JEMGYÝETIMIZI JEBISLEŞDIRÝÄN GÜÝÇ

Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda milli atçylyk pudagy täze belentlige çykaryldy. Onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda behişdi bedewleriň arassa ganly tohum atlaryny köpeltmek boýunça uly işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz ahalteke bedewleri baradaky kitaplarynda milli atşynaslygyň taryhy we däpleri barada ençeme gyzykly maglumatlary getirýär. Ata-babalarymyzyň atşynaslyk tejribesiniň nesilden nesle geçmegi we kämilleşdirilmegi, ýurdumyzda atçylyk sportunyň ösdürilmegi barada uly alada edýän milli Liderimiz behişdi bedewleriň özüniň buýsanjy, milli gymmatlyk hökmündäki dabarasy bilen dünýäde deňsiz-taýsyzdygyny belleýär.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz halkymyzyň milli buý sanjy we guwanjy bolan ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki abraýyny has-da ýokary götermäge aýratyn üns berýär. Hormatly Prezidentimiziň gönüden-göni gatnaşmagynda ýurdumyz ahalteke atçylygyny ösdürmäge degişli meseleleri çözmek boýunça halkara çäreleriniň geçirilýän merkezine öwrüldi.

Ahalteke bedewi gadymy döwürde türkmenleriň ykbalynda möhüm orun eýeläp, milli we dünýä medeniýetiniň özboluşlylygy bolmak bilen, häzirki döwürde-de, ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleriniň ajaýyp tumary, halkymyzyň hasyl bolan arzuwynyň keşbi, ösüşe we rowaçlyga tarap ymtylyşyň nyşany bolmagynda galýar.

Ahalteke bedewi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyp nyşanydyr. Ol ýokary ruhy göterilişiň, ýurdumyzyň ynamly gadamlarynyň, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda Diýarymyzyň gazananlarynyň hem-de beýik işleriniň güýjüni özünde jemleýär.

Hormatly Prezidentimiz sportuň döwrebap düzüminiň kemala getirilme gine möhüm ähmiýet berip, bu ugurda alnyp barylýan işleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň derejesine ýetirdi. Paýtagtymyzda tutuş sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň gurulmagy hem munuň aýdyň mysalydyr. Ol birnäçe döwletlerden türgenleriň gatnaşmagynda geçirilen iri möçberli ýaryşlary ençeme gezek örän uly üstünlik bilen kabul etdi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, sport we bedenterbiýe ynsan saglygynyň, adamlaryň öz maksadyny amala aşyrmagynyň, pikir hyýallarynyň we ösüşiniň köptaraply serişdesi bolup durýar.

Sport häzirki döwürde jemgyýetimiziň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Türkmen türgenleri bütindünýä sport hereketine işjeň gatnaşýarlar. Olaryň dürli derejede guralýan ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri, medallary hormatly Prezidentimiziň sporty hem-de onuň düzümlerini ösdürmäge berýän ünsüniň we zehinlileri ýüze çykarmak, türgenleriň ussatlygyny ýokarlandyrmak üçin döredilýän şertleriň ynamly subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz sportuň beden saglygynyň möhüm şertidigini görkezýär. Arkadag Prezidentimiz türgenleşiklere, welosiped sürmäge wagt tapýar hem-de sport ulagyna we ýyndam bedewlere ussatlyk bilen erk edýär. Milli Liderimiziň bedewe atlanmagy ýa-da sport ulagyna erk etmegi ähli watandaşlarymyzda buýsanç duýgusyny döredýär we sport bilen meşgullanmaga höwesini artdyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, sport, munuň özi diňe bir bäsleşik, üstünlik we medallar däl-de, eýsem, ähli güýçleri birleşdirýän kuwwatly durmuş ulgamydyr. Ol medeniýet, ykdysadyýet we diplomatiýa bilen berk baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň Baştutany bolmak bilen, sportuň parahatçylyk döredijilik ugruna aýratyn ähmiýet berýär hem-de Türkmenistanyň halkara sport hyzmatdaşlygynyň merkezine öwrülmegine giň ýol açýar.

2018-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde kabul edilen 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnama dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan sporty we bedenterbiýe sagaldyş hereketini ösdürmekde Türkmenistanyň başlangyçlaryna, bu ulgamda döwletleriň hem-de halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlyga, jemgyýetde ekologiýa derejesiniň ýokarlanmagy ugrunda alnyp barylýan işlere ýokary baha berilýändigini alamatlandyrdy.

3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmegi hemişelik Bitarap döwletimiziň başlangyçlarynyň gürrüňsiz ykrar edilýändiginiň subutnamasy bolup durýar. Şol başlangyçlar parahatçylyga, dostlukly we netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şol sanda sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönük dirilendir.

Häzirki döwürde Türkmenistanda sport bilen meşgullanýanlaryň sany has-da artdy we onuň jemgyýetdäki ähmiýeti we wajyplygy ýokarlandy. Milli sporty ösdürmegiň we jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmegiň strategiýasynyň baş maksady sport hem-de bedenterbiýe bilen meşgullanýan adamlaryň, aýratyn-da, çagalaryň, ýetginjekleriň sanyny artdyrmakdan ybaratdyr.

Bedenterbiýe sagaldyş we sport hereketi döwletiň hem-de jemgyýetiň sazlaşygyny, tagallalaryň utgaşmagyny emele getirýär. Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistan bu babatda sagdyn-durmuş ýörelgeleriniň, bedenterbiýäniň we ýakyn hem-de uzak geljegi nazarlaýan sportuň ösdürilmegine, wagyz edilmegine gönükdirilen anyk işler babatda görelde bolýar.

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işleriň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

Ahmet NEPESOW,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygynyň orunbasary.