KALBYMYZ ŞATLYKDAN DOLY

Ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk toýuna barýan günlerimizde Gahryman Arkadagymyzyň Şa gadamynyň gadymy Ahal ýaýlasyna düşmegi, welaýatymyzyň Ak bugdaý etrabynda dürli maksatly desgalaryň açylyp, ulanylmaga berilmegi kalplary joşa getirdi. Şol şatlykly pursatlar mynasybetli ildeşlerimiziň — welaýatymyzyň ýaşaýjylarynyň birnäçesiniň ýürek buýsanjyny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Araphan ERNIÝAZOW, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň bölüm müdiri:

— Soňky ýyllaryň içinde welaýatymyzyň çäginde gurulýan dürli maksatly desgalaryň hatary günsaýyn artýar. Ine, şu şatlykly günlerimizde welaýatymyzyň Ak bugdaý etrabynda birbada birnäçe desganyň açylyş dabaralaryna şaýat bolduk.

Ulanylmaga berlen desgalaryň arasynda ýol-ulag düzümine degişli, ýagny Arçabil şaýolunyň ugrunda «Saglyk» binasynyň hem-de ol ýerden Bagabat şäherçesine barýan uzynlygy 23 metr bolan awtoulag ýolunyň açylmagy şatlygymyza şatlyk goşdy. Beýikligi 25 metre ýetýän «Saglyk» binasy ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň barha dabaralanýandygyny alamatlandyrýar we özboluşly binagärlik görki bilen göreni haýrana goýýar. Onuň bezeginde döredijilikli çemeleşmeler aýdyň duýulýar.

Bagabat şäherçesine barýan ýoluň gurluşygy hem dünýä ülňülerine laýyklykda ýerine ýetirilipdir. Ýerli gurluşykçylarymyzyň özlerine ynanylan taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýändigi diýseň begendirýär. Şäherlerimiziň gözelligine gözellik goşýan, ildeşlerimize uzak ýyllap hyzmat etjek şeýle ajaýyp desgalary gurdurýandygy üçin hormatly Prezidentimize hoşallyklarymyz bimöçberdir.

Ýazga geçiren ýörite habarçymyz

“Ahal durmuşy” gazeti

09.11.2020 ý

tags: