MASLAHAT GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramaklarynda «Arkadag Prezidentimiziň döretmek strategiýasy: berkarar döwletiň depginli ösüşleri» atly maslahat geçirildi.

Maslahatyň dowamynda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýunyň toýlanan ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary bilen amala aşyrylýan asylly işler, gazanylýan belent sepgitler, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän özgertmeler barada buýsançly sözler aýdyldy.

 

Gülnar Atagulyýewa, TDP-niň Syýasy Geňeşiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň maslahatçysy

“Galkynyş gazeti”

11.11.2020 ý

tags: