MILLI KANUNÇYLYGYŇ ÖSÜŞ UGURLARY

Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň on ikinji maslahatynda döwlet Baştutanymyzyň ynsanperwer syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanan möhüm kadalaşdyryjy-hukuk resminamalaryna garaldy. «Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň hem-de «2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Mejlisiň kararynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy we tassyklanyldy. Hukuk nukdaýnazaryndan synlanymyzda, býujet kanunçylygynyň umumy konstitusion kadalara esaslanyp, hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesine laýyklykda guralýandygyny we hereket edýändigini görmek bolýar.

Býujet işiniň we gatnaşyklarynyň her ýyl kabul edilýän kanun esasynda alnyp barylmagy durnukly ösüşi üpjün etmegiň hukuk binýady bolup durýar. Agzalan taslamalaryň milli parlamentiň ähli komitetlerinde, şeýle hem ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda deslapdan ara alnyp maslahatlaşylmagy Döwlet býujetiniň ähli görkezijileriniň sazlaşykly bolmagyny üpjün edýär.

«Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň mazmuny bilen tanşanyňda, onuň düýpli ylmy seljermelere esaslanýandygyny, türkmen halkynyň ýeten ýokary durmuş derejesini, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe geçirilýän il-ýurt bähbitli, giň gerimli özgertmeleriň maksatlaryna ýugrulandygyny aýratyn bellemek mümkin. Bu hukuk resminamasynyň kabul edilmegi giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat eder. Mälim bolşy ýaly, býujet belli bir möhlet üçin döwlet girdejileriniň we çykdajylarynyň ýazgysy bolmak bilen, döwlet, welaýat, etrap, edara, kärhana we her bir raýata niýetlenip çaklanýan girdejileriň we çykdajylaryň belli bir möhletdäki hasabyny aňladýan halkara maliýe adalgasydyr.

Ministrler Kabinetiniň 23-nji oktýabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Döwlet býujetiniň taslamasy babatda anyk maslahatlary berdi. Aýratyn hem häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetinde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirýän ýaramaz täsirlerini peseltmek hem-de bu ugurda kadaly ösüşi dowam etmek boýunça çäreleriň meýilleşdirilmelidigini belledi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz ykdysady pudaga we raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberini artdyrmagyň wajypdygyny aýdyp, alnyp barylýan önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyny dowam etmek üçin ýeterlik maliýe serişdeleriniň göz öňünde tutulmalydygyny, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmegiň, eksport edilýän harytlaryň möçberini artdyrmagyň, elektron senagaty döretmegiň döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini aýratyn nygtady. Şeýlelikde, esasy maliýe-hukuk resminamasy hasaplanýan Döwlet býujeti «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri amala aşyrmagyň hem-de pudaklaýyn döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipeleri ýerine ýetirmegiň esasy guraly bolup durýar. 2021-nji ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasynda pul serişdeleriniň 70 göterimden gowragynyň durmuş ulgamyny, hususan-da, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, döwlet durmuş üpjünçilik ulgamlaryny, ýaşaýyş-jemagat hojalygyny, umumy häsiýetli döwlet hyzmatlaryny ösdürmäge gönükdirilýändigi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 5-nji maddasyna laýyklykda, döwletimiziň her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýändigine şaýatlyk edýär. Işgärleriň zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň 10 göterim ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen çäreleriň býujetde anyk kesgitlenmegi aýratyn bellärliklidir.

Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň Konstitusiýasynda hem-de milli kanunçylyk ulgamynda teswirlenen ynsanperwer garaýyşlar, alym Arkadagymyzyň döwletlilik ýörelgeleri kanunlaryň mazmunyny we kanunçylyk işiniň maksatnamasyny kesgitleýär. Ýurdumyzyň milli hukuk ulgamy durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň kadalaşdyrylan beýany bolup durýar. Munuň şeýledigini «Türkmenistanyň Administratiw iş ýörediş kodeksini tassyklamak we herekete girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda», «Konsullyk gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalarynyň mysalynda görmek bolýar. Resminamalaryň mazmuny raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga, döwlet dolandyryşyny döwrebaplaşdyrmaga, jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga gönükdirilendir. Döwletlilik ýörelgeleriniň ýerine ýetirilmegi jemgyýetçilik aňynda kanuna, hukuga goýulýan hormaty artdyrýar.

Täze kabul edilen hukuk resminamalarynyň biri hem Türkmenistanyň  Administratiw iş ýörediş kodeksi bolup, ol döwlet edaralary bilen raýatlaryň arasyndaky hukuk gatnaşyklaryň döwrebap guralmagyny üpjün edýär. Ol kazyýet önümçiliginiň tertibini, iş ýörediş ýörelgelerini hem-de kazyýetde olara seretmegiň we çözmegiň düzgünlerini kesgitlemek bilen, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny berkitmäge hem-de ýurdumyzda hukuk düzgünleriniň pugtalanmagyna gönükdirilendir.

Kanunyň hökmürowanlygy, adam hukuklarynyň üpjün edilmegi durnukly ösýän döwletiň häsiýetli aýratynlygydyr, onuň raýatlarynyň ýaşaýşynyň tebigy kadasydyr. Şu nukdaýnazardan, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň deputatlar düzüminiň öňünde goýan möhüm wezipelerini nazara almak bilen, işlenip taýýarlanan we kabul edilen «Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hem möhüm ähmiýete eýedir. Kanun Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň işiniň guralyşyny, onuň palatalarynyň we prezidiumlarynyň, komitetleriniň we toparlarynyň, agzalarynyň hem-de deputatlarynyň iş tertibini, wezipelerini we ygtyýarlyklaryny kesgitleýär.

Halkara hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýän döwründe konsullyk gullugynyň hukuk esaslaryny, ýurduň çäklerinden daşarda onuň raýatlarynyň we ýuridik şahslarynyň hukuklaryny we bähbitlerini goramakda konsullyk wezipeli adamyň wezipelerini kesgitleýän «Konsullyk gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň kabul edilmegi aýratyn bellärliklidir. Bu resminama konsullyk gatnaşyklary babatda döwlet syýasatynyň döwrebap amala aşyrylmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Garalan taslamalaryň hatarynda hereket edýän kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek arkaly olary kämilleşdirmek möhüm orun tutýar. Milli kanunçylyk ulgamyna adam hukuklarynyň ösdürilmegi, bazar ykdysadyýetiniň kämilleşdirilmegi, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, jemgyýetçilik ýaşaýşynyň döwrebaplaşdyrylmagy, eýeçiligiň ähli görnüşleriniň deň hukuk goraglylygy ýaly ugurlarda hukuk binýadynyň durnukly ösüşi mahsusdyr.

Baky Bitarap Türkmenistan halkara hukugyň erkin we işjeň gatnaşyjysydyr. Munuň özi onuň döwlet Garaşsyzlygynyň we baky Bitaraplygynyň netijesidir. Alym Arkadagymyzyň halkara başlangyçlary esasynda häzirki döwürde ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy barha giň gerime eýe bolýar. Milli kanunçylyga esaslanyp, dürli ugurlardaky halkara hukuk resminamalaryny sazlaşdyrmak, halkara konwensiýalara goşulyşmak, ikitaraplaýyn halkara resminamalary ykrar etmek işleri hem ulgamlaýyn amala aşyrylýar. Munuň şeýledigini «Biologik dürlülik baradaky Konwensiýanyň Genetik baýlyklaryň elýeterliligini kadalaşdyrmak hem-de olary ulanmakdan gelip çykýan peýdany adalatly we deň derejede paýlaşmak hakyndaky Nagoýa Teswirnamasyna goşulmak hakynda», «Howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda», «Gümrük amallarynyň ýönekeýleşdirilmegi we sazlaşyklylygy hakyndaky halkara Konwensiýasyna goşulmak hakynda» Mejlisiň kararlarynyň taslamalarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy hem doly tassyklaýar.

Ýurdumyzyň milli hukuk ulgamynyň kämillik ýoly Konstitusiýanyň ýörelgeleýin kadalaryna esaslanyp, yzygiderli ösüşlere beslenýär. Şeýlelikde, Türkmenistanyň kanunçylygy durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň, jemgyýetiň ähli agzalarynyň, ýagny raýatlaryň, kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň kanunalaýyk hereketleriniň üpjün edilmeginiň, kanunyň düzgünleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň hukuk binýady bolup durýar.

Ýagmyr Nuryýew, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory, hukuk ylymlarynyň doktory

“Türkmenistan” gazeti

19.11.2020 ý

tags: