Ýaşlar — ýurduň daýanjy

Ata-babalarymyzyň kämil şahsyýetleri kemala getirmekdäki asylly ýörelgeleri we milli däpleri «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda-da mynasyp dowam etdirilýär. Berkarar döwletimizde bagtyýar türkmen ýaşlaryny dünýäniň häzirkizaman talaplaryna laýyklykda ýaşatmak, okatmak we giň zähmet şertleri bilen üpjün etmek maksady esasynda durmuşa geçirilýän beýik işler, oňyn tutumlar-da mynasyp dowam etdirilýär. Bular dogrusynda ýakynda etrap häkimliginde geçirilen maslahatda täsirli çykyşlar diňlenildi.

«Ýaşlar — röwşen geljege tarap» diýen at bilen geçiren bu maslahatymyzda soňky ýyllarda ýaşlaryň zähmet, iş we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, olary hünäre ugrukdyrmak ugrundaky tagallalar dogrusynda nygtaldy. Maslahata gatnaşan syýasy partiýalaryň wekilleri öz çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary esasynda ýaşlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini ygtybarly goraýan, olaryň durmuş üpjünçiligini kepillendirýän kanunçylyk namalarynyň ähmiýetini we zerurlygyny giňişleýin açyp görkezdiler. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyndan we «Türkmenistanda Ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerine bildirilýän talaplar barada aýdylanlar maslahatda edilen çykyşlaryň özenini düzdi.

Mähri Muhiýewa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň partiýa guramaçysy

“Türkmen gündogary” gazeti

21.07.2022 ý

 

tags: