MILLI MIRASYMYZ – RUHY BAÝLYGYMYZ

Gahryman Arkadagly ýurdumyzyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenip, toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşýar. Halkymyzyň döredijilik ruhunyň beýany bolup, jemgyýetçilik durmuşymyza özboluşly öwüşgin çaýýan baýramlarymyzyň biri hem Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet günüdir. Gadymy türkmen topragyny uly dabaralara besleýän bu baýramyň joşguny milletimiziň mizemez agzybirliginiň we Magtymguly Pyragynyň amala aşan arzuwynyň nyşany bolup dünýä ýaň salýar.

Milli medeniýetde halkyň ýol-ýörelgesi, ruhy dünýäsi, şöhratly taryhy, milli gymmatlyklary özboluşly şöhlelenýär. Medeniýetiň ösdürilmegi sungatyň ähli ugurlaryny kämilleşdirmäge, edebiýaty döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmaga ýardam berýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda medeniýet ulgamynda gazanylan üstünlikleri dünýä ýaýmak, bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, ýokary derejeli medeni çäreler geçirilýär. Diýarymyzda her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň güni bilen bilelikde Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň giňden bellenilmegi, onuň çäklerinde-de medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi milli medeniýetimizi ösdürmäge mümkinçilik berýär.

Medeniýet edep-ekramlylygy, sowatlylygy, çuňňur düşünjeliligi öz içine alýar. Medeniýet işgärleri halka ruhy lezzet, ruhubelentlik, gözellik paýlaýar. Biziň milli medeniýetimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has hem pajarlap ösýär. Bu ösüşleriň sakasynda Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň durmagy buýsanjymyzy goşalandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň medeniýet ulgamy bilen baglanyşykly edýän çuň manyly çykyşlary, ylmy-seljermeleri we çeper eserleri milli medeniýetimiziň ösmegine uly itergi berýär. «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da

bar, sapa-da» atly kitaplar seýisçilik sungatyna bagyşlanan ajaýyp eserlerdir. «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly eserler enelerimiziň gadymdan gelýän haly sungatyna, gelin-gyzlaryň naýbaşy sungaty bolan el işlerine bagyşlanandyr. Döwlet Baştutanymyz gelin-gyzlaryň çeper el sungatyna özüniň ajaýyp eserlerinde ýokary baha berýär we olary üýtgewsiz nusgada nesillere ýetirmegi sargyt edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Medeni gözelliklerimize nazar aýlap, onuň döreýiş köklerini yzarlamak, kämilleşiş ugurlaryny seljermek, bu ugurda gazanylýan täze üstünliklere begenmek meniň üçin diýseň guwançly» diýen ganatly sözleri milli medeniýetimiziň pajarlap ösmegine giň ýol açylýandygyna güwä geçýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Diýarymyzyň medeniýet ulgamynda gazanylýan üstünlikler sanardan köp. Medeniýet ulgamynda gazanylýan üstünlikleri dünýä ýaýmak, bu ugurda alnyp barylýan işleri has hem kämilleşdirmek maksady bilen halkara derejesinde-de dürli çäreler yzygiderli geçirilýär. Edebiýatyň taryhynda şygryýet dünýäsi bilen öçmejek yz goýan Magtymguly Pyragynyň çeper döredijiligi ynsan üçin bahasyna ýetip bolmajak edebi gymmatlykdyr. Dana şahyryň paýhasyndan dörän dürdäne setirler özüniň çuň manysy we çeperçiligi bilen her bir ynsanyň kalbyna gözellik çaýýar. Türkmen döwletiniň agzybirligini, jebisligini, halkyň göterilen beýik ykbalyny, bagtyýarlyk eýýamyny arzuwlan Magtymguly Pyragy özüniň çeper döredijiligi bilen dünýä halklarynyň kalbynda-da müdimilik ýaşap gelýär. Şahyryň çuň many-mazmunly şygyrlary adamzat ýaşaýşynyň ruhy çeşmesine öwrüldi. Söz ussadynyň agzybirlikde, jebislikde, parahatçylykda, bir supranyň daşyna jem bolup, bir döwlete gulluk etmäge çagyran dana pikirleri, öwüt-nesihatlary halkymyzyň we döwletimiziň milli ýörelgesine öwrüldi.

Bu günki günde beýik akyldaryň arzuwlan bagtyýar zamanasy hasyl boldy. Erkana ýola düşen türkmen halky Gahryman Arkadagymyz bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe asuda we abadan durmuşda ýaşaýar, döredýär, gurýar.

Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp geçirilýän dabaralaryň milli medeniýetimizi ösdürmekde, ony dünýä ýaýmakda, dünýäde ynsanperwer hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde, dost-doganlygy berkitmekde, döwletleriň, halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze, has ýokary derejelere çykarmakda, Magtymguly Pyragynyň döredijiligini, adamzada goýan baý mirasyny öwrenmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmekde örän uly ähmiýeti bardyr.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy hem beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde milli Liderimiziň berýän tabşyryklaryndan, beýik maksatlaryndan ugur alyp, ýaşlarymyza milli gymmatlyklarymyzyň taryhyny düýpli öwretmek, many-mazmunyny düşündirmek, watançy nesli kemala getirmek boýunça netijeli işleri alyp barýarlar.

Hormatly Prezidentimizi, ähli türkmen halkymyzy Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de beýik akyldar, türkmeniň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Baýramçylyklarymyzy şeýle ýokary derejede bellemäge mümkinçilik berýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Pena AŞYROW,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň guramaçylyk we syýasy işleri bölüminiň müdiri.

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşigine.