Kalplary ganatlandyrýan gözellik

Zergärçilik — inçe senet. Muny ykrar etmeýän ýok bolsa gerek, çünki owadan gülýakalardyr, tumarlary, kökenli ýüzüklerdir bukawlary ýasamak senetçiden ýiti zehini, iňňän inçe zähmeti we irginsizligi talap edýär. Gökdepe etrabynyň «Ahal» daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy, zergär Döwrangeldi Agageldiýew hem tejribeli zergärleriň biridir. Döwrangeldi heniz çagalykdan başlap, gülýakadyr bilezikleriň ýasalyş aýratynlygyna syn etmegi gowy görer eken. Ejesi oglunyň zergärçilige höwes bildirýänini turuwbaşdan aňypdyr. Döwrangeldi çagalykdan telewizorda zergärçilik önümleri görkezilse, ekranyň öňünden aýrylman, şolara ünsli seredýän eken. Ajaýyp şaý-sepler ýaş oglanyň kalbynda sungata, gözellige söýgini oýarypdyr. Şekillendiriş sungatyna bolan ukybyny artdyrmak maksady bilen, ol orta mekdebi tamamlap, Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebine sahna bezegçisi hünäri boýunça okuwa girýär. Soňra ol Gökdepe şäherindäki çagalar sungat mekdebinde mugallym bolup işleýär.

Surat çekip, dürli şekilleri çekmäge ökdelän, şekillendiriş sungatynyň inçe tärlerini mazaly ele alan Döwrangeldini zergär bolmak islegi öz erkine goýmaýar. Ol öýünde öz ussahanasyny döredip, dürli görnüşli şaý-sepleri ýasap başlaýar. Bu iş onuň ylhamyna has hem hyjuw, joşgun beripdir. Häzirki wagtda Döwrangeldi ymykly zergärçilik bilen meşgullanýar.

—Meniň üçin çekiçdir sandalyň sesi, edil, ýakymly owaz deýin eşidilýär. Her gezek täze şaý-sep döredenimde, göwnüme onuň «owazy-da» üýtgeşik çykýan ýaly bolýar. Bu işe men halys öwrenişipdirin, günde ussahanamda işlemesem ýüregim kanagat edenok.

Garaşsyzlyk ýyllarynda milli gymmatlyklarymyza aýratyn üns berilmegi, gyz-gelinleriň ajap görnüşli milli şaý-seplerimizi dakynmaga bolan isleginiň artmagyna oňyn täsirini ýetirdi. Gahryman Arkadagymyz milli gymmatlyklarymyzy aýawly saklap, olary geljekki nesillerimize ýetirmegimiz üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýär. Bu bolsa biziň başymyzy göge ýetirýär we has öndümli işlemegimize itergi berýär. Şeýle ajaýyp döwürde ýaşaýandygym, milli zergärçilik senetçiliginiň iň naýbaşy görnüşlerini kämillik derejesine ýetirip, gyz-gelinlerimiziň görkli syratynyň zynaty bolan kümüş şaý-sepleri ýasaýandygym üçin, guwanjymyň, buýsanjymyň çägi ýok — diýip, ussat zergär belleýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmeniň gadymdan gelýän senetleriniň, asylly edim-gylymlarynyň kämil derejede ýaýbaňlandyrylmagy buýsandyryjy ýagdaýdyr. Hormatly Prezidentimiz medeniýet, sungat işgärlerine, senetkärlere uly sarpa goýýar. Millilige berilýän üns türkmen milletiniň mertebesini has-da belende galdyrýar. Häzirki wagtda gelin-gyzlarymyzyň lybaslaryna aýratyn gelşik berýän milli şaý-sepleri synlanyňda gözüň dokunýar, olary döredýän ussat senetçilere tüýs ýürekden alkyş aýdýarsyň. Döwrangeldi hem şeýle alkyşa mynasyp zergärleriň biridir.

Sandal, göweç, tisge, atagzylaryň dürli görnüşleri, çekiç zergäriň mydamalyk hemrasyna öwrülen zähmet gurallary. Ol kümşi göweçde eredip, soň ony çekiç bilen kakyp belli bir şekile getirýändigini, gaş goýmak üçin öýjükleri ýasaýandygyny, şaý-sepiň ýüzüne dürli görnüşli inçe nagyşlary çekmek bilen bezegini has-da artdyrýandygyny gürrüň berdi. Zergärçilik işiniň özi-de hem täsirli, hem gyzykly. Ol gürrüň berýärkä-de, işinden ünsüni sowanokdy. Elindäki gülýaka bolsa gitdigiçe owadanlaşyp, görkana keşbe girýärdi.

Halypa zergäriň öňünde goýan belent maksatlary bar. Ol geljekde şaý-seplerden bukawlary, tumarlary, ysyrgalary we beýlekileri ýasap, toý-baýramlarda läle kakyp, monjugatdy aýdýan gelin-gyzlaryň görkanalygyny artdyrmak üçin has öndümli işlejekdigini aýdýar. Şaý-sepleriň täsin dünýäsinden ruhlanyp işleýän ussa, hakykatdan hem, öz söýgüli senedine jany-teni bilen berlen. Ony islendik wagt öz ussahanasynda işläp durka görmek bolýar. Şeýle yhlaslylygy gowy netijeleri hem berýär, onuň ýasaýan zergärçilik önümleriniň sany-da, görnüşleri-de barha artýar. Ol halypa-şägirt mekdebine-de uly jogapkärçilik bilen garaýar. Halypa zergär şägirt taýýarlamaga-da aýratyn üns berýär. Ýaşlaryň arasynda zergärçilik senedine höwesliler az däl, şeýle ýaşlaryň birnäçesini Döwrangeldiniň ýanynda-da görmek bolýar. Ýeri gelende, Döwrangeldiniň köşüli meşhur halypa zergär Gylyç ussadan tälim alandygyny, zergärçiligiň inçe tilsimlerini yhlas bilen öwrenendigini bellemelidiris.

«Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter» diýleni. Tüweleme, Döwrangeldi hem ussat halypasyndan peslär ýaly däl. Bu senede göwnüni beren ussanyň erjelligi, yhlaslylygy ony mertebä, sylag-hormata eýe edýär. Obasynda Döwrangeldi ezber zergär ussasy hökmünde giňden tanalýar, ussadyň sylag-sarpasy-da ýetik. Oba adamlary bu işjanly zergäre buýsanýarlar, oňa alkyş aýdýarlar. Ynsan üçin, megerem, şundan uly bagt ýok bolsa gerek.

Biz hem Arkadagly ajap zamanamyzda milli senetçiligimiziň ösmegine mynasyp goşandyny goşup gelýän bu janypkeş ussa mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýäris.

Nurjahan Hojaýewa, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň başlygy

“Ahal durmuşy” gazeti

21.12.2020 ý

tags: