MILLI DEMOKRATIK ÝÖRELGELER ROWAÇLANÝAR

Häzirki döwürde biziň ýurdumyzda bolup geçýän özgerişler halkymyzyň asyrlaryň dowamynda toplan demokratik tejribesi we ýörelgeleri esasynda amal edilýär. Ýaňy-ýakynda paýtagtymyzda göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwletimiziň kanunçykaryjy ulgamyny hil taýdan täze derejä çykaryp, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň hukuk esaslaryny berkitmäge täze esaslary döretdi.

Iň gadymy halklaryň biri bolan türkmen halkynyň asyrlaryň synagyndan geçen egsilmez medeni-ruhy mirasy, durmuş tejribesi bar. Bu ýerde toplanan syýasy tejribäniň, demokratik ýol-ýörelgeleriň esasynda kämilleşýän türkmen demokratiýasy bazar ykdysadyýetiniň we hukuk döwletiniň gymmatlyklaryny özleşdirmäge we ösdürmäge özüniň ukyplydygyny aýdyň görkezýär.

Şeýle ukyplylygy aňlamak biziň jemgyýetimiziň häzirki özgerýän döwrüniň zerurlygydyr. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, her bir zada özümiz bolup düşünip «...ata-babalaryň paýhasy bilen durmuşa akyl ýetirip, wakalary paýhasymyzda aňlap bilmelidiris». Ýurdumyzyň senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna geçen döwründe halkymyza gadymy döwürlerden mahsus bolan uly işleri maslahat bilen başlamak, her bir işde halkyň durmuş tejribesine, pähim-parasadyna daýanmak dessurlary jemgyýetimiziň syýasy durmuşyna aýratyn öwüşgin berýär.

Şu ýerde hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynda eden çykyşynda: «Biz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyza, geosyýasy we geoykdysady şertlerimize, ägirt uly serişde hem-de adam mümkinçiliklerine daýanyp, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň birine öwürdik» diýen jümlesine ünsi çekeliň. Senagat taýdan ösen döwlet kuwwatly gaýtadan işleýän önümçilige eýe, bazar ykdysadyýetine daýanýan, işjeň hususyýetçiler we hünärmenler gatlagynyň hereket edýän, hukuk döwletiniň, raýat jemgyýetiniň kemala gelýän döwleti bolýar. Bu döwletde, jemgyýetde kanun hökmürowanlyk edýär. Diýmek, biziň döwletimiz kämil kanunçykaryjy ulgama eýe bolan döwlet. Şu hili ulgamy döretmek bilen baglanşykly çözgütler milli Liderimiziň başlangyjy bilen 2019-njy ýylyň sentýabr aýynyň 25-ine Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen kararlar esasynda, ýurdumyzda geçirilen konstitusion özgertmeler ösüşiň täze tapgyrynyň hukuk esaslaryny döretmäge girişildi.

Döwlet Baştutanymyz şol mejlisde ýurdumyzda iki palataly Parlamenti döretmek bilen bagly Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça konstitusion topary döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakynda Permana gol çekenden soňra geçen döwrüň içinde, bu toparyň işjeň hereketi bilen «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy taýýarlandy. Bu taslama Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şu ýylyň 25-nji sentýabrynda geçen mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylyp doly makullandy we Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna hödürlendi. Mejlisiň maslahatynda deputatlar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň makullan Konstitusion kanunyny ara alyp maslahatlaşyp, biragyzdan kabul edenlerinden soňra Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky» Konstitusion kanuna gol çekdi. Şol kanun ýurdumyzda iki palataly Parlamenti döretmek üçin gerek bolan hukuk esaslaryny öz içine alýar.

Iki palataly Parlamenti döretmek hakyndaky Konstitusion kanun esasynda milli Parlamentimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşi diýip, onuň kanun çykaryjy palatasyny — Mejlis, wekilçilikli palatasyny bolsa Halk Maslahaty diýip atlandyryldy. Milli Parlamentimiziň we onuň palatalarynyň atlarynyň üsti bilen biziň milli demokratiýamyzyň ýörelgeleriniň ýurdumyzda häzirki döwürde geçýän demokratiki özgeriş bilen berk baglanşygy açylýandygyny görýäris. Bu ýerde esasy mesele kanunçykaryjylyk işiniň kämilleşmegidir. Şol hili kämillik bolsa Milli Geňeşiň palatalarynyň düzüminiň işjeňligi bilen bagly bolýar. Türkmenistanyň Konstitusion kanunynda bu düzümiň ýokary hile eýe bolmagy üçin gerek bolan esaslar göz öňünde tutulan.

Kabul edilen Konstitusion kanuna laýyklykda Halk Maslahatynyň sekiz agzasy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär. Halk Maslahatynyň düzümine 30 ýaşy dolan, ýokary bilimi bolan we soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty saýlanyp we bellenip bilinýär. Halk Maslahatynyň agzalaryna bildirilýän şu hili talaplylyk we olaryň kanun esasynda emele getirilmegi, wekilçilikli palatanyň agzalarynyň her biriniň jogapkärçiligini we işjeňligini artdyrjakdygy şübhesizdir. Konstitusion kanunda ýurdumyzda kanun çykaryjylyk işinde Mejlisiň toplan oňyn tejribesi esasynda deputatlaryň sany we ygtyýarlyk möhletleri baradaky konstitusion kadalary ozalky ýaly galdyrmak göz öňünde tutulan. Biziň döwletimizde hereket edýän wekilçilikli edaralaryň Türkmenistanyň kanunçylygy arkaly ygtyýarlyk möhleti 5 ýyla deňdir. Diýmek, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň düzüminde kanunda görkezilen düzüm bölekleri, onuň öňünde goýlan meseleleri çözmäge doly esas berýärler.

Häzirki döwürde işe girişen Konstitusion kanunda kabul edilen kadalara laýyklykda Mejlisiň kabul eden kanunlary Halk Maslahatynyň garamagyna makullamaga iberilýär. Birinji kanuny taýýarlaýan bolsa, ikinji ony bahalamaly bolýar. Şunuň bilen baglylykda Konstitusion kanunyň bir bellikli 83-nji maddasynda: «Türkmenistanyň Kanuny Halk Maslahatynyň agzalarynyň ýarysyndan köpüsi tarapyndan ses berlen halatynda makullanylan hasap edilýär. Mejlis tarapyndan kabul edilen we Halk Maslahaty tarapyndan makullanylan kanun Türkmenistanyň Prezidentine gol çekmek üçin iberilýär. Türkmenistanyň kanuny Halk Maslahaty tarapyndan ret edilen halatynda palatalar tarapyndan ylalaşdyryjy topar döredilip bilner, şondan soň kanun Mejlis tarapyndan gaýtadan seredilmäge degişli bolup durýar» diýip beýan edilmegi örän ýerliklidir.

Ýurdumyzda raýat jemgyýetiniň edaralarynyň kemala gelýän döwründe iki palataly Parlamentiň jemgyýetiň syýasy ulgamyny hil taýdan özgerdip, sosial jebisligi üpjün ediji mehanizm hökmünde çykyş edýänligi örän wajypdyr. Bu ýerde ýurdumyzda hereket edýän syýasy partiýalar (Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy we Türkmenistanyň Agrar partiýasy), jemgyýetçilik guramalary örän ähmiýetli işleri ýerine ýetirýärler. Olar öz wekilleriniň üsti bilen halkymyzyň baý medeni mirasy, durmuş tejribesi esasynda jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda geçýän duşuşyklarda, şol sanda ýurdumyzda iki palataly Parlamenti döretmek hakynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda Türkmenistanyň Konstitusion kanuny ara alnyp maslahatlaşylan hem-de häzirki Konstitusion kanunda öňe sürlen wezipeleri wagyz-nesihat etmek bilen baglanşykly ýygnaklara we duşuşyklara işjeň gatnaşdylar we gatnaşýarlar.

Umuman, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda iki palataly Parlamentiň kemala gelmegi bilen baglanşykly öran jogapkärli işler gün günden gyzykýar. Bu işiň esasy maksady raýatlarymyzyň syýasy medeniýetini ýokarlandyrmak bilen, olaryň ýurduň, ýaşaýan welaýatlarynyň, şäherleriniň, obalarynyň geljegi barada oý pikirlerini, bu ýerlerde öňe sürülýän maksatlary, eziz Diýarymyzy özgertmäge gönükdirilen geljekki işlerde öz orunlaryna eýe bolmaklaryny gazanmak bilen bagly bolýar. Şonuň ýaly-da raýatlarymyz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawyna taýýarlyk görülýän hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işini ýola goýmak bilen bagly guramaçylyk işleriniň geçirilýän döwründe ýurduň, welaýatlaryň, etraplaryň, obalaryň geljegi barada oýlanyp, pähim-paýhasly pikirler esasynda ýakynlaşýarlar, döwletiň bähbitlerini çuňňur aňlap jebisleşýärler. Aslynda geljek barada paýhasly oýlanmalar, gowy arzuwlar adamlaryň ruhlaryny, kalplaryny birleşdirýär.

Hormatly Prezidentimiz ruhy taýdan ýakynlaşýan adamlarda döreýän birleşdiriji güýji «paýhaslaryň sazlaşygy» diýip atlandyryp, şol güýje eýe bolan adamlaryň öňünden birek-birege garaşyp ýören ýaly, tiz süýji söhbetdeşlere we olaryň hususylyk dünýäsiniň umumylyga öwrülýändigini belläp, biziň garaýan meselämize degişli örän ähmiýetli netije çykarýar. Milli Liderimiz: «Jemgyýetiň jebisligi paýhasy, zehini, asyllylygy bilen ýakynlaşan adamlaryň gatnaşygyna baglydyr. Jemgyýetiň umumy derejesini hem şeýle sazlaşykly ýola goýlan gatnaşyklar kesgitleýär. Şeýle adamlaryň garaýyşlary, aň-düşünjesi, zehini, akyl-paýhasy öňegidijilikli häsiýete eýe bolup, sagdyn jemgyýetiň kemala gelmeginiň ruhy sütünleridir» diýip belleýär. Bu bolsa häzirki döwürde biziň halkymyzyň sagdyn ýörelgelerine esaslanýan, şu günki nesilleriň pähim-paýhasynyň, şol sanda syýasy medeniýetiniň ýokarlanmagy üçin täze esaslary döredýär. Diýmek, şu ýylyň sentýabr aýynyň 25-ine geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň kabul eden kararlary bilen baglanyşykly çäreleriň ýurduň geljekki ösüşi we özgerişi barada oýlanşykly pikirleri öňe sürýän adamlaryň sanyny artdyrýanlygyny we raýatlaryň hem, jemgyýetimiziň hem syýasy medeniýetiniň ýokarlandyrýanlygyny, netijede ýurtda sosial jebisligiň has-da berkejekligini aýdyň görkezýär.

Ýurdumyzda örän uly möçberli durmuş-ykdysady özgerişleriň giňeýän döwründe döredilen Türkmenistanyň Milli Geňeşi jemgyýetimizde demokratiýanyň has giňden ýaýbaňlanmagyna täze esaslary döredýär. Bu özgeriş türkmen jemgyýetinde her bir adamyň döredijilikli işlemegi we netijeli zähmetiň esasynda ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagy üçin gerek bolan ukyp-başarnyga eýe bolmagyna täze esaslary döredýär. Biziň döwrümizde amal edilmeli işler şu hili ukyplylygy talap edýär.

Häzirki dünýäde dörän çylşyrymly ýagdaýda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanşykly öňe sürlen wezipeleri durmuşa geçirmek üçin biz has yhlasly we başarnykly işlemelidiris. Bu biziň ykdysadyýetde we durmuşda sanly tehnologiýalary giňden peýdalanmak, sanly ykdysadyýetde işjeň ulanmak arkaly önümçilikde öndürijiligi artdyryp, ykdysadyýetde goşulan gymmatlyklary döretmäge, çykdajylary azaltmaga we netijede durnukly ösüşi gazanmaga bolan ukybymyzy ýokarlandyrmak bilen baglydyr. Geljekde alnyp barylmaly iri maksatnamalaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň, täze elektrik stansiýalaryň gurluşygyny görkezse bolar.

Geljek, 2021-nji ýylda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi bilen baglanyşykly maksatlaryň we wezipeleriň kesgitlenmegi bilen eziz Watanymyz ösüşiň täze tapgyryna girişýär. Bu ýerde täze derejede kesgitlenen döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygy, maýa goýum we ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygy ýaly serişdeler we gurallar aýratyn ähmiýete eýedir. Prezident Maksatnamasynda öňde duran şu we beýleki wezipeler hem-de olary amal etmegiň ýollary hormatly Prezidentimiziň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda öz beýanyny tapdy, ýurtda geçýän ösüşiň we özgerişiň nusgalyk häsiýete eýe bolmagyna täze esaslar kesgitlendi.

Hormatly Prezidentimiz özüniň «Arşyň nepisligi» atly eserinde: «Ösüşimiziň ile nusgalyk bolmagy — biziň baş maksadymyzdyr» diýip belleýär. Ýurt Baştutanynyň şu hili ynamyna eýe bolup, oňa öz işiniň üsti bilen jogap bermek her bir adam üçin zerurdyr. Bu gün her bir adamyň, bütin halkymyzyň öňünde bir maksat — ata Watanymyzyň gülläp ösmegini, ilimiziň abadan we bagtyýar ýaşamagyny üpjün etmek wezipesi durýar. Ýurdumyzda iki palataly Parlamentiň hereket etmegine girişilýän döwürde döwlet Baştutanynyň ýurdumyzy özgertmek barada öňe süren ýörelgelerine esaslanyp, şol wezipäni amal etmek üçin ak ýollar giňden açylýar.

Diýmek, ýurdumyz ösüşiň täze tapgyrynda ynamly öňe barýar. Bu hem halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden ajaýyp döwleti dolandyrmak ýörelgesiniň — maslahatlaşyp ösüş ýollary kesgitleme ýörelgesine eýerip, ýurdumyzyň adamzat siwilizasiýasyna girişip, senagat taýdan ösen ýurtlaryň hatarynda mynasyp ornuny eýeleýänliginiň, dünýä bileleşiginde ynsanperwer ýörelgelerini işewür durmuşa geçirip, at-abraýa eýe bolan döwlete öwrülýänliginiň subutnamasydyr.

Nurýagdy SUWHANOW,

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory.

TDP-niň işjeň agzasy.