Milli demokratiýanyň aýdyň dabaralanmagy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ýatdan çykmajak şanly wakalarynyň biri boldy. Bu syýasy waka her bir türkmenistanlynyň kalbynda müdimilik galar. Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary halkymyzyň agzybirlikde gatnaşmagynda guramaçylykly, demokratik-hukuk esaslary ýagdaýynda geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň guramaçylykly geçmeginde beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bir hatarda, ýurdumyzda hereket edýän Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň goşan goşandy bellärliklidir.

Bu bolsa jemgyýetçilik durmuşyndaky halk häkimiýetliliginiň taryhy döwürlerde ýüze çykandygyny, halkyň öz erk-islegi esasynda saýlan adamlarynyň olaryň bähbitlerini goraýandygyny aýdyň tassyklaýar.

Demokratiýanyň aýdyň dabaralanýan ýurdunda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary gününde ilkinji gezek raýatlyk borjuny berjaý edip, ses beren ýaş saýlawçylaryň ýürekleri ata Watanymyza buýsançdan, ýaş nesil barada tagallasyny gaýgyrmaýan Gahryman Arkadagymyza bolan hoşallykdan doly. Ýurdumyzyň ähli saýlaw uçastoklaryna olar ruhubelentlikde baryp, raýatlyk borçlaryny berjaý etdiler.

Ýurdumyzda hereket edýän Türkmenistanyň Demokratik partiýasy berkarar, demokratik, hukuk, dünýewi döwleti, adalatly jemgyýeti ösdürmek, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmak ugrunda hereket edýän syýasy partiýa bolup durýar. TDP-niň welaýat, şäher, etrap komitetleri we ilkinji guramalary işlerini Türkmenistanyň häzirki Prezidentiniň alyp barýan döwlet syýasaty esasynda guraýar. Milli Liderimiziň ynsanperwer içeri we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty, halklary biri-birine ýakynlaşdyrmak, dostlaşdyrmak ugrunda edýän tagallalary Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň jemgyýetdäki tutýan ornuny has-da pugtalandyrmaga, halkyň agzybirligini, jebisligini, ruhubelentligini üpjün etmäge, ilkinji guramalarynyň işjeňligini ýokarlandyrmaga, guramaçylyk-syýasy işleriniň öňe gitmegine ýakyndan ýardam berýär.

Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde goýulýan wezipeleriniň ýerine ýetirilmegi ugrunda Türkmenistanyň Demokratik partiýasy işjeň hereket edýär. Bu partiýanyň wekilleri, hünärmenleri ilat arasynda wagyz-nesihat işleriniň gerimini has-da ýaýbaňlandyrmaga ýardam edýärler. Şol sanda TDP-niň hünärmenleri Aşgabat şäheriniň çägindäki edara-kärhanalaryň işgärleriniň, mekdep okuwçylarynyň arasynda hem wagyz-nesihat duşuşyklaryny, söhbetdeşliklerini, ýygnanşyklaryny, sport çärelerini yzygiderli geçirýärler. Olar ýurdumyzda asmanymyzyň asudalygy, halkymyzyň agzybirligi, jemgyýetimiziň jebisligi ugrunda uly işleri alyp barýar. Biz geljekde-de ýurdumyzyň täze saýlanan Prezidentiniň alyp barjak il bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň durmuşa geçirilmegi ugrunda tagallalarymyzy gaýgyrmarys.

Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ajaýyp günlerinde şanly, şöhratly, taryhy wakalaryň yzy üzülmesin!

Soltanmyrat Ýazmyradow, TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy

“Watan” gazeti

19.03.2022 ý

 

tags: