MILLI TERBIÝE MEKDEBI

Kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmek ähli döwürde-de halkymyzyň üns merkezinde saklaýan esasy meselesi bolupdyr. Çünki terbiýeli perzentler öý-ojagyň oduny alawladyp, Watanyň şöhratyny, milletiň mertebesini Arşa göteripdirler. Halkymyzyň milli gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny, milli terbiýäniň özboluşly mekdebini döredipdirler.

Ýüzýyllyklaryň dowamynda halkymyz tarapyndan döredilen terbiýe mekdebiniň milli ruhy gymmatlyklaryň esasynda ýaşlary terbiýelemek, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ýeten derejesine buýsanýan, jemgyýete wepaly, zähmetsöýer, döwrüň ösen innowasion enjamlaryndan, sanly ulgamdan ussatlyk bilen baş çykarýan ylymly-bilimli, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşlerine mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek häzirki döwrüň hem möhüm meselesi bolup durýar. Çünki bu günki ýaş nesiller berkarar döwletimiziň ertirki ýüzüdir. Geljekde döwletimiziň ösüşleri, jemgyýetimiziň sagdynlygy köp derejede şu günlerki ýaşlara berýän terbiýämize bagly bolup durýar. Onsoň hormatly Prezidentimiziň nesil terbiýesini döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde öňe çykaryp, ýaş raýatlarymyzy aýratyn alada bilen gurşap almagynyň esasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ertirleriniň has nurly bolmagy baradaky öňdengörüjilikli aladanyň durýandygy düşnüklidir. Ýaş nesliň terbiýe meselesiniň nähili wajypdygyny hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 26-njy fewralynda döwlet ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmegiň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmak maksady bilen geçiren maslahaty ýene bir gezek bütin aýdyňlygy bilen ýüze çykardy.

Ýaşlaryň işi, durmuşy, okuwy we dynç alşy bilen bagly meselelere garalan maslahatda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda amala aşyrylýan özgertmelere, dürli jemgyýetçilik çärelerine ýaş nesilleriň işjeň gatnaşdyrylmagy, telekeçilik işlerine giňden çekilmegi döwrebap terbiýäniň esasy ugurlary hökmünde häsiýetlendirildi. Şeýle hem milli Liderimiz ýaşlaryň ara synda hünär bäsleşiklerini guramak bilen bagly işleriň giňden alnyp barylmagyna ünsi çekip, bu işiň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda guralmagy meýilleşdirilen çäreleriň özenini düzmelidigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiziň ýakynda saglygy goraýyş we bilim meseleleri boýunça geçiren maslahaty ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm waka boldy. Maslahatda milli Liderimiz ýiti öýken sowuklama keseliniň ýüze çykmagyna garşy anyk we toplumlaýyn çäreleriň alnyp barylmalydygy barada wezipeleri goýdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz maslahatda häzirki döwürde maglumat tehnologiýalarynyň ýokary depginler bilen ösýändigini, dünýä ylmynyň gazananlarynyň we okatmagyň öňdebaryjy usullarynyň yzygiderli täzelenip durýandygyny nazara alyp, halkymyzyň milli däp-dessurlary we dünýä tejribesi esasynda bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda okatmagyň innowasion usullarynyň hem-de öňdebaryjy mugallymçylyk tejribeleriniň ornaşdyrylmalydygyna ünsi çekdi.

Gahryman Arkadagymyzyň täze gurulýan orta mekdepleriň ýanynda degişli çagalar baglaryny mekdep bilen birleşdirip okuw toplumlaryna öwürmek, bu toplumlara degişli çagalar baglarynda okuwçylary taýýarlamak, umumybilim berýän mekdeplerde çagalaryň we ýaşlaryň täze tehnologiýalardan oňat baş çykarmaklary üçin robot tehnologiýasy ugurly orta mekdepleri açmak, orta mekdepleriň 7 — 14 ýaşly okuwçylaryny özünde birleşdirýän Türkmenistanyň «Altyn nesil» atly çagalar guramasyny döretmek, okuwda we jemgyýetçilik işlerinde ýokary netijeleri gazanýan çagalary altyn, kümüş, bürünç medallar bilen sylaglanmak, ýokary synplarda ökde okaýanlara Prezident okuwçy hakyny gowşurmak ýaly öňe süren teklipleri, öňde goýan wezipeleri welaýatymyzyň ýaşaýjylarynda, esasanda, mugallymlarda we okuwçy ýaşlarda uly ruhubelentlik döretdi.

TDP-niň welaýat, şäher, etrap, ilkinji guramalary beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde häzirki wagtda milli Liderimiziň ýaşlar syýasatynyň hemde bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça öňe süren başlangyçlarynyň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek, wagyz-nesihat etmek boýunça dürli çäreleri giňden ýaýbaňlandyrdylar.

Bu çärelere gatnaşýan bagtyýar raýatlarymyz ýurdumyzy gülledip ösdürmek, bagtyýar geljegimiz bolan ýaşlarymyzyň bilimli, hünärli, sagdyn şahsyýetler bolup ýetişmekleri barada uly işleri amala aşyr ýan Arkadag Prezidentimize müň keren alkyş aýdýarlar.

Myrat ATAÝEW,

TDP-niň Mary welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.