MASLAHAT GEÇIRILDI

Geçen hepdäniň penşenbe güni Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda «Hormatly Prezidentimiziň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine we halkara hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasat ugrunyň dabaralanmagy» at bilen baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanan maslahat geçirildi.

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz Türkmenistanyň baky Bitaraplyk ýyllary içinde hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birek bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýaly halkara gatnaşyklarda ykrar edilen binýatlyk ýörelgeleri saýlap alandygyny bellediler. Şeýle-de Türkmenistan Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda goňşy we alysdaky döwletler bilen işjeň gatnaşyklaryň ýokary derejelerde alnyp barylýandygy barada belläp geçdiler. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň işjeň daşary syýasatynda hem uly üstünliklere eýe bolunýandygy dogrusynda-da giňişleýin gürrüň berdiler. Watanymyzyň baky Bitaraplyk syýasaty netijesinde amala aşyrýan işleriniň dünýä nusgalykdygyny bellediler. «Gallup» halkara barlaglar merkezi tarapyndan kanunyň we tertibiň düzülen indeksiň esasynda Türkmenistan döwletimiziň dünýäniň iň howpsuz ýurdy diýlip ykrar edilendigi buýsanç bilen nygtaldy.

Bezirgen Ataýew, TDP-niň Syýasy Geňeşiniň guramaçylyk we syýasy işleri bölüminiň maslahatçysy

“Galkynyş” gazeti

18.11.2020 ý

tags: