MERDANALYK MEKDEBI

Mukaddes Watany söýmegi, onuň bir bölegidigiňe guwanmagy, ene topragy gözüň göreji deýin gorap, ata ýurduň mertebesini beýgeltmegi körpelikden kalbyma guýan kakam pahyr bolupdy. Ol heniz men dünýä inmänkäm, Beýik Watançylyk urşunda bir elini aldyryp gelen ekeni.

Oglanjykkam kakamyň boş ýeňini görüp, munuň sebäbi barada soranym, şu günki ýaly ýadymda. şonda kakam çaga düşnükli boljak sözler bilen Watany goramak üçin gerek bolsa, şirin janyňy hem aýamaly däldigini düşün diripdi.

Mekdebe gatnap, taryh dersinden Watan topragyny gözüniň göreji deýin goran merdana pederlerimiziň gahrymançylygy barada öwrendim. Taryh kitabynda kakam Bäşim Reýimowyň adyna-da duş gelenimde, onuň edermen esger bolup, Watan goragyna ilkinjileriň  hatarynda seslenip, ata ýurduny mertlerçe gorandygyna göz ýetirdim. Şeýdip, Watan mertebesini beýgeltmek arzuwy kalbyma has-da mäkäm ornaşdy.

Ýokary okuw mekdebini tamamlanymdan soňra harby gulluga çagyryldym. Bir müň dokuz ýüz segsen dördünji ýylyň on sekizinji dekabrynda kyrk türkmen ýigidi bolup, otly bilen uzak ýol söküp, Russiýanyň Samara şäherine baryp düşdük. şäheriň merkezinde ýerleşýän harby bölümde çagyryş boýunça harby gullugy tamamlan ildeşlerimiz bizi dabaraly garşylap, öz orunlaryny ýaş esgerlere tabşyrdylar. Olar bize-de özleri ýaly gowy gulluk edip, elmydama türkmen mertebesini belende göterip gezmegi ündäpdiler. Bizem şol sargytlary hemişe hakydamyzda göterip, abraý bilen gulluk edip gezdik.

Harby bölümimizde bütin Priwolžiýäniň uly harby bölümleriniň esgerleriniň gatnaşmagynda harby okuwlar, söweşjeň taýýarlyklar, dürli medeni we sport çäreleri, döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilerdi. Bir gezegem harby bölümimizde sportuň dürli görnüşleri boýunça uly ýaryş geçirildi. Biz, türkmen ýigitleri bolup, her bir bäsleşikde ýoldaşlarymyzdan birjikde kem galmaýardyk. Ýaryşyň soňy agyr atletika boýunça bäsleşik bilen jemlenýärdi. 32 kilogram agyrlykdaky daşy götermekde beýleki harby bölümlerden gelen türgen esgerler öňe saýlanyp ugradylar. Şonda biziň toparymyzyň adyndan Köýtendagyň eteginde önüp-ösen Döwletmyrat Artykow öz güýjüni synamaga mähetdel boldy. Onuň hortap bedenini we uzyn boýuny görenleriň kimisi ýylgyryp oňsa, oňa deginip gep oklap gülenler hem tapyldy. Ýöne salym geçmänkä Döwletmyrat olaryň baryny aňk etdi oturyberdi. Agyr daşy çalasynlyk bilen galdyran türkmen ýigidi ony goýar ýerde goýmady. Eminleriň sanaýan sany ýüze golaýlady. Döwletmyradyň görkezen netijesi bäsdeşleriniňkiden iki esseden gowrak ýokary boldy.

Görlüp oturylsa, Döwletmyrat öz obasynda çopançylyk edýän kakasynyň ýanynda kömekleşip, täze dogulan guzylary göterip endik edinensoň, olar ulalyp, goç çykan soň hem götermegi aňsatlyk bilen başarar eken. Üstesine-de, olaryň obasynda tutulýan toýlarda 24 — 32 kilogramlyk daşlary götermek boýunça bäsleşikler däbe öwrülipdir. Döwletmyrat entek Watan goragyna çagyrylmazdan ozal hem şeýle bäsleşiklerde ençeme gezek baýrakly orunlara eýe bolupdyr. Munuň üçin bolsa Köýtendagyň agyr daşlaryny göterip, yzygiderli türgenleşer eken.

Harby gullugy abraý bilen tamamlanymyzdan bäri köp ýyl geçse-de, biz gullukdaş ýoldaşlarymyz bilen şol ýyllardaky süýji ýatlamalary hemişe ýatlap durýarys. Çünki türkmen ýigitleriniň erjelligi biziň her birimizde ata Watanymyza bolan buýsanjy has-da beýgeldýärdi.

Bu gün biziň gullukdaş ýoldaşlarymyzyň hersi bir ulgamda zähmet çekip, Garaşsyz Watanymyzyň berkararlygy ugrunda yhlasyny gaýgyrmaýarlar. Olaryň kimi daýhan bolsa, kimi mugallym, inžener, kimi Watan goragçysy bolup, gurýan we döredýän döwletimiziň täze ýeňişlerine şärik bolýarlar. Perzentlerimiz hem Watanyň öňündäki mukaddes borjy berjaý etmäge gidenlerinde, biz olardan pederlerimiziň merdanalyk ýoluny mynasyp dowam etdirip, Berkarar döwletimize we il-güne peýdaly ynsanlar bolup ýetişmegi, gulluk borçlaryny abraý bilen berjaý etmeklerini öwran-öwran nygtap geldik. Çünki goşun gullugy tamamlansa-da, Watanyň öňündäki mukaddes borç tamamlanmaýar. Ata-babalarymyzyň ýaşan zamanasy, öz geçmişimiz we şu günki bagtly günlerimiz barada oýlananyňda, her bir nesliň ozalkydan gowy durmuşda ýaşaýandygyna göz ýetirýärsiň. Bu gün Watanymyzda asuda, abadan, parahat durmuş höküm sürýär. Emma ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän Watan goragynyň we mukaddes borjuň ähmiýeti hiç mahal egsilmez. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesiniň giňden belleniljek ýylynda Watan goragçylarynyň güni hem uly şatlyga beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň mynasyp durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredilýär. Ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagat bolup ýetişmekleri hem-de watançylyk ruhunda terbiýelenmekleri üçin ähli tagallalar edilýär. Bu gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň her bir raýaty gün saýyn gülläp ösýän döwletde we şeýle eşretli zamanada ýaşaýandygyna buýsanmaga haklydyr. Halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň göz başynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň ýadawsyz aladalary, bimöçber tagallalary durandyr.

Baýrammyrat Reýimow, TDP-niň Hojambaz etrap komitetiniň başlygy

“Watan” gazeti

26.01.2021 ý

 

tags: