Medeni mirasyň görnükli nusgalary

Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirilen aýdym-sazly dabara «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmeginiň şanyna guraldy. Ony welaýat häkimligi, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleradioýaýlymy, welaýat Medeniýet müdirligi hem-de welaýatyň jemgyýetçilik guramalary bilelikde gurady.

Aýdym-sazly dabara welaýatyň dürli ýerlerinden dutarçy bagşy-sazandalaryň, dutar ussalarynyň gatnaşmagy has-da göwün göteriji duýgulary döretdi. Dabaranyň geçirilýän ýerinde ýaýbaňlandyrylan giň göwrümli sergini milli gymmatlyklar bezedi.

Dabara gatnaşyjylar «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi bilen baglanyşykly ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny dünýä ýaýmak babatda guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurdaky maksada gönükdirilen ajaýyp tagallalary Türkmenistanyň Birleşen Milletler guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlygynyň barha işjeňleşmegine itergi bolýar. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi bilen baglanyşykly hoş habar hem aýdyňlygy bilen äşgär etdi. Bu waka ýurdumyzyň aýdym-saz sungatynyň halypa we ýaş wekilleriniň, Diýarymyzyň bütin medeniýet hem-de sungat işgärleriniň buýsançly başyny göge ýetirdi.

Dabarany dutarçy bagşy-sazandalaryň joşgunly çykyşlarynyň bezändigini bellemek has-da ýakymlydyr. Toý ruhuna beslenen ajaýyp sahnada ussatlarça ýerine ýetirilen hoş owazly, belent mukamly aýdym-sazlar ýüreklere ylham berip, kalplary joşa getirdi.

Ajaýyp waka bagyşlanan aýdym-sazly dabara gatnaşyjylar milli medeniýetimiziň, aýdym-saz sungatynyň ösmegi we dünýä ýaýmagy ugrunda taýsyz tagalla edýän hormatly Prezidentimiziň umumadamzat bähbitli, dünýä möçberli alyp barýan beýik işleriniň hemişe üstünliklere we rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Araphan Erniýazow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň bölüm müdiri

“Ahal durmuşy” gazeti

19.01.2022 ý

 

tags: