KONSTITUSION TOPARYŇ MEJLISI: aýdyň çelgiler, wajyp wezipeler

Taryhdan mälim bolşy ýaly, türkmen halky ähli döwürlerde-de il-ýurt bähbitli, döwletli işleriň başyny başlanda ýaşululara sala salyp geňeş edipdir. «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýen pähime eýerýän halkymyz bu asylly däbi häzirki döwürde hem dowam etdirýär. Döwletliligiň, agzybirligiň, demokratiýanyň dabaralanmasyny aňladýan Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkymyzyň geçmiş taryhy hem-de häzirki günümiz bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Munuň özi il-halkyň ykbalyna, röwşen geljegine gönükdirilen işleri tutuş halk bolup, millet bolup ara alyp maslahatlaşmakdyr geljekki öňde durýan wezipeleri anyk-aýdyň beýan etmekdir.

Milli Liderimiziň başlyklyk etmeginde, 25-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem ýurdumyzda demokratiýanyň ýaýbaňlanýandygyny, raýat jemgyýetiniň berkarar edilýändigini alamatlandyrýan möhüm wakalaryň biri boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumymilli forumda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça Konstitusion topary döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakynda Permana gol çekmegi hem-de 4-nji oktýabrda bu toparyň birinji mejlisiniň geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki bu özgertmeler ýurdumyzyň Esasy Kanunyny has-da kämilleşdirmek, iki palataly parlament ulgamyna geçmek ýaly belent maksatlar bilen baglydyr.

Ine, şular dogrusynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň we habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň pikirdir garaýyşlaryny okyjylarymyz bilen paýlaşmagy makul bildik.

 

Ata SERDAROW,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy:

— Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda milli Liderimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinde Esasy Kanunymyza üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek arkaly Halk Maslahatynyň hukuk derejesini kämilleşdirmek barada öňe süren ähmiýetli başlangyjyny durmuşa geçirmek boýunça möhüm işleriň başy başlandy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen baglylykda teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň birinji mejlisi bu ugurda alnyp barylýan işleriň esasy başlangyjyna öwrüldi. Şunda döwlet Baştutanymyzyň Konstitusion toparyň iş meýilnamasyny tassyklamagy, toparyň işi bilen bagly öňde durýan wezipeleri kesgitlemegi, olary ýerine ýetirmegi netijeli guramakda her bir pudagyň, ulgamyň, syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň ýerine ýetirmeli işleri hakynda birin-birin durup geçmegi biziň jogapkärçiligimizi has-da artdyryp, borçlarymyzy aýdyňlaşdyrdy.

Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ilkinji nobatda alyp barmaly işleri düşündiriş çärelerini giňden ýaýbaňlandyrmakdan ybaratdyr. Biziň maksadymyz, ilki bilen, hormatly Prezidentimiziň jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmagy has çuňlaşdyrmak bilen bagly bu taryhy başlangyjynyň maksatlary barada halkyň arasynda anyk düşünjeleriň we garaýyşlaryň döremegini we bu syýasy-hukuk özgertmesiniň jemgyýetçilik üçin hem-de onuň döwleti we jemgyýeti dolandyrmagy döwrebaplaşdyrmak üçin ähmiýetine doly düşünilmegini gazanmakdan ybaratdyr. Şoňa görä-de, iki palataly parlament ulgamynyň dünýädäki tejribelerini giňden öwrenmek, milli jemgyýetimiziň aýratynlyklaryna, halkymyzyň durmuş ýörelgelerine, dünýägaraýşyna laýyklykda parlamentarizmiň özboluşly syýasy-hukuk ugruny kesgitlemekde hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän konsepsiýalaryna çuňňur düşünmek bilen bagly syýasy-jemgyýetçilik guramalarynda maslahatlary, duşuşyklary geçirmegiň zerurdygy öz-özünden düşnüklidir.

Milli Liderimiziň giňişleýin we düýpli özgertmeleri netijesinde ýurdumyzda syýasy-jemgyýetçilik, demokratik-hukuk ulgamlarynyň işiniň we hereketiniň halkara hukugyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine laýyklykda has-da kämilleşendigini, milli saýlaw ulgamynyň tejribesiniň artandygyny, jemgyýetimiziň syýasy işjeňliginiň ýokarlanandygyny aýratyn bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz döwlet, jemgyýet, halk bilen bagly ösüş ýollaryny hemişe «Kämilligiň çägi ýok» diýen ýörelgä esaslanyp alyp barýar. Döwletiň we jemgyýetiň syýasy-hukuk, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer binýatlary Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde yzygiderli berkidilýär, kämilleşdirilýär. Paýhaslylyk bilen, örän oýlanyşykly amala aşyrylýan özgertmeler döredijilikli ösüş ýolunyň mizemez çelgilerini kemala getirýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet syýasaty berkarar türkmen döwletini häzirki zamanyň ählumumy ösüşinde täsirli orny bolan demokratik, hukuk döwletine öwürdi. Konstitusion özgertmeleriň täze tapgyrynyň hem ýurdumyzy türkmen halky üçin bähbitli demokratik ýol bilen ösdürmäge mümkinçilik berjekdigini uly ynam bilen aýtmak bolar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy edarasynyň hil taýdan täze, iki palataly ulgama geçmegi milli parlamenti türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň bähbitlerine wekilçilik edýän edara öwürmäge şert döreder. Şeýle hem yglan edilen täze syýasy-hukuk özgertmesi Halk Maslahatyny iş ýüzünde giň borçlary we ygtyýarlyklary bolan umumymilli wekilçilikli edara derejesine ýetirmäge ýol açar.

 

Gurbangül ATAÝEWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy:

— Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda demokratik jemgyýeti mundan beýläk-de kämilleşdirmek ýoly bilen barha öňe barýan Türkmenistanda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmelerdir strategik ähmiýetli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek hakyndaky öňe süren başlangyjy halkymyzyň giň goldawyna mynasyp boldy. Milli Liderimiziň umumymilli forumdaky maksatnamalaýyn çykyşy bu möhüm işi durmuşa geçirmek üçin esas bolup hyzmat edýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça Konstitusion topar öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda onuň birinji mejlisi geçirildi. Konstitusion toparyň işiniň baş maksady Esasy Kanunymyzy kämilleşdirmek boýunça başy başlanan işleri seljermekden, Konstitusion toparyň iş meýilnamasyny tassyklamakdan, ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmekden we öňde duran wezipeleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, dünýäde ykdysady we syýasy ýagdaýlar örän çalt üýtgeýär we ösýär. Şol sebäpden döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, şol sanda wekilçilikli edaralaryň işini yzygiderli kämilleşdirmek zerurlygy ýüze çykýar.

Hasabatlardan we ýerlerden gelip gowuşýan tekliplerden görnüşi ýaly, ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça öňe sürlen başlangyçlar halk köpçüligi tarapyndan giň goldaw tapýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda hukuk özgertmeleri geçirmek boýunça alyp barýan syýasatynyň hem-de halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda durmuşa geçirýän işleriniň oňyn netije berýändigini aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýynyň kämilleşdirilmegi, hukuk ulgamyny mundan beýläk-de özgertmek, kanun çykaryjylyk işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen bagly Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça öňde durýan wezipeleri dolulygyna ýerine ýetirmek uly ähmiýete eýedir. Hil taýdan täze, iki palataly ulgama geçilmegi türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň bähbitlerine wekilçilik etmäge mümkinçilik berer, hukuk ulanyş tejribesinde gözegçilik wezipelerini amala aşyrmaga şert döreder, deputatlaryň ýerlerde saýlawçylar bilen has ýakyn gatnaşyklaryny ýola goýmagyna, kanunlaryň we milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirmäge itergi berer.

Ýurdumyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak boýunça işler, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Mejlisiň deputatlary, welaýat, şäher we etrap halk maslahatlarynyň agzalary, alymlar, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşlar bilen bilelikde geçiriler. Biz, jemgyýetçilik guramalarynyň ähli agzalary hem-de işjeňleri bolup, milli Liderimiziň Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça öňe süren başlangyjyny doly goldaýarys hem-de öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde ukyp-başarnygymyzy gaýgyrmajakdygymyza ynandyrýarys.

 

Maýýa ALIMOWA,

«Neýtralnyý Türkmenistan» gazetiniň baş redaktory:

— 25-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde ýurdumyzyň ýokary wekilçilikli edarasynyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Umumymilli forumda «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda gazanylan üstünliklere syn berildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasynda bellenilen işleriň ýerine ýetirilişi hem-de geljekde amala aşyrylmaly möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz taryhy maslahatda eden maksatnamalaýyn çykyşynda: «Biz dünýäde bolup geçýän özgertmeleri we köp ýurtlarda toplanan tejribäni nazara alyp, iki palataly ulgama geçmegi we Türkmenistanyň Halk Maslahatyny hem-de Türkmenistanyň Mejlisini wekilçilikli kanun çykaryjy häkimiýetiň wezipelerini amala aşyrýan edaralar ulgamyna goşmagy maksadalaýyk hasaplaýarys» diýip, ýurdumyzyň Esasy Kanunyny has-da kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi.

Halkymyz: «Ýolbaşçy ýol başlar» diýýär. Dünýäde ykrar edilen milli Liderimiz ýurdumyzyň kanun çykaryjylyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça nobatdaky umumymilli forumda anyk-aýdyň başlangyçlary öňe sürdi, döwletli teklipleri orta atdy. Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi tamamlandy, emma öňde has möhüm wezipeler dur. Biziň esasy maksadymyz hormatly Prezidentimiziň başyny başlan özgertmelerini dowam etdirmekden hem-de onuň ähmiýetini halk köpçüligine düşündirmekden ybaratdyr. Çünki žurnalistika we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri halk bilen häkimiýetiň arasyndaky köprüdir, araçydyr. Şoňa görä-de, bu ugurda ýurdumyzyň žurnalistlerine aýratyn ornuň degişlidigi öz-özünden düşnükli bolsa gerek.

Bilşimiz ýaly, 4-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen baglylykda, teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň birinji mejlisi geçirildi. Konstitusion toparyň iş meýilnamasyny tassyklamak, ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça toparyň işi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak nobatdaky duşuşygyň gün tertibini düzdi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň häzirki we geljekki ösüşiniň esasy taraplary we ileri tutulýan ugurlary adamzadyň ösüşinde gazanylan örän gowy üstünlikler hem-de iň öňdebaryjy halkara tejribe nazara alnyp, döwletimiziň Esasy Kanunynda öz beýanyny tapmalydyr. Hut şonuň üçin-de, amala aşyrylýan özgertmeleriň ähmiýetini jemgyýetçilige giňişleýin hem-de düýpli düşündirmek, Halk Maslahatynyň hukuk derejesiniň, onuň wezipeleriniň we borçlarynyň hemmeler üçin aýdyň bolmagyny gazanmak esasy wezipeleriň hatarynda öňe çykýar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu ugurda alnyp baryljak işleriň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, alymlaryň we degişli hünärmenleriň gatnaşmagynda kärhanalarda hem-de guramalarda duşuşyklary geçirmek, teleýaýlymlarda we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyşlarydyr «tegelek stollaryň» başyndaky söhbetdeşlikleri guramak has möhümdir.

Elbetde, žurnalistika — döwrüň aýnasy. Ýurtda amal edilýän işleriň ählisi habar beriş serişdeleri arkaly jemgyýete ýetirilýär, olaryň many-mazmuny, ähmiýeti düşündirilýär. Žurnalistikanyň esasy wezipeleriniň biri-de jemgyýetçilik pikirini kemala getirmek hem-de halkyň pikirini, isleg-arzuwlaryny häkimiýet edaralaryna ýetirmekdir. Ine, Halk Maslahatynyň mejlisinde öňe sürlen Esasy Kanunymyza üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek, iki palataly parlament ulgamyna geçmek baradaky teklipdir başlangyçlary halkyň arasynda giňişleýin düşündirmek işinde hem hut şu wezipe öňdäki hatara geçýär.

Aslynda, bu ugurda ýurdumyzyň habar beriş serişdeleri tarapyndan nämeler edilip bilner?! Geljekki maksatlar we wezipeler aýdyň! Çünki bu barada Konstitusion toparyň birinji mejlisinde eýýäm döwlet Baştutanymyz birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, geljekde ýurdumyzyň gazet-žurnallarynda Esasy Kanunymyza üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek, iki palataly parlament ulgamyna geçmek baradaky teklipleriň ähmiýetini hem-de onuň döwletimiz we halkymyz üçin bähbitlerini giňden açyp görkezýän seljerme häsiýetli makalalary yzygiderli çap etmek aýratyn ähmiýetli bolar. Bu ugurda degişli hünärmenler, deputatlardyr alymlar bilen bilelikde giňişleýin «tegelek stollary» taýýarlamak, redaksiýalaryň işgärleri hem-de awtorlar tarapyndan ýazylan giň göwrümli, many-mazmunly makalalary halk köpçüligine ýetirmek has möhümdir. Şonuň bilen birlikde, bu ugurdaky işler ýurdumyzyň teleýaýlymlary bilen bilelikde sazlaşykly amala aşyrylmagy oňyn netijeleri berer.

Biz ýurdumyzyň deputatlaryndan, žurnalistlerinden, umuman, ähli gatlagyň wekillerinden ýurdumyzyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek, iki palataly parlament ulgamyna geçmek barada has anyk işleri beýan edýän çykyşlardyr makalalara gazet sahypalarynda giňden orun bereris. Bu ugurda dünýä tejribesini, dünýä ýurtlarynyň gazananlaryny içgin öwrenmek hem-de olary milli aýratynlyklarymyza, milli kanunçylygymyza görä seljermek we iş ýüzünde ulanmak maksadalaýyk bolar diýip pikir edýäris. Çünki ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň işini kämilleşdirmek üçin parlamentarizmiň dünýäde toplanan tejribesiniň iň gowy düzgünlerini goldanmak we milli kanunçylygymyzda ornaşdyrmak häzirki zaman dünýäsinde bolup geçýän özgerişliklere çydamly, kämil kanunçylyk ulgamyny kemala getirmekde we berkitmekde örän ähmiýetlidir.

«TÜRKMENISTAN» gazeti.

 

tags: