Milli döwletlilik nyşanlary

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilik syýasatyny, pederlerimizden miras galan däp-dessurlarymyzy we ahlak gymmatlyklarymyzy, ýurdumyzyň eýe bolan ösüşleriniň belent sepgitlerini dünýä ýaýýan baýramdyr. Her ýyl agzybirlikde we ýokary ruhubelentlikde uly dabaralara beslenip bellenilýän bu şanly sene «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan bu ýylda has-da uly ähmiýete eýedir. Bu ýylda döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynda pederlerimizden miras galan adalatly ýörelgeleriň türkmen jemgyýetinde mynasyp orun alýandygyna, halkymyzyň jebislige we mizemez agzybirlige eýedigine dünýä halklary ýene bir gezek şaýat boldy.

Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistanyň garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanuny 1991-nji ýylyň oktýabrynda kabul edilipdi. Bu Kanun türkmen halkynyň özygtyýarlylygyny we milli döwletliligini hukuk taýdan berkitdi. Onda Türkmenistanda döwlet häkimiýetiniň eýesiniň halkdygy, halkyň öz häkimiýetini gös-göni halk geňeşiniň, wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýandygy görkezilýär. Şeýle hem ýurduň bütin çäginde onuň Esasy Kanunynyň agalyk edýändigi bellenendir, döwlet we onuň raýatlary üçin möhüm kadalary, adalatly ýörelgeleri kesgitlenendir. Bu günki gün Türkmenistanyň Konstitusiýasy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, baky Bitaraplygymyzyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň we bedew batly ösüşlerdäki rowaçlygymyzyň sarsmaz hukuk binýadydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kadalary döwrebap derejede kämilleşdirilýär. Şeýle özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegine we halkymyzyň abadançylygynyň has-da berkidilmegine gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 28-nji maddasynda: «Türkmenistan adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň deňligini, şeýle hem milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlara garamazdan, adamyň we raýatyň kanunyň we kazyýetiň öňündäki deňligini kepillendirýär» diýlip bellenilýär. Bu hem ýurdumyzda ýaşaýan her bir ynsanyň ömrüniň we saglygynyň, hukuklarynyň we azatlyklarynyň, halkyň erk-isleginiň we abadançylygynyň kepillendirilmesidir.

Esasy Kanunymyzyň 22-nji maddasynda: «Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşanlary — Döwlet baýdagy, Döwlet tugrasy, Döwlet senasy bardyr» diýlip bellenilýär. Bu günki gün Döwlet baýdagymyz döwletimiziň dünýä ýüzünde eýe bolan belent abraý-mertebesini alamatlandyryp, al-asmanda pasyrdaýar.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ähli ilkinji guramalary we işjeň agzalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe badalga berlen Türkmenistany geljek 30 ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasynyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň uly goldawa, makullanma eýe bolýandygyny, onuň many-mazmunyny giň halk köpçüligine düşündirmegi, halkyň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmagy öz köpugurly işiniň esasy ugurlarynyň biri hasaplaýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagymyzyň milli gymmatyny halk köpçüligine düşündirmekde hem dürli çäreler, wagyz-nesihat duşuşyklary, dabaraly maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Olarda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan halk bähbitli we dünýä ähmiýetli işleri, Watanymyzyň dünýä ýüzündäki belent abraý-mertebesi, ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüji, ynsanperwer syýasaty barada giňişleýin çykyşlar edilýär. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, welaýat, şäher, etrap komitetleriniň hünärmenleri geljekde-de ata Watanymyzyň ösüşiniň, halkymyzyň agzybirliginiň, bagtyýarlygynyň hatyrasyna yhlasly zähmet çekerler.

Ahmet Nepesow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygynyň orunbasary

“Watan” gazeti

07.05.2022 ý

 

tags: