ÜLKÄME BAHAR GELENDE

Pasyllaryň soltany bolan bahar paslynda döwlet derejesinde il agzybirliginde we jebislikde toýlanylýan Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni bezeýän şanly seneleriň biridir.

Nowruz baýramynyň kökleri milliligimizden, taryhymyzdan, özboluşly ruhy dünýämizden gözbaş alýar. Ata-babalarymyz gadymdan gelýän Nowruzy täzelenişiň, abadançylygynyň baýramy hasaplapdyrlar. Gahryman Arkadagly ýurdumyzda milli däp-dessurlara hormat goýmak, pederleriň sarpasyny belentde saklamak, milli ruha kybapdaş baýramçylyklary döwlet derejesinde bellemek däbe öwrüldi. Garaşsyzlyk ýyllary täzeden dikeldilen Oraza, Gurban, Nowruz baýramlary ruhy galkynyşymyza ganat bekledi. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni nesillerimizi watansöýüjilik, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemekde, şöhratly geçmişimize, ajaýyp şu günümize buýsanjy artdyrmakda, geljegimize berk ynamy oýarmakda uly ähmiýete eýedir.

Bu günki günde – Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gojaman we şöhratly taryha eýe bolan halkymyz Milli bahar baýramynda – Halkara Nowruz gününde mukaddes we bereketli desterhanlaryny dürli nygmatlardan dolduryp, bu baýramy belläp geçýär. Şol gün aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlanyp, milli oýunlara, pälwanlaryň göreşine we beýleki oýunlara beslenýär.

Halkara Nowruz güni halklaryň arasynda giňden bellenilýän dostlugyň, ynsanperwerligiň we hoşniýetli goňşuçylygyň hem ajaýyp baýramydyr. Nowruz baýramynyň umumadamzat medeniýetiniň hazynasynda tutýan ornuny ebedileşdirmek, dünýä halklarynyň medeniýetleriniň dürli-dürlüligini gorap saklamak hem-de onuň umumadamzat bähbitli taraplaryny dünýä ýaýmak maksady bilen, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan her ýylyň 21 – 22-nji martyny “Halkara Nowruz güni” diýip yglan etmek barada ýörite Kararnama kabul edildi. Sebit döwletlerinde Nowruz baýramy halklaryň arasynda parahatçylygy berkidýän hem-de Gündogar halklarynyň taryhy – medeni däp-dessurlaryny dünýä ýaýýan halkara baýramy hökmünde giňden bellenilýär. Döwlet derejesinde dabaraly bellenilýän Nowruz baýramy türkmen halkynyň şatlygyna şatlyk goşýar.

Garaşsyzlyk Ýyllarynda milli mirasymyza, medeniýetimize, gojaman we şöhratly taryhymyza, özboluşly ruhy dünýämize, däp-dessurlarymyza hem-de durmuş ýörelgelerimize hormat goýmakda, goramakda we geljekki nesillere ýetirmekde uly işler edildi. Millilige we ynsanperwerlige, ýagşylyga we dostluga ýugrulan milli baýramlarymyz dikeldip, halkymyza täzeden gaýtarylyp berdi.

Türkmen halkynyň aýratyn söýýän we arzylaýan pasly bolan bahara ýaşaýşynyň çeşmesi hökmünde garalýar. Çünki ýaşaýşyň ýazyň neneňsi gelendigi bilen bagly bolýar. Şonuň üçinem ata-babalarymyz “ýaz miwesi – gyşyň hazynasy” diýip, ýaz paslyna aýratyn sarpa goýupdyr.

Her bir işini tebigat bilen baglanyşykly alyp barýan ata-babalarymyz Zeminde bolup geçýän bu ajaýyp täzelenişe, janlanyşa täze ýylyň hökmünde belläp geçipdirler. Magtymguly Pyragynyň goşgularynda Nowruzyň waspy edilýär. Şeýle hem, halkyň arasynda Nowruz baýramy bilen baglanyşykly däp-dessurlaryň we yrymlarynyň barlygy, şonuň ýaly-da, gadymy taryhçylaryň, alymlaryň ýazgylary Nowruz baýramynyň türkmeniň gadymy döwürlerden bäri dabaralandyryp gelen baýramdygyny doly subut edýär.

Hormatly Prezidentimiziň geçen ýylda Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli türkmen halkyna iberen Gutlagynda: “Milli bahar baýramy – Halkara nowruz gününiň agzybirlik güýji, ajaýyp däp*dessurlary hem-de ýörelgeleri, şeýle hem, bu ajaýyp baýram mynasybetli geçiriljek göwün galkyndyryjy dabaralar mähriban halkymyzy berkarar döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda yhlasly we tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýar” diýlen sözler bar. Bu baýramçylygyň şu ýylda-da şeýle häsiýete eýe boljakdygy ikuçsyzdyr.

Soltanmyrat Ýazmyradow, TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy

“Watan” gazeti

20.03.2021 ý

 

tags: