MILLI HUKUK ÖZGERTMELERI

Türkmen döwleti hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşyň ähli ugurlary boýunça uly üstünlikleri gazanyp, rowaçlyklara beslenip, okgunly öňe barýar. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryndaky ösüşleriň jemlerine nazar aýlanyňda, pähim-paýhasa ýugrulan oýlanyşykly başlangyçlaryň oňyn netijesi has-da aýdyň görünýär. Milli Liderimiziň öňe süren ösüşiň täzeçillik nusgasy kuwwatly milli ykdysadyýeti emele getirdi. Şeýlelikde, halkymyzyň medeni, ýaşaýyş-durmuş derejesi barha gowulanýar.

Jemgyýetimiziň we döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän we milli kanunçylygymyzyň gözbaşy bolup durýan Konstitusiýamyzyň düzgünlerinde we ýörelgelerinde halkymyzyň döwlet gurmakdaky nesilden-nesle geçirip gelýän we halk häkimiýetiniň häzirki döwürde dowam edip gelýän iň oňat däpleri jemlenendir. Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurdumyzyň has-da gülläp ösmegine, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň hemmetaraplaýyn goralmagyna, raýat jemgyýetiniň berkemegine, agzybir we jebis halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen iri möçberli durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň hem pugta hukuk binýady bolup hyzmat edýär.

Esasy Kanunymyzyň düzgünleriniň we kadalarynyň durmuşa geçirilmegi hem-de hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerilmegi netijesinde gadymy türkmen topragynda ata-babalarymyzyň arzuwlan döwleti berkarar boldy. Ol bu gün barha ösýän ykdysadyýetli, özbaşdak içeri we daşary syýasaty ýöredýän, sebitde asudalygyň, parahatçylygyň mekany, ylalaşdyryjy merkez hökmünde ykrar edilen, dünýäde abraý-mertebesi barha belende göterilýän mizemez döwlet hökmünde tanalýar.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda şanly Garaşsyzlyk toýumyzyň 28 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda ýurdumyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisi uly ruhubelentlikde geçirilip, onda döwlet Baştutanymyz taryhy çykyş edip, Esasy Kanunymyza üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek, kanun çykaryjy edaramyzyň iki palataly ulgama geçirilmegi barada öňdengörüjilikli teklibi orta atdy. Şeýlelikde häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän Türkmenistanyň kanunçylygynyň kabul edilip, hereket etmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň hukuk ulgamyny has-da kämilleşdirmäge mümkinçilik berer we ýurdumyzyň kanunçylyk hukuk binýadyny mundan beýläk-de berkitmekde möhüm ädim bolar.

Hormatly Prezidentimiziň çykyşlarynda belleýşi ýaly, wagt biziň durmuşymyzy çalt özgerdýär, şunuň bilen baglanyşykda ýurdumyzyň ykdysadyýetini we medeniýetini çalt depginler bilen ösdürmek, durmuş meselelerini talabalaýyk çözmek üçin, jemgyýetimiziň eýerýän kanunlarynyň has kämil bolmalydygy baradaky pähimleri konstitusion özgertmeler bilen bagly geçirilen işleriň içinden eriş argaç bolup geçýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek boýunça möhüm işler dowam etdirilýär we ýurdumyzyň dürli edara-kärhanalaryndan, guramalardan we raýatlardan Konstitusiýamyza üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça köp sanly teklipleriň gelmegi dowam edýär.

Ýurdumyzyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, ýurdumyzyň hukuk goraýjy we harby edaralary, degişli ministrlikler we pudak edaralary, ýurdumyzyň raýatlary, syýasy partiýalary we jemgyýetçilik guramalary, häkimiýetiň ýerli edaralary bilen ysnyşykly hereket etmek bilen amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiziň Esasy Kanunymyzy kämilleşdirmek boýunça öňe süren başlangyçlary, Konstitusion toparyň mejlisinde «Konstitusion topara gelip gowuşýan köp sanly teklipler bilen baglylykda we iki palataly Parlamenti bolan ýurtlaryň tejribesini nazara alyp, biz Milli Parlamentimizi Türkmenistanyň Milli Geňeşi diýip, onuň kanun çykaryjy palatasyny — Mejlis, wekilçilikli palatasyny bolsa — Halk Maslahaty diýip atlandyrsak, maksadalaýyk bolar diýen netijä geldik» diýen paýhasly sözleri ýurdumyzyň her bir raýatynda, tutuş halk köpçüliginde giň goldaw we uly seslenme tapdy. Amala aşyrylýan konstitusion özgertmeleriň giň goldawa eýe bolýandygyna, Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň çap edilen taslamasynyň halkymyzyň arasynda

uly gyzyklanma döredip, ony ähli halk bolup ara alyp maslahatlaşmak işlerine raýatlarymyzyň uly buýsanç, çäksiz söýgi we uly ynam bilen gatnaşýandyklaryna doly göz ýetirýäris.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak döwletiň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu nukdaýnazardan hem döwlet Baştutanymyz özüniň çykyşlarynda döwletiň ýöredýän syýasatynyň düýp mazmunyny açyp görkezýän kadalary ýurdumyzyň Konstitusiýasynda beýan etmek barada birnäçe parasatly pikirleri öňe sürýär, olaryň düýp mazmuny döwletiň adamyň we jemgyýetiň bähbitlerine ykdysady işi düzgünleşdirýändigi, ähli halkyň abadanlygyna durnukly ösüşi üpjün edýändigi baradaky kadalarda jemlenýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasatyna laýyklykda, ýurdumyzda ähli ulgamlaryň deň derejede ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ähli işgärleri we işjeň agzalary bolup hormatly Prezidentimiziň daşyna has mäkäm jebisleşip, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly syýasatyny we alyp barýan belent işlerini tüýs ýürekden goldap, Esasy Kanunymyzy kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işlere işjeň gatnaşyp, konstitusion özgertmeleri geçirmegiň düýp mazmunyny, maksatlaryny hem-de wezipelerini ilata düşündirmekde hemişe öň hatarda boljakdygymyza ynandyrýarys.

Pena AŞYROW,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň guramaçylyk we syýasy işleri bölüminiň müdiri.