MILLI LIDERIMIZIŇ ÖSÜŞLER SYÝASATY

Islendik ýurtda amala aşýan özgerişleriň netijeliligi ilki bilen onuň saýlap alan ösüş ýolunyň aýdyňlygy we täsirliligi bilen kesgitlenýär. Hormatly Prezidentimiz özüniň «Bitarap Türkmenistan» atly kitabynda: «Türkmenleriň beýleki halklar bilen gatnaşyk edenlerinde mydama özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerinden ugur alandyklaryna taryh şaýatlyk edýär.

Türkmen halky hemişe-de islendik jedelli meseläni çözmegiň, ilki bilen parahatçylykly ýoluny öňe sürüpdir. Şu ýagdaýlara salgylanyp. taryhymyzyň özi şonda bize çylşyrymly ýagdaýdan çykmagyň dogry ýoluny görkezdi. Netijede bolsa, türkmen halky geljekki ösüşleriň ýeke-täk dogry ýoluny saýlap aldy» diýip, bu ýoly biziň häzir hem dowam edýänligimizi we oňa wepaly boljakdygymyzy belleýär. Ony biziň her günki durmuşymyz doly tassyklaýar.

Şu nukdaýnazardan üstümizdäki ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylmagynyň örän çuňňur manysy bar. Milli Liderimiz şu şygary häsiýetlendirip: «Bu sözler uly many-mazmuny özünde jemleýär. Bu sözler watançylyk ruhumyzy ýokarlandyrmaga, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen taslamalary we maksatnamalary amala aşyrmaga, ykdysady kuwwatyny berkitmäge, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga ýardam bermelidir» diýip belledi. Hormatly Prezidentimiziň hemişelik Bitaraplygyň täsirliligini açyp görkezýän şu pähimi onuň taryhy kökleri bilen bagly. Türkmen Bitaraplygy asyrlarboýy adamkärçilik, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýaly ajaýyp häsiýetleri özünde jemleýän mähriban halkymyzyň gadymy ýörelgelerinden, däp-dessurlaryndan gözbaş alyp gaýdýar. Biziň ata-babalarymyz kuwwatly döwletleri döredip, parahatçylygy, hoşniýetli goňşuçylygy ýörelge edinip, halklaryň özara gatnaşyklarynyň medeniýetini döreden bolsalar, öz durmuşynyň kyn, galagoply döwürlerinde dartgynly meseleleri gepleşikleriň, parahatçylykly ýollaryň üsti bilen çözmäge ymtylypdyrlar we bitaraplyk ýol-ýörelgelerini kemala getiripdirler. Hormatly Prezidentimiz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eserinde «Şükür bagşy» kinofilmini çagalykda görendigini ýatlap: «Bu film maňa örän uly täsir etdi. Gandöküşikli jeňe ýol bermän, garşydaşy sungatyň kömegi bilen ýeňip bolýan eken diýen açyşymy şondan bäri kalbymda saklaýaryn» diýip belleýär.

Bu gün milli Liderimiziň şol açyşa esaslanyp alyp barýan hemişelik Bitaraplyk syýasaty dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga gönükdirilen paýhas ýörelgeleri öňe sürýär. Şu ýyl hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy bellenilýär. Şu sene bilen baglanyşykly 14-nji ýanwarda «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna» atly halkara maslahat geçirildi. Hormatly Prezidentimiz bu maslahatda bitaraplyk ýoly bilen geçilen çärýek asyryň dowamynda hemişelik Bitaraplygymyzyň dünýäde parahatçylygy we durnukly ösüşi gazanmakda bitiren we bitirýän işlerini giňişleýin açyp görkezdi. Bu ýyl bu ugurda ýurdumyzda we halkara derejesinde köp sanly çäreler geçirilýär. Şu ýylyň başynda ähmiýetli işlere badalga berildi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiziň «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesi esasynda Owganystandaky ýagdaýyň kadalaşmagy ugrunda edýän ýadawsyz tagallalarynyň has işewürleşendigini bellemelidir. Goňşy döwlete tarap Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gazgeçirijisi bilen bir hatarda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň batly depginler bilen alnyp barylýandygy möhüm ähmiýete eýedir. Bu energiýa köprüleri Günorta Aziýa ýurtlarynda durnukly ösüşi gazanmaga hyzmat ederler. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy adamzadyň geljekki parahatçylykly we abadan ýaşaýşyny ykrar edýär we amal etmäge gönükdirilýär.

Şu ýylyň 24—25-nji fewralynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde «TOPH-i gaz geçirijisi parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň gaz geçirijisidir» atly halkara maslahaty geçirildi. Bu halkara foruma dünýäniň 42 ýurdundan öňdebaryjy kompaniýalaryň 113-sinden ýokary wezipeli wekilleriň 300-den gowragy gatnaşdy. Ol ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan iri we täsirli wakalaryň biri boldy. Forum ýurt Baştutanymyzyň dünýäde alyp barýan energetika diplomatiýasynyň ýörelgelerini hem-de ählumumy energetika howpsuzlygy ýaly möhüm ulgamda köptaraply deňhukukly gatnaşyklara taýýardygyny özünde jemledi we türkmen Bitaraplygynyň dünýäde uly orna eýedigini görkezdi.

Umuman, Bitaraplyk, milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biziň beýik baýlygymyzdyr. Onuň gymmaty dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edildi. Munuň özi parahatçylygyň we dostlugyň, ynsanperwerligiň hem-de hoşniýetliligiň dabaralanmagyny, hyzmatdaşlygy we ösüşi üpjün edýän taglymatdyr. Bu taglymat adamzadyň geljekki ösüşiniň ýol-ýörelgesidir. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek baradaky Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi biziň Watanymyzyň dünýä giňişligindäki ýokary abraýynyň, sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde ýurdumyzyň saldamly goşandynyň ählumumy ykrar edilmeginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasy boldy.

Gadymy türkmen ýurdunda demokratik döwlet, raýat jemgyýeti gurulýar. Özi hem şu hili özgeriş halkymyzyň asyl demokratik ýörelgeleri, dünýäniň ösen ýurtlarynyň syýasy tejribesi esasynda amal edilýär. Taryhyň uzak döwründe ýurtda wajyp meseleleri çözmekde giňden we netijeli ulanylan maslahatlar we geňeşler esasynda degerli çözgütleri tapmak ýörelgesi bu ýerde ýetilen uly dereje bolýar.

Ýurdumyzda geçirilýän konstitusion özgertmeler halkymyzyň şu ýörelgesini dünýäniň syýasy ylmynda we tejribesinde öňe sürlen gymmatlyklar bilen sazlaşdyryp, jemgyýetiň demokratik ösüşini hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilýär.

Şu nukdaýnazardan hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurtda iki palataly Parlamenti döretmek bilen baglanyşykly «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky» Konstitusion Kanunynyň taslamasynda göz öňünde tutulan hukuk kadalarynyň dolulygyna demokratik ýörelgelere esaslanýandygy bellärliklidir. Demokratiýa bolsa ilki bilen syýasy köpdürlüligiň şertlerinde jemgyýetdäki sosial toparlaryň bähbitlerini aňladyp we sazlap bilýän edaranyň bolmagy bilen bagly bolýar. Şonda syýasy köpdürlüligiň durmuşyň özüniň köpdürlüliginiň ýüze çykyş görnüşi bolýandygy sebäpli, ol biziň şertlerimizde bitewüligi göz öňünde tutýar. Diýmek, syýasy köpdürlülik sosial jebislik bilen berk baglanyşykly bolýar. Şonuň üçin ýurdumyzda kemala geljek iki palataly Parlament jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň bähbitlerini syýasatda aňlatmagyň wajyp guraly bolup çykyş eder.

Hakykatdan hem, bähbitler kämil kanunlaryň esasynda sazlanýar. Ýurtda iki palataly Parlamenti döretmegiň maksady hem kanunlaryň kämillik derejesini ýokarlandyrmak bolýar. Şu ýerde «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasynda şu wezipäni amal etmekde palatalaryň her biriniň orny we olaryň özara baglanyşygy anyk we aýdyň kesgitlenen. Taslamada Mejlis öz baý tejribesine esaslanyp, Türkmenistanyň kanunlaryny kabul edýändigi bellenilýär. Halk Maslahatynyň kanunçykaryjy ulgamdaky ähmiýeti, onuň umumydöwlet bähbitleriň esasynda kanunlara garaýanlygy bilen bagly bolany sebäpli, bu wezipäni amal etmek üçin wekilçilikli palatanyň düzümini kemala getirmäge aýratyn üns berlen.

Taslamada Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty palatasynyň düzümine her welaýatdan we Aşgabat şäherinden deň derejede, ýagny 8 adamyň gizlin ses bermek arkaly welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň degişli mejlislerinde saýlanýanlygy, şonuň ýaly-da bu düzüme 8 adamyň Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenýänligi göz öňünde tutulýar. Özi hem bu palatanyň düzümine 30 ýaşy dolan, ýokary bilimi bolan we soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatynyň saýlanyp we bellenip bilinýändigi aýdylýar. Şu düzgün esasynda ýurdumyzyň ähli çäklerinden Halk Maslahatynyň düzümine jemlenen 56 agza, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, umumydöwlet bähbitlerini ähli zatdan ýokarda goýmak nukdaýnazaryndan ilatymyzyň ähli gatlaklarynyň bähbitlerini aňlatmaga we bitewüleşdirmäge ukyply boljakdyklary gümansyzdyr.

Jemgyýetimiziň syýasy ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler hakykatdan hem jemgyýetde demokratik kämilleşme ugrundaky öňe ädilýän ädimleriň has ynamlylyga eýe bolup. Konstitusion Kanunyň taslamasynda kesgitlenen çözgütler kanunçykaryjy häkimiýetiň işini hil taýdan täze derejä çykarmaga doly esas döredýändigi bellärliklidir. Ýurdumyzyň kanunçykaryjy ulgamyny kämilleşdirmek biziň ýaş döwletimiziň ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde gazanan we gazanýan üstünliklerini berkitmekde we ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolar.

Şu ylyň 3-nji iýunynda ýurdumyzda halkara baýramy — Bütindünýä welosiped güni giň gerimde we dabaraly bellenildi. Şol gün hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişiň başlanýan ýerinde dabaraly ýagdaýda «Welosiped» binasyny açyp, baýramçylyga badalga berdi. Bu baýramçylyk sagdyn durmuş ýörelgeleriniň jemgyýetimize ornaşyşynyň görkezijisi boldy. Bilşimiz ýaly, 2018-nji ýylda milli Liderimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. Şu ýylyň 2-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara welosipedçiler birleşiginiň (UÇl) prezidenti Dawid Lappartýen hem-de «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy, Halkara welosipedçiler birleşiginiň Ýolbaşçy komitetiniň agzasy Igor Makarow bilen onlaýn duşuşygynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu guramanyň iň ýokary sylagy bilen sylaglanandygy habar berildi. Bu ugurda gazanylýan üstünlikler hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgä daýanyp, adamy mertebelemek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek bilen bagly şu günüň gaýragoýulmasyz meselelerini çözmek taglymatynyň ajaýyp miwesidir. Bu taglymat adamzadyň geljekki ösüşiniň ýol-ýörelgesidir.

Şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly ýokary derejeli maslahat geçiriler. Bu maslahat hemişelik Bitarap Türkmenistanyň, milli Liderimiziň dünýädäki at-abraýyny has hem ýokarlandyrar, onuň halkymyzyň we adamzadyň geljekki ösüşine etjek täsiriniň artmagyna täze esaslary kemala getirer. 2019-njy ýylyň sentýabr aýynyň başynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilmegi baradaky Kararnamanyň kabul edilmegi milli Liderimiziň türkmen halkynyň öz taryhynyň dowamynda döreden gatnaşyklar medeniýetini täze şertlerde döretjekdigine we adamzadyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmäge saldamly goşandyny goşjakdygyna bolan ynamy bilen baglydyr. Bu ynam halkymyzyň gurujylyk, döredijilik ukyplarynyň ýokarlanmagyna bolan ynamdyr. Bu hem halkymyzyň syýasy işewürligini artdyryp, ýurdumyzy geljekki ösüşlere we özgerişlere alyp barýar.

Nurýagdy SUWHANOW,

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory,

«Galkynyş» gazetiniň syýasy synçysy.