Milli demokratiýanyň, agzybirligiň we döredijilikli zähmetiň güýji

Düýn ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiziň bu şanly sene mynasybetli Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzalaryna Gutlagy okaldy. Milli Liderimiziň Gutlagy uly ruhubelentlik, çuňňur hoşallyk bilen garşylandy. Gahryman Arkadagymyz öz Gutlagynda şeýle diýýär: «Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň yglan edilmeginiň yzysüre — 1991-nji ýylyň 16-njy dekabrynda döredilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasy özygtyýarly ösüş ýoluna düşen ýurdumyzda ilkinji we täsirli syýasy gurama hökmünde orta çykdy. Bu gün bu partiýa ýurdumyzyň kanunçylyk, hukuk esaslarynyň döredilmeginde, aňyýet ulgamynyň ösdürilmeginde, halkara gatnaşyklaryň syýasy taýdan esaslandyrylmagynda möhüm orun eýeläp gelýär».

Dabaraly maslahata gatnaşyjylaryň käbiriniň ýürek sözlerini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Ata Serdarow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy:

— Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygynyň, Halkara Bitaraplyk gününiň uly wakalara beslenip, dabaraly bellenilen günlerinde biziň durmuşymyzda ýene-de bir ajaýyp waka bolup geçýär. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy watandaşlarymyz üçin, hakykatdan-da, uly wakadyr.

Ýurdumyzyň garaşsyzlygyny berkitmekde, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň gymmatyny wagyz etmekde, halkyň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini gazanmakda, döwletlilik ýörelgelerimiziň, iň gowy milli däplerimiziň ähmiýetini düşündirmekde biziň partiýamyzyň işjeň agzalary, haýsy pudakda, haýsy kärde zähmet çekýändiklerine garamazdan, örän köp işleri bitirip gelýärler. Ýurdumyzyň beýleki syýasy partiýalary, iri jemgyýetçilik guramalary bilen birlikde, biz mydama Gahryman Arkadagymyz bilendiris. Biziň hormatly Prezidentimiz dünýäde ykrar edilen milli Liderdir.

Gahryman Arkadagymyzyň taryhy işleri ýurdumyzy gülledip ösdürmek bilen, sebitiň, dünýäniň halklarynyň abadançylygyna hem hyzmat edýär. Milli Liderimiz bütin adamzat üçin dost-doganlyk, parahatçylyk, hyzmatdaşlyk ýollaryny gurýar.

Biziň esasy wezipämiz mähriban Arkadagymyzyň alyp barýan içeri, daşary syýasatyny halkyň arasynda giňden wagyz etmekdir, durmuşa geçirilýän özgertmeleri, maksatnamalary syýasy taýdan goldamakdyr, mähriban Arkadagymyzyň paýhasly baştutanlygynda amala aşyrylýan demokratik, hukuk özgertmelerine ýardam bermekdir, ýurdumyzyň döwlet, jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçýän ähli möhüm wakalara işjeň gatnaşmakdyr. Alyp barýan syýasy-guramaçylyk, wagyz-nesihat işlerimizi ýokary derejede, döwrüň ruhuna görä guramakda mähriban Arkadagymyz biziň üçin nusgadyr. Hormatly Prezidentimiz hemişe ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, agzalary bilen duşuşyp durýar. Gymmatly maslahatlary bilen goldaýar. Täzeçe işlemäge ruhlandyrýar. Döwletiň, halkyň bähbidine döredijilikli işläp, hemişe gözlegde bolmagy sargyt edýär. Biz her ädimde milli Liderimiziň goldawyny duýup, döwre görä işlemäge çalyşýarys.

Partiýamyzyň 232 müňden gowrak agzasy bar, olar 40-dan gowrak milletiň wekilleridir. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň mundan beýläk hem hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlaryny, uly tutumlaryny durmuşa geçirmäge, netijede, ýurdumyzyň dünýädäki at-abraýynyň has-da artmagyna, Garaşsyzlyk, Bitaraplyk ýörelgelerimiziň berkidilmegine goşant goşmak ugrunda ähli tagallalary etjekdiklerine şek-şübhe bolup bilmez.

Bibiaýşa Saparowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygy:

— Biziň partiýamyz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň yglan edileniniň yzysüre döredilen ilkinji syýasy guramadygyna görä, ilkibaşdan halkymyzyň öňünde Garaşsyzlygyň döwlet binýatlaryny döretmekde, jemgyýetiň ösüşi üçin zerur bolan düzümleri kemala getirmekde nähili wezipeler duran bolsa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň öňünde-de edil şonuň ýaly taryhy wezipeler durýardy.

Biz partiýa agzalary, partiýa işgärleri bu günki gün Demokratik partiýamyzyň geçen ýoluna buýsanýarys. Mähriban Watanymyzyň gülläp ösüşlerinde, ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyny kämilleşdirmekde syýasy guramamyzyň mynasyp ornunyň bardygyna düşünýäris. Hemişe halkyň arasynda bolup, adamlar bilen duşuşyp, gürleşip, olaryň pikirlerini, arzuw-isleglerini öwrenýäris. Mähriban Arkadagymyzyň tagallasy bilen halkyň aň-düşünjesiniň barha özgerýändigine, ösýändigine göz ýetirýäris. Halkymyz häzir, milli Liderimiziň berkarar eden bagtyýarlyk döwründe, agzybirligiň, jebisligiň güýjüne, täsirine has oňat düşünýär.

Otuz ýyl taryh üçin uzak möhlet däl. Emma türkmen döwletiniň, türkmen halkynyň durmuşynda şu döwürde bolup geçen ägirt uly özgerişlere, ýetilen belent sepgitlere seredenimizde, bu möhletiň asyrlara barabar güýjüne göz ýetirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty döwri beýik döwür etmäge, onuň beýik-beýik işler bilen asyrlara ýaň salmagyna ýol açdy. Türkmeniň ady dünýä doldy. Türkmenistan indi dünýä meseleleriniň çözülýän mekanyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň bütin dünýäniň halklaryny parahatçylyga, ynanyşmaga, hyzmatdaşlyga çagyrýan paýhasly sözleri dünýäniň iň belent münberlerinden örän ynamly ýaňlanýar. Türkmenistanyň başlangyçlary hemme ýerde biragyzdan goldanylýar. Milli Liderimiziň sözleri, başlangyçlary adamzadyň ýagty umytlaryna ganat bekleýär. Adamzat üçin nurana ýollary açýar.

Halkymyzyň isleg-arzuwy bilen 2022-nji ýyly “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip atlandyrmak barada teklipler öňe sürülýär. Geçip barýan “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda bolşy ýaly, geljek ýylda-da ägirt uly işleriň bitiriljekdigine, köp taslamalaryň amala aşyryljakdygyna berk ynanýarys.

Kakageldi Gurbanow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy:

— Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat, şäher, etrap komitetleri hem öz işlerini hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerinde, partiýamyzyň gurultaýlarynda, ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, wekilleri bilen geçiren duşuşyklarynda sözlän taryhy sözleriniň, beren tabşyryklarynyň, «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar astynda ýurdumyzy gülledip ösdürmäge gönükdirilen özgertmeleriniň, öne sürýän başlangyçlarynyň many-mazmunyny wagyz etmäge, durmuşa geçirmäge gönükdirip gelýär. Olar ýurdumyzda geçirilýän saýlawlary, tutuş ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşyna degişli ähli çäreleri taýýarlamaga we ýokary derejede geçirmäge uly ruhubelentlik bilen işjeň gatnaşýarlar.

Biz ýurdumyzyň beýleki syýasy hem jemgyýetçilik guramalary bilen ysnyşykly, agzybirlikli işleşýäris. Olar bilen bilelikdäki maslahatlarda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan syýasy, ykdysady, medeni we beýleki ugurlardaky beýik özgerişlikler, Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlislerinde aýdylanlardan gelip çykýan wezipeler yzygiderli ara alnyp maslahatlaşylýar, netijede, degişli çäreler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň sebitlerine, daşary ýurtlara saparlarynyň we ol ýerlerde eden çykyşlarynyň ähmiýetini wagyz-nesihat etmek maksady bilen dürli çäreleri geçirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserleriň many-mazmunyny düşündirmek, wagyz-nesihat etmek boýunça tanyşdyryş dabaralary, duşuşyklar, söhbetdeşlikler yzygiderli geçirilýär. Şeýle işlerde bize her pursatda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, onuň bölümleri, işgärleri yzygiderli goldaw-hemaýat berýärler.

Bize döredijilikli zähmet çekmäge, bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşamaga ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

***

Dabarada çykyp geplänler Garaşsyz Türkmenistanyň bu ilkinji syýasy partiýasynyň geçen ýoly, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly Baştutanlygynda alnyp barylýan özgertmelere goşant goşmakda, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde, döwrüň beýik işlerini her taraplaýyn wagyz etmekde bitirýän işleri barada joşgunly gürrüň etdiler. Dabaranyň dowamynda partiýanyň işjeň agzalaryna Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň Hormat hatlary, hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Dabaraly maslahata gatnaşyjylaryň adyndan hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul edildi.

Şanly waka mynasybetli bu ýerde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary boldy.

Ýazga geçiren Akmyrat Hojanyýaz «Türkmenistan»

“Türkmenistan” gazeti

17.12.2021 ý

 

tags: