MILLI DEMOKRATIÝANYŇ ESASLARY ROWAÇLANÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uly dabaralara beslenip geçiriljek ýylynda ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary ýokary derejede guramaçylykly geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna biragyzdan saýlanmagy welaýatymyzyň ýaşaýjylarynda ruhubelentligi döretdi. Bagtyýar zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça uly üstünlikler gazanylyp, belent sepgitlere ýetildi. Baky Bitarap Türkmenistan dünýäde çalt depginler bilen ösýän döwletleriň hataryna goşuldy.

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygy ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda taryhy waka boldy. Bu duşuşykda Gahryman Arkadagymyz eden taryhy çykyşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň öňünde häzirki wagtda hereket edýän kanunlary kämilleşdirmek hem-de ýurdumyzyň çalt depginler bilen ösdürilmegine ýardam berjek täze kanunlary kabul etmek barada anyk wezipeleri goýdy. Biz, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň welaýatymyzyň çägindäki okruglaryna degişli deputatlar häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň bu taryhy duşuşykda

eden çykyşynyň, öňde goýan wezipeleriniň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek we durmuşa geçirmek boýunça işleri alyp barýarys.

Arkadag Prezidentimiziň başlangyçlary we maslahatlary esasynda ýurdumyzyň kanun çykaryjy häkimiýet edarasynyň özgerdilmegi türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň, sebitleriň bähbitlerine milli parlamentde has gowy wekilçilik etmäge hem-de kanunlaryň taýýarlanylyşyny we ulanylyşyny kämilleşdirmäge mümkinçilik açdy. Milli Geňeşiň  agzalarynyň saýlawçylar bilen has ysnyşykly gatnaşyklaryny ýola goýmaga, kanunlaryň we döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi netijeli amala aşyrmaga oňyn täsirini ýetirer. Ýakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň welaýatymyzdaky deputatlarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň welaýat guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda “Iki parlament ulgamy — döwlet esaslaryny pugtalandyrmagyň kepili” atly maslahat geçirildi. Şeýle maslahatlar welaýatyň ähli şäherlerinde we etraplarynda hem geçirildi. Maslahatlara gatnaşyjylar ýurdumyzda milli demokratiýany ösdürmekde, bagtyýar raýatlarymyzyň jemgyýetçilik işjeňligini ýokarlandyrmakda alyp barýan uly işleri üçin Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyşlary aýtdylar.

Biz, Mejlisiň deputatlary Halk Maslahatynyň agzalary bilen agzybirlikde işläp, hormatly Prezidentimiziň Milli Geňeşiň agzalarynyň

öňünde goýýan wezipelerini ýerine ýetirmek boýunça gujur-gaýratymyzy, ukybymyzy, tejribämizi gaýgyrmarys. Gahryman Arkadagymyza berk jan saglygyny, uzak ömür, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmegine, gönükdirilen il-ýurt bähbitli işlerinde üstünlikleri we rowaçlyklary arzuw edýäris!

Kakageldi Gurbanow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň

welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

“MARU – ŞAHU JAHAN” gazeti

13.04.2021 ý

 

tags: