Milli gymmatlyga sarpa

Düýn Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen maslahat «Ösüşli ýollarymyzyň nyşany — ahalteke bedewleri halkymyzyň buýsanjy we milli mirasydyr» diýlip atlandyryldy. Ony Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty, Mejlisi hem-de Demokratik partiýa jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guradylar.

Maslahatda çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda-da ýurdumyz bedew bady bilen ynamly öňe barýar.

Bedew halkyň buýsanjydyr. Muňa Türkmen bedewiniň milli baýramynyň uludan bellenilýän toýly günlerinde has aýdyň göz ýetirmek mümkin. Ýurdumyzyň çar künjünde geçirilýän baýramçylyk çäreleri bedew ata söýgini we buýsanjy öňküden-de artdyrýar.

Türkmen bedewleri halkymyzyň milli mirasy saýylýar. Gadymy dessanlarda, şol sanda «Görogly» şadessanynda, nusgawy şahyrlarymyzyň şygyrlarynda we aýdym-sazlarymyzda bedewiň belent tarypyny görmek bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplary bedewiň şöhratyna täzeden şan goşdy. Bu gün bütin dünýäde ahalteke atlaryna gyzyklanma artýar. Her ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanyp, «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşigi geçirilýär. Bedewleriň gözelligini wasp etmek boýunça ýurdumyzyň döredijilik we sungat işgärleriniň arasynda bäsleşik yglan edilip, ýeňijilere gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar.

«Ösüşli ýollarymyzyň nyşany — ahalteke bedewleri halkymyzyň buýsanjy we milli mirasydyr» atly maslahatda çykyş edenler türkmen bedewleriniň şöhratyny bütin dünýä dolduran Gahryman Arkadagymyza hem-de bu babatda taýsyz tagallalary edýän Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Bezirgen Ataýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşiniň bölüm müdiri

“Türkmenistan” gazeti

21.04.2022 ý

 

tags: