Janyňyz tut ýaly sag bolsun!

Gündelik durmuşymyzda «Janyňyz tut ýaly sag bolsun!» diýip, birek-birege saglyk diläp, oňat arzuwlar etmek — halkymyzyň asylly däpleriniň biri. Eýsem-de,«tut ýaly» diýilmeginiň sebäbi nämekä? Näme üçin saglyk dilemeklik tut agajy bilen baglanyşdyryp aýdyldyka? Muny bilmek üçin, geliň, ata-babalarymyzyň tut bilen baglanyşykly garaýyşlaryna ser salalyň.

Gadymy döwürlerden bäri türkmen halkynda tut agajyna oňat garaýyşlar bolupdyr. Tut agajyny halkymyz her hili bela-beterden, göz-dilden, saýasy yssydan goraýan pena hasaplapdyrlar. Şonuň üçin türkmen obalary tut agaçsyz göz öňüne getirilmändir. Her öýüň gapysynda hökman tut agajy ekilipdir. Ýaşulularymyz köplenç tut agajynyň saýasynda saýalap, dynç alyp, tudana mürepbesi bilen çaý içipdirler. Umuman, ata-babalarymyz tuda bolan ynançlar, yrymlar bilen ýaşapdyrlar, nesil terbiýeläpdirler. Tut agajy hemişe başy dik, örän berk, uzak ýyllar ýaşamaga ukyply agaç bolupdyr.

Şonuň üçin pederlerimiz ynsan saglygyny tut agajyna deňemek bilen, hut şol agaç ýaly berk, sagdyn, uzak ýaşamagy birek-birege arzuw edipdirler. Bu agaç özünden birnäçe peýdaly maddany goýberip, howany arassalap durýar. Tut agajynyň miwesi bolan tudana adam saglygy üçin peýdaly witaminlere, maddalara baýlygy bilen tapawutlanýar. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynda tut agajynyň tudanasynyň, gabygynyň hem köküniň guradylan we owradylan görnüşde aşgazan, ýürek-damar we başga käbir keselleri bejermekde halk lukmançylygynda asyrlar boýy ulanylandygy barada maglumat berýär. Ýurdumyzda tuduň ak, gara we gyzyl görnüşleri ýaz aýlarynda miwesini bolluk bilen eçilýär. Ýaz paslynda ajaýyp tebigatymyzyň güneşli çoguna bişen, lowurdap duran tudanalary, belent başy buýsançly gojalarymyza meňzäp duran tut agajynyň görkana keşbini synlamak has-da ýakymly. Tudananyň gözüň görejini ýiteldýändigi, bedendäki gan aýlanyşyny gowulandyrýandygy, ganyňy arassalaýandygy mälimdir. Gyzyl tudanalarda demir köp bolýar. Ak tudanalar lukmançylykda rak, süýji kesellerini bejermekde derman hökmünde ulanylýar. Sebäbi ol bagyrdaky şekeri aýyrýar. Halkymyzyň arasynda «Tut agajyndan ýasalan gap-gaçlardan nahar iýseň, janyňa em bolar», «Tut agajyndan ýasalan darak bilen saç daralanda, kelläňdäki damarlarda ganyň aýlanyşyny kadalaşdyrmagyna peýda edýär» diýen ýaly ynançlaryň bardygynam bellemek gerek. Şonuň ýaly-da, milli senedimiz bolan dutaryň hem tut agajyndan ýasalýandygyny, hiliniň berkligi sebäpli dutaryň uzak ýyllaryň dowamynda nesilden-nesle geçip, miras galýandygyny hem buýsanç bilen nygtamak gerek. Diýarymyzyň toprak-howa şertlerinde uzak ýyllar ýaşap bilýän tut agajy ýüpek gurçugyny idetmekde hem esasy iýmit bolup durýar. Tuduň ýapragyny iýen gurçugyň saran pilesinden alynýan ýüpege dünýä bazarynda isleg örän ýokarydyr. Hormatly Prezidentimiziň güneşli Diýarymyzyň bereketli topragynda ösýän ösümlikler barada «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly birnäçe jiltden ybarat ensiklopediki eserini halkymyza peşgeş bermegi bu günki günde datly miwelerimiziň, ösümliklerimiziň ynsan saglygy üçin dermanlyk häsiýetlerini açyp görkezmek bilen birlikde, ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleriniň örän sarpalanýandygynyň hem subutnamasy bolup durýar. Şeýle ýörelgelerimizi nesillerimize ýetirmek, wagyz etmek biziň her birimiz üçin parzdyr.

Gurbanbagt Hajymämmedowa, TDP-niň Türkmenbaşy şäher komitetiniň bölüm müdiri

“Balkan” gazeti

12.01.2021 ý

 

tags: