MILLI DEMOKRATIK ÝÖRELGELER ROWAÇLANÝAR

Berkarar döwletimizde toýlaryň toýa ulaşýan günlerinde ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi täze türkmen taryhyny altyn sahypalar bilen bezejek şanly waka bolup, merdana türkmen halkynyň buýsançly başyny göge ýetirýär. Biziň habarçymyz ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň biri bolan TDP-niň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine gatnaşýan işgärleriniň we işjeň agzalarynyň birnäçesi bilen söhbetdeş bolanynda, olar öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

 

Kakageldi GURBANOW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, TDP-niň Mary welaýat komitetiniň başlygy:

— Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň Halk Maslahatynyň döwletimizde eýeleýän ornuny ýokarlandyrmak, onuň hukuk ýagdaýyny üýtgetmek we gurluşyny özgertmek boýunça parasatly başlangyçlarynyň esasynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredilip, onuň ilkinji mejlisi geçen «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylymyzyň wajyp we ähmiýetli syýasy jemgyýetçilik çäreleriniň birine öwrüldi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ata-babalarymyzyň eýerip gelen we asyrlaryň synagyndan geçen demokratik ýol-ýörelgeleriniň, halkymyza gadym döwürlerden mahsus bolan il-ýurt bähbitli işleri geňeşli we maslahatly başlamak dessurlarynyň mynasyp dowamyny emele getirýändigini bellemek guwandyryjydyr. Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny baýlaşdyrmakda aýratyn ähmiýetlidigini nygtamak wajypdyr.

Pähimdar pederlerimiziň paýhas ele ginde elenip, biziň şu günlerimize gelip ýeten «Ýedi ölçäp bir kes», «Geňeşli biçilen don gysga bolmaz» ýaly pähimleri milli demokratiýanyň süňňüni düzýär. Hut şonuň üçin hem, milli däplerimize eýerilip geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde hem kabul ediljek çözgütler örän ähmiýetli bolup, halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň ösüşiň strategik maksatlara ýetmäge gönükdirilen, adam hakyndaky aladalara, watansöýüjilige ýugrulan çuň many-mazmunly çykyşyna sabyrsyzlyk bilen garaşýar hem-de Watanymyzyň abadançylygyna we gülläp ösüşine gönükdirilen döwletli tutumlaryň göz başynda duran milli Liderimizi tüýs ýürekden alkyşlaýar. Goý, bagtyýar döwrümizde berkarar döwletimizi ösüşleriň şaýoly bilen öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň belent başy aman, beýik başlangyçlary mundan beýläk-de rowaç bolsun! Şu günler bellenilip geçilýän beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 28 ýyllyk toýy gutly bolsun!

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan Diýarymyz mundan beýläk-de gülläp össün!

 

Bibiaýşa SAPAROWA,

TDP-niň Balkan welaýat komitetiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji:

—Biz bu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine eziz Diýarymyzyň gülläp ösüşlerine, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan beýik işlerine bolan çäksiz söýgi buýsanjymyz bilen, juda ruhubelent ýagdaýda geldik. Ata­babalarymyzyň asyrlarboýy arzuwlan mukaddes Garaşsyzlyk ýyllarynda berkarar Watanymyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, Balkan welaýatynda-da taryhy özgertmeler durmuşa geçirilip, ýurdumyzyň Günbatar sebiti tanalmaz derejede özgerdi. Onlarça täze desgalar, zawod-fabrikler, önümçilik kärhanalary, halkara derejesindäki önümçilik toplumlary welaýatymyzyň ýaşaýjylarynyň eşretli durmuşyny üpjün edýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019—2025­nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» we beýleki maksatnamalar bolsa welaýatymyzy geljekde has-da belent sepgitlere ýetirer. Nebitgaza, uglewodorod çig­mallaryna baý bolan Balkanyň tebigy ýataklarynda öňdebaryjy tehnologiýalary yzygiderli we ygtybarly ornaşdyrmagyň hasabyna 2025-nji ýyla çenli bu ugurda çykarylýan önümleriň mukdary görlüp eşidilmedik derejede artar. Açylyş dabaralary taryhy wakalar bolup hakydamyzda galan «Garabogazkarbamid» zawody, şeýlede, Gyýanlyda işe girizilen gazhimiýa toplumy ýurdumyzyň senagatynyň ösüş derejesiniň dünýädäki ýokary ornuny has-da berkider.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Balkan welaýatynda gazanylan ösüşler hakynda gürrüň edilende, açylyş dabarasy tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özünde jemlän, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň gurlup, ulanylmaga berilmegi ni buýsanç bilen nygtamak hökmandyr. Häzirki wagtda üstünlikli hereket edýän «Demirgazyk — Günorta» transkontinental demir ýolunyň ýurdumyzyň ähli künjeklerini birleşdirýän gara ýollaryň günbatar nokadynyň, ähli görnüşdäki uçarlar gonup bilýän Türkmenbaşy şäherindäki Halkara howa menziliniň, demir ýollaryň esasy şahasynyň hut Balkan welaýatynda jemlenýändigi Günbatar sebitiň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň geljekki ösüşlerine ägirt uly goşant goşup biljek diginiň kepilidir. Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýol geçelgesi we Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty bolsa Balkan welaýatynyň ýurdumyzyň hem-de tutuş sebitiň ýükleri üstaşyr geçirmek mümkinçiligini artdyrmakda, ýolagçylary gatnatmagyň we ýük daşamagyň, aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmakda ägirt uly mümkinçilikleriň eýesi hökmündäki ornuny has-da berkidýär.

Hawa, häzirki döwürde «Garaşsyzlyk size näme berdi?» diýip, kimdir biri sowal beräýse, oňa şeýle jogap bermek bolar: Garaşsyzlyk bize bagt diýen düşünjäniň çägine näme girýän bolsa, şolaryň ählisini berdi! Biz Türkmenistanyň Halk Maslahatynda bular hakynda we eziz Diýarymyzyň indiki gülläp ösüşleri hakynda gürrüň edilmegini hemde halkymyzyň ýaşaýyş durmuş şertlerini has -da gowulandyrjak möhüm resminamalaryň kabul edilmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris. Halk Maslahatynyň işi rowaç bolsun!

 

Resul IŞANGULYÝEW,

TDP-niň Ahal welaýat komitetiniň başlygy:

— Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk toýuny mynasyp zähmet üstünlikleri bilen garşylamak — her birimiziň baş maksadymyz. Bu baýramçylyk biziň ykbalymyza baky bagtyýarlygyň nuruny çaýdy. Baky bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan raýatlarymyzyň her biriniň kalby Gahryman Arkadagymyza bolan çäksiz alkyşdan doly. Çünki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmek babatda ägirt uly işler alnyp barylýar.

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda Ahal welaýatynyň çäklerinde hem döwlet we durmuş ähmiýetli desgalaryň birnäçesi gurlup, ulanylmaga berildi, ýene birnäçesiniň düýbi tutulyp, gurluşyk işleri güýçli depginlerde dowam edýär. Welaýatymyzyň Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginde gurlup, ulanylmaga berlen, tebigy gaz dan sintetiki benzin öndürýän zawod dünýäde tebigy gazy gaýtadan işlemegiň esasynda ýokary hilli, ekologik taýdan arassa benzini öndürýän ilkinji kärhanadyr. Bu zawodyň gurlup, ulanylmaga berilmegi raýatlarymyzy täze iş orunlary bilen üpjün etmäge uly mümkinçilik berdi. Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda gurlup, ulanylmaga berlen hoşboý ysly çygly süpürgiçleri, hojalykda ulanylýan dürli ýuwujy serişdeleri, ýokary woltly elektrik geçirijilige niýetlenilen kabelleri, uly göwrümli haltalary öndürýän birnäçe hususy kärhanalaryň, şeýle hem, täze, döwrebap mebel kärhanasynyň işe girizilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň gurluşygynda hem özümizde öndürilen ýokary hilli gurluşyk harytlarynyň ulanylmagy, gurluşyga türkmen telekeçileriniň mynasyp goşantlaryny goşjakdygy buýsanç bilen bellemäge mynasypdyr.

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynda, däp bolşy ýaly, halkymyzyň bähbidine, eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen birnäçe kararlar kabul edilip, halk we döwlet ähmiýetli möhüm meseleleriň birnäçesine garalar. Maslahatda kabul ediljek kararlary, öňde goýuljak wezipeleri durmuşa geçirmäge biz — Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işgärleri işjeň partiýa agzalarymyz bilen agzybirlikde işläp, mynasyp goşandymyzy goşarys. Baky bagtyýar durmuşymyzyň gözbaşynda duran mähriban hem Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, şan-şöhraty dünýä dolan Türkmenistan Diýarymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

 

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

TDP-niň Köneürgenç etrap komitetiniň başlygy:

—Türkmen halky hemişe döwletli işiň başyny tutjak bolanda geňeş edip, ýaşuly nesle aýratyn hormat goýupdyr, olar bilen hemişe il­ýurt bähbitli işleri maslahatlaşyp, belli bir karara gelipdir. Bu bolsa döwletli tutumlary halk bilen maslahatlaşmagyň, sala salmagyň türkmen halkynda öňden gelýän asylly ýol-ýörelgedigini görkezýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 28 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçirilýän Halk Maslahaty döwletiň demokratik ýörelgeleriniň kanuny esasda alnyp barylýandygyny subut eder. Döwletiň we raýatlaryň jebisligi, agzybirligi, olaryň özara hyzmatdaşlyk hereketleri öz beýanyny tapyp, dünýä ýaň salar. Onda kabul ediljek taryhy çözgütler ýurdumyzda halk demokratiýasyny mundan beýläk-de ösdürmekde, halkymyzyň syýasy medeniýetini, düşünjeliligini ýokarlandyrmakda täze badalga bolmak bilen, «Türkmenistan—rowaçlygyň Watany» ýylynyň ýene-de bir taryhy wakasyna öwrüler. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine türkmen döwletini we jemgyýetini mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, halkyň abadan durmuşyny üpjün etjek uzak möhletleýin geljegi nazarlaýan oňyn özgertmeleriň ygtybarly esasyny goýjak meseleler girizildi. Halk Maslahatynyň barşynda gazanylan üstünlikleri geljek ýyllarda has-­da artdyrjak çözgütleriň kabul ediljekdigine bolan ynam halky täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.

Öz halkyny bagtyýarlyk döwrüne ýetiren, halk köpçüligi, ilat we ýaşlar bilen işlemäge şertleri döreden, halkynyň bagtly we bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün eden Gahryman Arkadagymyzy şanly Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlamak bilen, hoşallygymyzy bildirýäris.

 

Jeýhun AŞYROW, TDP-niň Döwletli etrap komitetiniň başlygy:

Ýurdumyzda parahatçylygyň, ynsanperwerligiň, durnukly ösüşiň höküm sürmegi bilen, her bir günümiz şanly senelere, taryhy ähmiýetli wakalara beslenýär. Şu günki möhüm syýasy wakanyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň jemgyýetimiziň durmuşynda ähmiýeti uly bolar. Halk Maslahatynyň guramaçylyk ýagdaýlaryna uly üns berýän hormatly Prezidentimiz halkymyzyň taryhy ösüş ýolunda hem her bir işiň halk bilen maslahatlaşylyp edilendigini nygtamak bilen, durmuşyň köp ýollaryny külterlän ýaşulular bilen maslahatlaşmagyň, olara goýulýan hormat-sylagyň ýokarydygyny görkezýändigini belleýär. Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda öz orny bolan, giň jemgyýetçilige wekilçilik edýän uly täsirli forum bolmak bilen, onda il ýurt bähbitli pikirleriň, teklipleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşylýar.

Geçen ýyl paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisi geçirilip, bu döwletli maslahatda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini hasda gowulandyrmak, ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda, ylaýta-da, oba hojalyk pudagy barada birnäçe kararlar kabul edilipdi.

Uly baýramçylyk ruhunda, dabaralara beslenip geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny ösdürmek barada de gerli pikirler orta atylyp, olar babatda degişli çözgütler kabul ediler. Döwletli işlere badalga berlip, täze üstünliklere ýetmek üçin il bähbitli çözgütleriň kabul ediljekdigine halkymyz pugta ynanýar. Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiziň uly maksatlary nazarlaýan täze tutumlary, başlangyçlary beýan etmegine tüýs ýürekden garaşýarys.

Pursatdan peýdalanyp, ähli ösüşleri miziň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimize berk jan saglygyny, il günümiziň bähbidine alyp barýan tutumly işlerinde bolsa rowaçlyklar, üstünlikler arzuw edýäris.