MERTLIK NUSGASY

Magtymgulynyň döredijiliginiň jöwhermaýasydyr

Magtymguly Pyragy özüniň jöwher paýhasyny siňdiren şygyrlarynda ynsanperwerlige aýratyn uly üns beripdir. Ol mertligi ynsan üçin zerur sypatlaryň biri hasaplapdyr. Sebäbi mert adamlar jemgyýetiň esasy daýanjy bolup durýar. Bu hakda şahyr şeýle dürdäne setirleri ýazypdyr:

Bir bigaýrat ýigit ilde,

Bakyň, tekepbirlik eýlär.

Mert ýigitler ýaman ilde,

Başdan agzybirlik eýlär.

Magtymguly ýigitleriň mertligini, edermenligini olaryň watançylyk duýgulary bilen berk baglylykda suratlandyrýar. Ol halkyň erkin durmuşy ugrunda göreşen gaýratly ýigitleriň mertebesini belende göterip wasp edýär. Onuň tersine namartlary, gorkaklary bolsa berk ýazgarýar. Bu hakykat ýöne ýere däl. Sebäbi mert ýigitleriň keşbinde Watanyny şirin janyndan hem eziz görýän, onuň asudalygy ugrunda göreşýän, il-halkyň aladasy bilen ýaşaýan, döwrüň öňdebaryjy adamlarynyň häsiýetleri jemlenýär. Mert ýigitleriň belent aň-düşünjesi, Watana, il-halkyna bolan wepalylygy, çäksiz söýgüsi olaryň Watan goragynda anyk hem aýdyň duýulýar. Il-ýurdy goramak borjy mertligiň synag meýdanydyr. Şonuň üçinem beýik Magtymguly: «Ýagyda tanylar mertler» diýip nygtapdyr.

Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet guşy» romanynda şeýlesetirler bar: «Hiç bir babatda türkmen gözi gülüp durup, ýüregi ýigrençden doly halk bolmandyr. Beýle häsiýete namartlyk diýlipdir. Namartlyk bolsa biziň halkymyzyň ýek ýigrenýän zady. Ylaýta-da, harby meselede namartlyga orun bolmandyr. Asla, türkmen namartlar bilen iş salyşmagy hem mertlik hasaplamandyr». Beýik Magtymguly şygryýetinde mert häsiýetli adamy köptaraply şekillendirýär. Gahrymanyň häsiýetini köptaraply suratlandyrmak bolsa, hakyky, dogruçyl, belent derejeli, ýokary çeperçilikli edebiýatyň esasy sypatlarynyň biridir.

Magtymguly beden sagdynlygyny, güýçlüligi mert ýigidiň zerur sypatlarynyň biri hasaplap, döwrüň mert, batyr ýigidi gaýduwsyz, ýeke özi onlarça adama taý gelýän atly, kesgir gylyçly bolmalydyr diýen pikiri ündeýär. Magtymguly batyr ýigide zerur bolan köp sypatlary özünde jemleýän gahrymanlary orta çykaryp, olary il-halka görüm-görelde edip goýupdyr.

Magtymgulynyň «Başy gerekdir» atly goşgusynda mert ýigit köptaraply häsiýeti bilen göz öňüňde janlanýar:

Mert oldur ki, bolsa köňli rehimli,

Göwresi giň gerek, özi pähimli,

Giň ýerde garga deý bolsun wehimli,

Ýerinde hünäri, işi gerekdir.

 

Gaplaň kimin arlap girse meýdana,

Tilki kimin bazyberse her ýana,

Duranda, gaýa dek durup merdana,

Alar ýerden at salyşy gerekdir.

Şahyr goşguda mert ýigitlere mert ýoldaşyň gerekdigine-de ünsi çekýär. Şahyr mert gahrymanynda ýedi jandaryň esasy häsiýetlerini hem görmek isleýär. Ol häsiýetler türkmeniň ata-baba sarpa goýup gelýän häsiýetleridir.

Magtymgulynyň şygryýetinde türkmen bedewi elmydama mert ýigit bilen bilelikde göz öňünde janlandyrylýar. Olaryň ikisiniň-de ajaýyp sypatlary şahyrana söz bilen taryp edilýär. Bu hakykat türkmen ýigidiniň keşbiniň milliligini-de, durmuşylygyny-da alamatlandyrýar.

Mert gerek jepa çekmäge,

At gerek dere sökmäge,

Supra ýaýyp, nan dökmäge,

Köňlüniň hümmeti gerek.

Myhmansöýüjilik türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däpleriniň naýbaşylaryndan biri bolup, oguz aýdymlarynda we nakyllarynda-da giňden taryp edilipdir. Bu hakykaty Mahmyt Kaşgarly hem nygtapdyr. Magtymgulynyň şygryýetinde myhmansöýüjilik mertligiň esasy alamatlarynyň biri hökmünde suratlandyrylýar. Şahyr «Meýdan ýoluksa» atly goşgusynda merdi we namardy jaýdar häsiýetlendirýär:

Mert çykar myhmana güler ýüz bile,

Namart özün gizär, myhman ýoluksa.

Her birimiziň ýüregimizde Watana bolan söýginiň joş urmagy we oňa päk ýürekden ygrarly bolmak duýgusy ata-babalarymyzyň süňňüne ornaşan gymmatlykdyr. Bu gymmatlygy şu günki durmuşymyzda mertligiň pelsepe mekdebi hökmünde öwrenmek mukaddes borjumyzdyr.

Araphan ERNIÝAZOW,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň bölüm müdiri.

“Edebiýat we sungat” gazeti.

 

tags: