MÜŇÝYLLYKLARA UZAÝAN AK ÝOL

Agzybirligiň, jebisligiň, zähmetsöýerligiň nusgasyny görkezýän türkmen halky Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe bu ajaýyp zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda uly ösüşleriň şaýady bolup, şanly hem taryhy seneleri dünýä ýaň salýan dabaralara besleýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýyl hem türkmeniň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak şöhratly senäniň — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýyly hökmünde aýratyn ähmiýete, many-mazmuna eýedir. Sebäbi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni ýurdumyzyň baş baýramy bolup, bu senäniň 30 ýyllygy bolsa egsilmez tarypa hem mahabata mynasypdyr.

«Garaşsyzlyk millet hökmünde belent abraýy dünýä döwletleriniň arasynda ykrar edilen halkymyzyň bakylygydyr we beýik ertirlere — müňýyllyklara uzaýan ak ýoludyr» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen müňýyllyklara uzaýan ak ýoluň ajaýyp ösüşlere beslenýän eýýamynda — Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň haýsy ulgamyny alsaňam, onuň kämillik derejesine ýetendiginiň şaýady bolýarsyň. Bu zatlaryň ählisi bolsa Garaşsyzlygyň gadyr-gymmatyna durky bilen düşünýän halkymyzyň agzybirligi hem-de yhlasly zähmeti netijesinde amala aşýar.

Garaşsyzlygyň beren bagtynyň näderejede arzylydygyna, gymmatlydygyna göz ýetirmek üçin öz ýaşaýan ýerimizde: obamyzda, şäherçämizde, şäherimizde durmuşa geçirilen özgertmelere, ýetilen üstünliklere ser salmagam ýeterlikdir. Ýurdumyzyň baş şäheri Aşgabat bolsa sözüň doly manysynda hut Garaşsyzlykda galkynan şäher hökmünde kalplarymyzy buýsanja hem guwanja besleýär. Gahryman Arkadagymyzyň gözel paýtagtymyzyň taryhy 140 ýyllyk senesiniň öň ýanynda elimize gowşan «Ak şäherim Aşgabat» atly ajaýyp eseriniň bir bölümi «Aşgabat — dünýä binagärliginiň merjeni» diýlip atlandyrylýar. Eýsem-de, bu sözleriň bütin dünýäde uly ykrarnama eýe bolan ajaýyp hakykatdygyny buýsanç bilen aýtsa bolar.

Aşgabat Garaşsyzlygyň halka, ýurda neneňsi uly bagty, eşreti, ajaýyplygy eçilip bilýändiginiň özboluşly subutnamasydyr. Garaşsyzlygyny gazanan halkyň öz jebisligi, zähmeti, yhlasy bilen neneňsi uly sepgitlere ýetip bilýändigini biz baş şäherimiziň mysalynda hem Ýer ýüzüne aýan etdik. Elbetde, bu görlüp-eşidilmedik ajaýyplyklaryň, gözellikleriň gözbaşynda Arkadag Prezidentimiziň paýhasynyň, parasatly döwlet syýasatynyň durýanlygy her birimize mälim. Hut milli Liderimiziň paýhasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe binagärlikde nusgalyk paýtagta öwrülen Aşgabada degişli täsinlikleriň 11-siniň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegem ýurdumyzyň baş şäheriniň Ýer ýüzünde uly meşhurlyga eýedigine bütin aýdyňlygy bilen güwä geçýär. Olaryň ählisiniň 2000-nji ýyldan soň hasaba alnandygam nygtanyňa degýän maglumat. Aşgabadyň şol rekordlaryň birine ak mermerli binalaryň iň köpüsiniň bir ýere jemlenen şäheri hökmünde eýe bolmagynyň özem türkmen paýtagtynyň üýtgeşik gözellige eýediginiň aýdyň güwäsidir. Paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramynyň bellenilen gününde hormatly Prezidentimiziň Aşgabadyň demirgazygynda «Aşgabat-siti» taslamasynyň düýbüni tutup, onuň gurluşygyna ak pata bermegi bolsa, onuň geljekde has-da gözelleşjekdiginiň nyşany bolup dabaralandy. Bu günki gün Diýarymyzyň çar künjegindäki oba-şäherleriň Ýer ýüzüne ýalkym saçýan ak şäherimiz Aşgabatdan nusga alyp, günbe-günden gözel keşbe beslenmegi-de Garaşsyzlygyň beren bagtydyr.

Ýurdumyzy bagtyýarlygyň mekanyna öwren Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Nurbibi Dädebaýewa,Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkanabat şäher komitetiniň başlygy

“Balkan” gazeti

06.07.2021 ý

 

tags: