MILLI ÝÖRELGELERDEN UGUR ALYP

Düýn paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Türkmenistanyň Hаlk Maslahaty: döwletiň syýasy-jemgyýetçilik ulgamyny kämilleşdirmekde täze badalga» atly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Mejlisi, Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleri, Ylymlar akademiýasy, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guralan maslahat Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňümizdäki mejlisine bagyşlandy. Oňa çäräni guraýjy edaralaryň köp sanly wekilleri, ýaşululardyr talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda çykyşlara giň orun berildi. Halk Maslahaty ýurdumyzyň ähli raýatlarynyň dürli gatlaklarynyň tekliplerini, isleg-arzuwlaryny jemläp, olary zähmete, döredijilige ugrukdyrýan ýokary wekilçilikli edara hasaplanýar. Şonuň netijesinde bolsa, demokratik döwlet gurmagyň esasy alamatlarynyň biri — raýat jemgyýeti kemala gelýär. Raýat jemgyýetiniň kämilleşen görnüşi hökmünde Türkmenistanyň Halk Maslahatyny mysal getirmek mümkin. Maslahatda onuň hukuk esaslary, kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegi ugrunda alnyp barylýan işler, bu ugurda hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan işleriniň ähmiýeti dogrusynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kafedra müdiri Italmaz Saparlyýew öz çykyşynda belledi. Ol raýat jemgyýetiniň her bir raýatyň nukdaýnazaryndan alanynda, şol jemgyýetiň işjeňligine, döredijiligine, zähmetine döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçilikler bilen baglylykda döreýändigini nygtady. Şeýle-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 3-nji maddasynda «Türkmenistanyň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar, halk döwlet häkimiýetiniň ýeketäk gözbaşydyr» diýlip kesgitlenişi ýaly, häzirki zaman türkmen jemgyýetinde adama bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk hökmünde garalýandygy bellenip geçildi.

2017-nji ýylyn oktýabr aýynda Ahal welaýatynda geçirilen Ýaşulular maslahatynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakyndaky» hem-de «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna goşmaça girizmek hakyndaky» Konstitusion kanunlar kabul edildi. Şona laýyklykda, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan wagyz-nesihat çäreleri, ylmy-amaly maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bölüm müdiri Myrat Tuwakow şol çäreleriň ähmiýeti we netijeleri dogrusynda çykyş etdi. Şeýle-de Halk Maslahatynyň geçen ýyl geçirilen ilkinji mejlisiniň ýurdumyzyň syýasy ulgamyny kämilleşdirmekde möhüm ädim bolandygyny, onda kabul edilen çözgütleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini nygtady.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň kafedra müdiri Atajan Burunow öz çykyşynda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän ajaýyp özgertmelere şaýat bolmagyň, olaryň ähmiýetini il-güne düşündirmegiň uly mertebedigini buýsanç bilen belledi. Halypa mugallym öz çykyşynda: «Biziň halkymyz «Ykbalynyň ugran ugry oň görner», «Döwlet gonsa goç ýigidiň başynda, hemaýaty — ili gerek daşynda» diýen paýhasly jümleleri döredipdir. Şeýle setirleriň süňňünden halkyň agzybirligi, jebisligi, bir başa gulluk edip, bagtyýar ömür sürmegi ýaly düşünjeler gelip çykýar. Hut şoňa görä-de, häzirki wagtda agzybir halkymyz hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşip, pederlerimizden gelýän ýoly mynasyp dowam etdirýär. Bu babatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň örän uly ähmiýeti bar. Maslahata jemgyýetiň ähli gatlagynyň wekilleriniň gatnaşmagyna, öz pikirini aýtmagyna mümkinçilik döredilmegi döwletimizde demokratiýanyň dabaralanmagyna, raýatlaryň hukuklarynyň goralmagyna ýol açýar. Il bilen maslahat edip, döwlet ähmiýetli çözgütleri halka geňeşip kabul etmek türkmeniň uzak asyrlardan gelýän milli ýörelgesi. Bu nämäni görkezýär? Birinjiden, aýanlyk-açyklyk ýagdaýynda jemgyýetçilik pikiriniň nazara alnyp, döwrebap, anyk çözgütleriň kabul edilmegini, ikinjiden, kanunyň hökmürowanlygyny. Biziň ählimiz kanunyň öňünde deň. Pederlerimiz «Dartyşana dar, geňeşlä giň dünýä» diýipdir. Olar birek-birege hormat goýmagyň, türkmençiligi ülňi edinmegiň nusgalyk ýoluny döredipdir. Şol ýol bagtyýarlyk döwrümizde mynasyp dowam etdirilip, hormatly Prezidentimiziň işläp düzen öňdengörüjilikli taglymatlarynda, maksatnamalarynda öz beýanyny tapýar. Olaryň amala aşmagynda halkyň agzybirligi, döwlet bilen halkyň, jemgyýet bilen her bir raýatyň arasyndaky sazlaşygyň saklanylmagy örän möhümdir» diýip, öňümizdäki forumyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Maslahatdaky çykyşlardan görnüşi ýaly, döwletimizde syýasy köpdürlüligiň we köp partiýalygyň döwründe geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahaty jemgyýetimizde demokratiýanyň has giňden ýaýbaňlanmagyna täze esaslary döredýär. Şeýle özgeriş türkmen jemgyýetinde her bir adamyň syýasy medeniýetini artdyryp, netijeli zähmet çekmegine mümkinçilik açýar. Bu babatda Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň bölüm müdiri, Türkmenistanyň halk lukmany Öwezdurdy Hümmedow öz çykyşynda belledi. Ol Halk Maslahatynyň demokratik däpleri dowam etdirmek bilen birlikde, döwletimiziň senagat taýdan ösen ýurtlaryň hataryna goşulmagyndaky ähmiýeti dogrusynda belledi. Şoňa laýyklykda, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan köpugurly içeri we daşary syýasaty esasy iki meseläni öz içine alýar. Birinjiden, esasy öndüriji güýçler, innowasion tehnologiýalar esasynda ýurdumyzy senagat ýurduna öwürmek, ikinjiden bolsa, ösen aň-düşünjeli nesli kemala getirmek, adamlaryň aň-paýhas ýörelgeleri esasynda gurýan, döredýän jemgyýetini döretmek. Bularyň esasy görkezijisi bolsa ösen medeniýet, agzybirlik we jebislik bilen baglanyşyklydyr.

Şeýle medeniýete eýe bolan jemgyýetde türkmen demokratiýasy milletiň adamy beýgeldýän medeni-ruhy mirasyny we adamzadyň syýasy tejribesini özüne siňdirip, raýatlaryň syýasy işewürligini ýokarlandyrýar. Şonuň üçin-de, milli ykdysadyýeti bazar ykdysadyýetine geçirmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti juda uly.

Maslahatdaky çykyşlardan görnüşi ýaly, milli demokratiýanyň dabaralanmagynda nobatdaky ädim boljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi türkmen taryhynda täze sahypany açar. Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlarynyň çawuny ýene bir ýola giň jahana äşgär eder.

Muhammet BEKGIÝEW.

«Türkmenistan».

 

tags: