KONSTITUSION ÖZGERTMELER TÄZE ÖSÜŞLERIŇ BADALGASY

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, ata Watanymyzy senagat taýdan kuwwatly döwlete öwürmäge gönükdirilen giň gerimli işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Uly depginler bilen alnyp barylýan beýik işleriň netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar.

Döwletimizde amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň depgininiň ýokarlanmagy hem-de geriminiň giňemegi üçin kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň binýady bolup durýan Esasy Kanunymyza üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek zerurlygy orta çykýar. Şu maksatlardan ugur alnyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinde Esasy Kanunymyza üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça Konstitusion topar döredildi.

Döwlet Baştutanymyzyň iki palataly parlament ulgamyna geçmek hem-de bu işi alyp barmak bilen bagly Konstitusion topary döretmek baradaky başlangyjy syýasy-hukuk özgertmeleriň täze tapgyryny alamatlandyryp, ýurdumyzyň syýasy we jemgyýetçilik ulgamlarynyň öňünde täze jogapkärli wezipeleri goýýar. Jemgyýetçilik-syýasy guramalar hem Gahryman Arkadagymyzyň bildiren uly ynamyna jogap edip, syýasy-hukuk özgertmeleriň ähmiýetini jemgyýetçilige giňişleýin hem-de düýpli düşündirmek, onuň wezipeleriniň we borçlarynyň hemmeler üçin aýdyň bolmagyny gazanmak ugrunda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, halk köpçüliginiň arasynda, edara-kärhanalarda, ýokary okuw mekdeplerinde çykyşlardyr «tegelek stollaryň» başyndaky söhbetdeşlikleri yzygiderli guraýarlar.

Milli Liderimiziň öňe süren taryhy başlangyçlary esasynda dörediljek iki palataly parlament ulgamy ýurdumyzyň raýatlarynyň syýasy, ykdysady we durmuş hukuklarynyň mundan beýläk-de giňelmegine ähli mümkinçilikleri döreder. Esasy Kanunymyza giriziljek goşmaçalar we üýtgetmeler ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň depginini güýçlendirer.

Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda Esasy Kanunymyzyň aýry-aýry kadalarynda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilendigi sebäpli, döwletimizi we jemgyýetimizi özgertmek üçin bu kadalara bildirilýän talaplara laýyk getirmek, döwrebaplaşdyrmak, şeýle-de türkmen halkynyň durmuşynyň ähli ugurlarynda bolup geçýän düýpli özgertmeleri kanunçylyk taýdan berkitmek, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda beýan etmek maksady bilen ýurdumyzyň häzirki we geljekki ösüşiniň esasy taraplary we ileri tutulýan ugurlary, adamzat ösüşinde gazanylan iň oňat üstünlikler hem-de öňdebaryjy halkara tejribeleri nazara alynmagynyň zerurdygyny nygtaýar. Şoňa görä-de halkyň erk-isleginden we döwrüň talabyndan ugur alyp, Esasy Kanunymyzy we oňa esaslanýan milli kanunçylyk binýadymyzy kämilleşdirmek boýunça oýlanyşykly ylmy çemeleşmeler we iň oňat dünýä tejribesi esasynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak bilen baglanyşykly işlere badalga berildi.

Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzyň Esasy Kanunyna üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak işi Mejlisiň deputatlary, welaýat, şäher we etrap Halk maslahatlarynyň agzalary, alymlar, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşlar bilen bilelikde geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyryljak Konstitusion özgertmeler ýurdumyzyň geljekki ösüşlerine uly itergi bolup hyzmat eder. Milli kanunçylyk ulgamynda göz öňünde tutulýan özgertmeler her bir raýatyň aýratynlykdaky we tutuş jemgyýetiň bitewülikdäki bähbitleriniň utgaşdyrylmagyna gönükdiriler. Döwlet Baştutanymyz hemişe döwlet ähmiýetli, halk bähbitli işleri amala aşyranda öz halkyna bil baglaýandygyny nygtap geçýär we gadymdan gelýän asylly däbe görä ýurdumyzyň ýaşululary, kethudalary bilen maslahatlaşýar. Bu işlerde hem döwletimiziň her bir raýaty, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň halkymyzyň ykbalyny kesgitleýän, ýurdumyzy ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen mundan beýläk-de çalt depginler bilen ösmegine ýardam edýän iň esasy hukuk namadygyndan ugur alyp, ony kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlere işjeň gatnaşmak bilen ata Watanymyzyň geljekki ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşarlar.

Parahatçylyk ýoly bilen beýik işleri bitirip, eziz Diýarymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, beýik tutumlarynyň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Pena AŞYROW,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň guramaçylyk we syýasy işleri bölüminiň müdiri

“Nesil” gazeti.

14.01.2020ý.

 

tags: