýyş toplumynyň mysalynda görmek bolýar. Bu ýerde 4 gatly, 32 öýli ýaşaýyş jaýy halkymyza sowgat berildi. Şeýle sowgatdan serpaýly agzybir maşgalalaryň biri Hojamyradowlaryň maşgalasydyr. Aşgabat şäher Polisiýa müdirliginiň jemgyýetçilik howpsuzlyk bölüminiň işgäri, polisiýanyň uly seržanty Mergenmyrat Hojamyradow, Tyllagözel gelneje bilen 2 çagaly maşgala bolup, täze ulanylmaga berlen, içinde ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryndan öýli bolmak bagtyna eýe boldy. Täze jaýyň eýeleri özleriniň şeýle ajaýyp bagtdan paýly bolandyklaryna begençleriniň çäginiň ýokdugyny aýdyp, täze jaýy sowgat beren Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýärler.

Wepa Berdiýew, TDP-niň Büzmeýin etrap komitetiniň bölüm müdiri.

“Watan” gazeti

06.11.2021 ý

 

tags: