Kalbymyz buýsançdan doly

Düýn Daşoguz şäherinde Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda Welaýat köpugurly hassahanasy hem-de Onkologiýa hassahanasy gurlup, ulanylmaga berildi. Şatlykly waka mynasybetli guralan dabara Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Dabara gatnaşanlaryň ýürek buýsançlaryny okyjylara ýetirýäris.

Kuwwat Annaýew, Daşoguz şäherindäki 2-nji saglyk öýüniň baş lukmanynyň orunbasary:

— Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň täze binalarynyň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi, şeýle-de ozaldan bar bolanlarynyň durkunyň düýpgöter täzelenmegi we kämil enjamlar bilen üpjün edilmegi lukmanlary diýseň begendirýär.

Arkadagly Serdarymyzyň welaýatymyza gelip, Daşoguz welaýat köpugurly hassahanasynyň hem-de Onkologiýa hassahanasynyň döwrebap binalaryny açyp bermegi diňe bir saglygy goraýyş işgärleri üçin däl-de, tutuş halkymyz üçin örän ýakymly wakadyr. Şu toýly günlerde şeýle şatlykly wakanyň şaýady bolmagyň özi bagtyýarlykdan nyşandyr. Täze binalarda dünýäniň ösen döwletleriniň iň ýokary derejedäki lukmançylyk we tehniki enjamlarynyň, şeýle-de saglygy goraýyş maksatly serişdeleriniň ornaşdyrylmagy has-da guwandyrýar.

Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda halkyň saglygyny goramak barada edilýän şeýle uly aladalara jogap edip, yhlasymyzy we ukyp-başarnygymyzy gaýgyrman zähmet çekmek biz — lukmanlar üçin uly buýsançdyr. Şeýle döwrebap binalarda işlemek, halka hyzmat etmek üçin döredilen mümkinçilikler üçin, il saglygyny ýurt baýlygyna deňeýän Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

***

Maýagül Kurbanowa, Daşoguz welaýat onkologiýa hassahanasynyň endoskopist lukmany:

— Ýurdumyzyň baş baýlygy bolan ynsan saglygy hakyndaky hemmetaraplaýyn alada «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasyny düzýär. Diýarymyzyň ähli künjeginde täze saglygy goraýyş edaralary yzygiderli bina edilýär we ulanylmaga berilýär.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýär. Arkadagly Serdarymyzyň welaýatymyzda saglygy goraýyş edaralarynyň birbada ikisini açyp, ulanmaga bermegi diňe bir lukmanlary däl, eýsem, ähli ildeşlerimiziň buýsançly başlaryny Göge ýetirdi. 450 orunlyk köpugurly we 150 orunlyk onkologiýa hassahanalarynyň döwrebap binalary welaýatymyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň häzirki zaman düzümleriniň üstüni ýetirdi.

Onkologiýa hassahanasy jemi 9 bölümden ybarat bolup, olaryň ählisi dünýä ülňülerine laýyk gelýän tehnologiýalar we enjamlar bilen üpjün edilendir. Bu ýerde ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmek üçin ähli şertler döredilipdir.

Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň saglygy barada edýän bimöçber aladalary lukmanlary elmydama yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar hem-de borçlandyrýar. Şunuň ýaly döwrebap hassahanada zähmet çekmegiň özi buýsandyryjydyr.

Ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan döwletli işleri elmydama üstünliklere beslensin!

Taýýarlan Didar Osmanow, TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň partiýa guramaçysy

“Watan” gazeti

28.05.2022 ý

 

 

 

tags: