KÄMIL BILIM — MIZEMEZ BINÝAT

Ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda döwlet tarapyndan amala aşyryan işler her bir türkmenistanlynyň, aýratyn hem, ýaşlaryň durmuşynda öz beýanyny tapýar. Bilim ulgamynyň sazlaşykly ösüşini gazanmaga, ýaşlarymyzyň ylym-bilim almagy üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilen tutumly işler durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň ylym-bilim syýasatynyň üsnlikli durmuşa geçirilmegi üçin zerur hukuk we guramaçylyk binýadynyň, maddy-tehnik, intellektual üpjünçiligiň, umuman, ähli şertleriň bardygy guwandyryjy ýagdaýdyr. Onuň şeýledigine milli bilim kanunçylygynyň kadanamalary, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösrmegiň Maksatnamasynyň» «Adam maýasyny kemala getirmek we ösdürmek: ylym we bilim» atly bölüminde göz öňünde tutulan wezipeler bilen tanşanyňda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Prezident maksatnamasynda meýilleşdirilen çäreleriň hatarynda: bilim we ylym ulgamlarynda gazanylan oňyn dünýä tejribesine laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde elektron maglumat goruny yzygiderli baýlaşdyrmak; sanly bilim ulgamyndan ugur alyp, döwrebap elektron okuw-usuly toplumlary (elektron kitaplary, gollanmalary, wideo-audiomateriallary, okuw-görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary we beýlekileri) taýýarlamak we olar bilen ýokary okuw mekdepleriniň elektron kitaphanalaryny baýlaşdyrmak; ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmek maksady bilen, ýokary okuw mekdeplerinde, hereket edýän merkezlerde bu ugurdan mugallymlaryň hünär derejesini kämilleşdirmek; bilim edaralaryny bitewi bilim toruna tapgyrlaýyn birikdirmek; sanly ykdysadyýet ugry boýunça hünärmenleri taýýarlamak; ýokary hünär bilim edaralaryny, orta hünär bilim edaralaryny we umumybilim edaralaryny ýokary tizlikli internet ulgamyna birikdirmek; bilim edaralarynda elektron resminama dolanyşygyny tapgyrlaýyn ornaşdyrmak boýunça işleri alyp barmak; bilimi dolandyrmagyň maglumat ulgamyny döretmek we oňa kem-kemden geçmek ýaly ösüş ugurlary kesgitlenen.

Döwrebap özgertmeler, il-ýurt bähbitli tutumly işler ýurdumyzyň bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegini, jemgyýetimiziň geljegi bolan ylymly-bilimli, ýokary hünär taýýarlykly, giň dünýägaraýyşly nesilleriň terbiýelenmegini üpjün edýär. Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynda sözlän sözünde bilim baradaky taglymatlaýyn ýörelgeler beýan edildi. Bu taglymatyň ýaşlarda iň asylly häsiýetleri — ahlak arassalygyny, ruhubelentligi, ylym-bilime ymtylyşy terbiýelemäge we bilesigeliji bolmaga çagyrýandygy bellenildi. Ylmyň we bilimiň adamzadyň ähli ösüşleriniň hem-de özgerişleriniň esasyny düzýändigi, islendik ýurduň geljegini, halkyň ykbalyny kesgitleýän gymmatlykdygy, häzirki döwürde sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny gazanmak maksady bilen, sanly bilim ulgamynyň ösüşiniň çaltlandyrylýandygy nygtaldy. Şu nukdaýnazardan, häzirki zaman türkmen jemgyýetinde, sanly maglumat tehnologiýalarynyň çalt depginler bilen ösýän döwründe her bir şahsyýetiň bilimliligi we aňlaýyş ukyby ýurduň milli baýlygyny alamatlandyrýar. Adamyň ruhy sagdynlygy, hemmetaraplaýyn ösüşi, hünär taýýarlygynyň giňligi we ýitiligi, döredijilige ukyplylygy, emele gelen ýagdaýlar esasynda çözgüt tapmak başarnygy döwletiň, jemgyýetiň ösüşiniň düzüm bölegi bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň özboluşly, gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan baý hem-de çuň mazmunly milli medeniýeti ähli döwürlerde-de ylym-bilime daýanypdyr. Her bir raýatyň işjeňligi, syýasy we durmuş-ykdysady ulgamlaryň durnukly ösüşine mynasyp goşant goşmagy, medeni-öwrenijilik başarnygy, ýagny umumadamzat medeniýetiniň we milli aýratynlyklarynyň ýeten derejeleriniň esasynda döwrebap medeniýetiniň bolmagy onuň bilimliligi bilen pugta baglanyşyklydyr. Halk arasynda «Kämilligiň çägi ýok» diýen düşünje bar. Munuň özi her bir adamda asylly maksatlaryň bolmagyny, her bir şahsyýetiň kämillikleriň hem-de ajaýyplyklaryň täze-täze belentliklerine, üstünliklere dalaş etmegini, adam ömrüniň dowamynda täze bilimleri yzygiderli özleşdirmegini şertlendirýär. Bu babatda adamzat aňynyň, paýhasynyň emele gelşiniň we ösüşiniň irki döwürlerinden bäri nesilden-nesle geçirilip gelnen, ynsan ahlagynyň kämilligine, terbiýesine hyzmat edýän halk döredijiliginiň dürli görnüşleri, nakyllar, atalar sözleri, rowaýatlar örän köp. Biz hem il içindäki rowaýatlaryň birini okyjylaryň dykgatyna ýetirmegi makul bildik.

Ussadynyň ýanynda ýedi ýyl tälim-sowat alandan soňra, ylym basgançaklaryna aýak basanyna monça bolan şägirtleriň biri begenjini, buýsanjyny daşyna çykarypdyr: «Halypam, şu gidişime dowam etsem, ýakyn wagtda ylym belentliklerine çykaryn. Bu ýerde ähli zady öwrenenimden soňra, aňyrda näme galýar? Diňe bilenimizi öwredip ýaşabermeli» diýip, ussadyna ýüzlenipdir. Halypasy bu sowala sesini çykarmandyr. Diňe ýylgyrmak bilen çäklenipdir. Ertesi gün şägirdine ýanyna bir güne ýeterlik azyk-owkadyny alyp, özi bilen ýola düşmegini tabşyrypdyr. Şägirt aýdylyşy ýaly edipdir. Ýolda halypasy şägirdine bakyp: «Hany, seret, seniň görýän iň belent ýeriň nire?» diýip sorapdyr. «Iň belent ýer, ine, şu garalyp görünýän daglar» diýip, geriş-geriş daglara tarap elini uzadypdyr. Halypasy: «Ýör, ýola düşeli, şol belentlige çykaly, goý, biziň çykmadyk belentligimiz galmasyn» diýipdir. Soň olar tirkeşip, oba-garadan saýlanypdyrlar. Ep-esli menzil aşanlaryndan soňra, dagyň düýbüne baryp ýetipdirler. Goş ýazdyryp, birsellem dynç alypdyrlar. «Iň beýik dag depesi şu bolmaly» diýip, halypasy dillenipdir. «Hawa, hawa, iň belent ýeri şu, düýbünde durup, depäňe seretseň-ä, başyňam aýlanyp gidýär. Depesine gözem ýetjek däl» diýip, şägirdi ony makullapdyr. Soňra olar dag belentligine dyrmaşmaga başlapdyrlar. Surnugyp-surnugyp, ahyry diýýän ýerlerine ýetipdirler welin, ýaňky şägirt geňgalyjylyk bilen ussadyna ýüzlenipdir: «Halypam, biz ýolumyzy ýalňyşypdyrys öýdýän. Iň belent depe diýýänimiz, hanha, ol ýerde ekeni» diýip, beýleki bir belentlige tarap elini uzadypdyr. Halypasy ýylgyryp: «Ýok, biz ýolumyzy ýalňyşmadyk. Ýerde duran mahalyň görünýän iň belent ýer şu ýeridi. Mundan beýlesi gözümize görnenokdy. Diňe belentlige çykanyňdan soňra, beýleki beýikligi görüp bolýar. Ýadyňda bolsun, ylym ýollary hem, durmuş ýollary hem hut şeýle, haýsydyr bir zady okap, öwrenip, özleşdireniňden soňra, haýsydyr bir arzuwy, maksady hasyl edeniňden soňra, kämilligiň we mümkinçiligiň indiki basgançaklary, täze gapylary açylýandyr. Şeýle belentliklere we täze mümkinçiliklere hiç wagt gutarma ýokdur» diýip, şägirdiniň sowalyna durmuş hakykaty we paýhasy bilen jogap beripdir.

«Paýhas çeşmesi» atly kitabyň girişinde hormatly Prezidentimiz okyjylara ýüzlenmesinde kitabyň ynsanyýetiň baş baýlygydygyny, sermaýasydygyny, döwürleriň, nesilleriň we medeniýetleriň arasyndaky arabaglanyşygy özünde jemleýän bilimler çeşmesidigini aýratyn belleýär. Kitabyň, halk döredijiliginiň adam paýhasynyň çeşmesi bolup durýandygy nakyllarda we atalar sözlerinde hem aýdyň şöhlelenýär. «Bilmeýän zadyňy kitapdan sora!», «Adam bilmekden doýmaz, göz — görmekden», «Akylyň bolsa, uzak ýola şöwür et, bilimiň bolsa, bilmedige öwret!», «Bilmezlik bela däl, bilesi gelmezlik bela», «Bir okana bar, bir-de — dokana», «Hat okan hat biler, hat bilensoň, hak biler», «Hünär — akar bulak, ylym — ýanar çyrag», «Işiň ussasy — okamak», «Okamak — iňňe bilen guýy gazmak», «Okuwa garrama ýok», «Okasaň, bilim alarsyň, hemme zady bilersiň», «Şägirt bolmadyk halypa bolmaz», «Şägirt halypadan ozdurmasa, hünär ýiter», «Şägirtsiz ussat — miwesiz daragt», «Ýigide müň dürli hünär hem az». Mysal getirilen nakyllaryň mazmuny türkmen halkynyň bilime, ylma, kitaba, hünär ussatlygyna ýokary derejede sarpa goýýandygyny tassyklaýar.

Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasada ýugrulan kitaplary, türkmen halkynyň nesilden-nesle geçirip gelen däp-dessurlary, halkyň çeper döredijilik mirasy, taryhda öçmejek yz galdyran danalaryň, ylym-bilim we sungat ussatlarynyň döredijiligi häzirki zaman bilim ulgamynyň mazmunynda mynasyp orun tutýar.

Milli Liderimiziň yzygiderli tagallalary netijesinde, häzirki döwürde bilim ulgamyny dünýäde öňdebaryjy derejelere ýetirmek üçin ähli mümkinçilikler döredildi we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýdyň ýollar açyldy. Paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde, etraplarda, obalarda döwrebap enjamlaşdyrylan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap ulgamy kemala geldi. Munuň özi bilimiň jemgyýetiň ruhy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan öňe gitmegine esas bolup durýandygyny, onuň döwleti ösdürmegiň ileri tutulýan ugrudygyny aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Bilim ulgamyndaky ösüşler we özgertmeler ýurdumyzda bilimiň ynsanperwerlige, demokratiýa, milli aň-düşünjelilige hem-de adamlaryň we halklaryň biri-birine hormat goýmagyna esaslanýandygyny şöhlelendirýär.

Umuman, milli bilim ulgamy okuwa höwesek ýaşlara ýokary derejede bilim-terbiýe, hünär almaga doly mümkinçilik berýär. Döwletimiziň döredýän şeýle mümkinçiliklerinden okuwçylaryň, mugallymlaryň netijeli peýdalanmagy döwrebap bilim almaga konstitusion kepillikleriň üstünlikli amala aşyrylmagynyň girewidir.

Ýagmyr NURYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory, hukuk ylymlarynyň doktory.

“Türkmenistan” gazeti.

 

 

tags: