MILLI DEMOKRATIÝA DABARALANÝAR

Şu günler dürli ulgamlarda Halk Maslahatynda kabul edilen çözgütleri halk köpçüligine wagyz etmäge gönükdirilen maslahatlar, wagyz-nesihat çäreleri ýokary derejede geçirilýär. TDP-niň Serdar şäher komitetiniň, şäher häkimligi, ýerli jemgyýetçilik guramalary bilelikde guramagynda şäher häkimliginiň mejlisler zalynda geçen wagyz-nesihat maslahaty hem şeýle çäreleriň biri bolup, ol «Halk Maslahaty — bedew batly ösüşlere badalga» diýlip atlandyryldy.

Maslahatda çykyş edenler Halk Maslahatynyň mejlisinde «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasyny makullamak hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Kararynyň kabul edilmegini we ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň iki palataly gurluşynyň döredilmegini buýsanç bilen bellediler.

Gülkamar NYÝAZMYRADOWA

TDP-niň Serdar şäher komitetiniň partiýa guramaçysy

“Galkynyş” gazeti

04.11.2020 ý 

tags: